Galla oragy gyzyşýar

10 Iýun 2024
140

Şu ýylyň bugdaý hasylyny ösdürip ýetişdirmek üçin 690 müň gektar ýer bölünip berildi. Şonça ýerden 1 million 400 müň tonna, şol sanda Ahal welaýatynda 400 müň, Mary welaýatynda 345 müň, Lebap welaýatynda 310 müň, Daşoguz welaýatynda 265 müň, Balkan welaýatynda hem 80 müň tonna galla hasylyny ýygnap almak wezipesi öňde goýlup, oba hojalyk ýerlerinde bugdaýyň ýokary hasylly görnüşleri ekildi.

Galla oragy möwsüminde tutuş ýurdumyz boýunça bugdaý ýygyjy kombaýnlar, döwrebap ýokary öndürijilikli tehnikalar işlediler. Olar gije-gündiz işlemek bilen, ekerançylaryň ýetişdiren bol hasylyny çalt we ýitgisiz ýygnap almaga ýardam eder. Şeýle hem göçme mehaniki-abatlaýyş toparlarynyň ýüzlerçesi hyzmat edip, galla oragy möwsümine gatnaşýanlaryň ählisi üçin zerur bolan durmuş şertleri üpjün ediler, ýerlerde sungat ussatlarynyň çykyşlary, göçme söwda nokatlary guralar. Oba hojalyk möwsümi üçin ulag serişdeleri, «Türkmenstandartlary» baş döwlet gullugynyň hünärmenleriniň gelip gowuşýan galla hasylynyň hilini anyklamaklary üçin barlaghanalar taýýarlanyldy.

«Watan».
Beýleki habarlar