Hususyýetçileriň goşandy

12 Iýun 2024
185

Hormatly Prezidentimiziň ýurdumyzyň içerki bazarlarynda öz topragymyzda öndürilýän önümleriň hasabyna azyk bolçulygyny pugtalandyrmak, önümleriň bahalarynyň elýeterliligini gazanmak hakyndaky sargytlaryna mynasyp jogap berýän babadaýhanlarymyz ýylyň-ýylyna azyklyk ekinleriň dürli görnüşini ýetişdirip, önümleriň bol hasylyny kemala getirýärler. Bu işe Kerki etrabynda oba hojalyk ekinlerini ekip, bol hasyl alýan hususyýetçiler hem uly goşant goşýarlar.

Şeýle hususyýetçileriň birisi Artur Hallakow hem topraga ak ýürekden hyzmat edýär. Ol geçen ýylyň güýzünde sogan eken 5 gektar meýdanyndan 125 tonnadan geçirip hasyl almagy başardy. Artur özüniň zähmetiniň ýerine düşendigini begenç bilen bize buşlady. Batyr Rozyýew hem etrapda ýerden bol hasyl öndürmegi başarýan tejribeli hususyýetçileriň biri hasaplanylýar. Ol ýylyň-ýylyna özüniň 4 gektarlyk ýyladyşhanasynda pomidor ösdürip ýetişdirip, ýurdumyzyň azyk bolçulygyna mynasyp goşant goşýar. Batyr geçen ýyl 338, 5 tonna pomidor hasylyny ýygnap, ildeşlerimize hödürledi. Üstümizdäki ýylda hem telekeçi ýigidiň yhlasly zähmeti ýerine düşýär. Pomidoryň bol hasyly kemala getirildi. Häzire çenli 230 tonnadan gowrak pomidor hasyly ýygnalyp, bazarlara çykaryldy. Biýaralarda hasyl entek köp. Ýene-de 100 tonnadan gowrak hasyl ýygnamaklyk göz öňünde tutulýar. Ýeralmadan we gök-bakja ekinlerinden bol hasyl ýetişdirmekde hem hususyýetçiler yhlasly zähmet çekýärler. Ilatyň saçagynda dürli önümleriň bolçulygyny döredýän hususyýetçiler ene ýere hyzmat etmegiň gowy göreldesini görkezýärler.

Ödegeldi KULYÝEW,
ýörite habarçymyz.
Beýleki habarlar