Işine yhlasly telekeçi

12 Iýun 2024
172

Ýurdumyzy ýokary depginler bilen ösdürmeklige, milli ykdysadyýetimizi pugtalandyrmaklyga saldamly goşant goşmak ugrunda telekeçilerimiz guwandyryjy işleri alyp barýarlar. Olar öndürýän önümleriniň görnüşlerini, hilini, bäsleşige ukyplylygyny ýokarlandyrmak bilen öz öňlerinde goýlan wezipeleri mynasyp ýerine ýetirýärler. Ýurdumyzda önüm öndürijilere goldaw bermek baradaky döwlet syýasatynyň üstünlikli amala aşyrylmagy netijesinde welaýatymyzda hususy hojalyklarynda halkyň islegli önümlerini öndürýän, iş başarjaň hususyýetçiler az däl. Olaryň biri hem Köneürgenç etrabynyň Täze güýç geňeşliginiň Gumgala obasynyň ýaşaýjysy, Türkmenistanyň Senagatçylar we telekeçiler birleşmesiniň agzasy Ýagşymyrat Altyýewdir. Ol birnäçe ýyldan bäri oba hojalyk ekinleri üçin örän peýdaly, ekologik taýdan arassa dökün bolan biogumus öndürýän gyzyl kaliforniýa ýagyş gurçuklaryny köpeldip, ony welaýatymyzyň toprak-howa şertlerine uýgunlaşdyrmak bilen meşgullanyp gelýär. Biogumus düzümindäki iýmit maddalary ösümlik üçin örän peýdaly bolan organiki dökün. Ol topragyň tebigy gurplulygyny tiz dikeldýär, ösümligiň gögermegini, ösüşini çaltlaşdyrýar we hasyllylygyny ýokarlandyrýar. Düzümi dürli mikro elementlere baý bolan bu dökün ekinleriň immunitetini ýokarlandyrmak bilen, olaryň sowuga, gurakçylyga we zyýankeşlere garşy göreşmek häsiýetini güýçlendirýär.

— Gyzyl kaliforniýa gurçuklaryny welaýatymyzyň ýerli toprak-howa şertlerine uýgunlaşdyrmak birbada aňsat bolmady. Men ilki iki ýyla golaý bu gurçuklardan önüm alyp bilmedim. Beýleki ýerlerdäki biogumus öndürýänleriň iş tejribeleri, bu baradaky ylmy makalalar, internet maglumatlary bilen köp gyzyklandym. Şonda bu gurçuklaryň biziň howa şertlerimize öwrenişmeýändigine göz ýetirdim. Onsoň olara ýörite enjamyň kömegi bilen arassalanan agyz suwuny berdim. Şondan soň gurçuklaryň işjeňligi artdy. Soňra olary kem-kemden ekinleri suwarmakda ulanýan akar suwumyza öwrenişdirdim. Gurçuklar gyş aýlarynda 60 santimetr galyňlykdaky dersiň aşagynda gyşlaýarlar. Irbahar olar işjeňligine başlaýarlar. Şonda olary täze ýere geçirip, üstlerine 20 santimetr galyňlykda mal dersini we dürli iýmit galyndylaryny düşeýärin. Her 20 — 25 günden galyndy gatlagyny 10 santimetr galňadýaryn we zerur mukdarda suw bilen üpjün edýärin. Gyzyl ýagyş gurçuklary 16 — 30 dereje howa şertlerinde önüm öndürmäge has ukyply bolýarlar. Ýylda iki gezek – awgust we dekabr aýlarynda gurçuklaryň önümini alýaryn. Her möwsümde 100 tonna biogumus we 1 müň guta golaý gyzyl ýagyş gurçugyny öndürýärin. Eger daýhanlar, bagbanlar, fermerler gyzyl ýagyş gurçuklaryny özleriniň hojalyklarynda idedip, ekologik taýdan arassa biogumsy öndürseler, olar üçin has amatly bolar — diýip, erjel telekeçi ýigit bu ugra höwes edýänlere kömek-goldaw bermäge hemişe taýýardygyny aýdýar.

Annageldi BEKIÝEW,
öz habarçymyz.
Beýleki habarlar