''Demokratiýa we hukuk'' žurnaly

Esaslandyryjysy: Türkmenistanyň Döwlet, hukuk we demokratiýa instituty
Salgysy: Aşgabat şäheri, A. Nowaýy köçe 2022 jaý 86
Telefon belgileri: 38-06-00

Makalalar

Jogapkärli möwsüm

Hormatly Prezidentimiziň gowaça hasylyny atyzlardan soňky hanasyna çenli ýygnap almak baradaky tabşyryklaryndan ugur alyp işleýän Sarahs etrabynyň oba zähmetkeşleri häzirki jogapkärli möwsümiň her gününde netijeli peýdalanýarlar. Üstümizdäki şanly ýylda etrabyň babadaýhanlary 35 müň 800 tonna “ak altyny” taýýarlap, Watan harmanyna goşmagy belent maksat tutundylar. Bu arzyly sepgide ýetmekde olaryň häzirki günlerde çekýän tutanýerli zähmeti möhüm ähmiýete eýedir. Pagta ýygymynda döwletimiz tarapyndan satyn alnyp, daýhanlaryň ygtyýaryna berlen kämil tehnologiýaly kuwwatly pagta ýygyjy kombaýnlaryň hyzmatyndan ýerlikli peýdalanylýar. Mehanizatorlar özlerine berkidilen “polat atlaryny” saz işledip, jogapkärli möwsüme saldamly goşant goşýarlar. Ökde ýygymçylar, kärendeçiler hem ýygymda yhlaslylyk görkezýärler. Türkmenistanyň Demokratik partiýasynyň etrap komitetiniň wekilleri bolsa, ýygym möwsüminde pagtaçylaryň arasynda bolup, bu jogapkärli işiň ähmiýetini düşündirýärler, öňdebaryjylary sylaglaýarlar.

Önümler ter saklanylýar

«Daşoguzmiwe» oba hojalyk senagat birleşiginiň döwrebap ammaryna welaýatyň daýhan birleşiklerinde, ençeme daýhan hojalyklarynda ýetişdirilen, şeýle-de aýry-aýry kärendeçiler tarapyndan öndürilen dürli miweleriň, gök we bakja ekin önümleriniň täze tapgyry gelip gowuşdy. Önüm öndürijiler bilen baglaşylan şertnamalar esasynda şu ýylyň 10 aýynda bu ammar ýeralmanyň 3 müň 679 tonnasyny, soganyň 555, gawundyr garpyzyň, kädiniň jemi 151, hyýaryňdyr pomidoryň 4 müň 500 tonnadan gowragyny kabul etdi. Önümler degişli edaralara we ilata tapgyrlaýyn ugradyldy. Sahawatly güýz paslynyň häzirki günlerinde käşir, sogan, kelem ýaly gök önümleriň bol hasyly ýygnaldy we bu iş gyzgalaňly dowam etdirilýär. Ýylyň bütin dowamynda saçaklara bezeg berýän bu önümler kärhananyň iň kämil tehnologiýalar bilen enjamlaşdyrylan ýörite jaýlaryna ýerleşdirilýär. Indi ýedi ýyl bäri netijeli işleýän ammar welaýat merkeziniň senagat önümçiliginiň ençeme kärhanalarynyň jemlenen günbatar künjeginde ýerleşýär. Ol gök we miwe önümleriniň 3 müň tonnasyny ýylyň dowamynda terligine saklamaga niýetlenendir. Umumy meýdany 3,6 gektara barabar bolan ammaryň çäginde aýry-aýry jaýlarynyň 23-si ýerleşýär. Olarda ýylyň her pasly üçin önümleriň zaýalanmazlygyny üpjün edip

Ak ekiniň idegi

Ak bugdaý etrabynyň ak ekin ussatlary geljek ýylyň hasyly üçin 26 müň gektar meýdana däne ekip, şu günler ekiniň idegini agrotehnikanyň kadalaryna laýyklykda alyp barýarlar. Gögeriş suwuny tutmak, mineral dökünler bilen iýmitlendirmek işlerine aýratyn jogapkärçilikli çemeleşýän oba zähmetkeşleri ýaşajyk maýsalaryň kadaly boý almagyny hem gazanýarlar. Ekin meýdanlara özboluşly görk goşýan ýaşajyk maýsalar özlerine oňat garaşyk edilýändigini buşlaýar. Etrabyň Magtymguly adyndaky daýhan birleşiginiň, «Üzümli toprak», «Ak üzüm» daýhan hojalyklarynyň ekerançylyk meýdanlarynda alnyp barylýan işler has-da göwnüňi göterýär. Agzalan hojalyklarda ak ekine ideg etmek işlerinde ýokary tehnologiýaly oba hojalyk tehnikalaryň hyzmatyndan örän netijeli peýdalanylýar.

Soňky hanasyna çenli

Tejen etrabynyň pagtaçylary meýdandaky «ak altyny» soňky hanasyna çenli ýygnap almakda yhlasly zähmet çekýärler. Bu işde etrabyň «Babadaýhan» daýhan birleşiginiň zähmetsöýer kärendeçileri has-da işjeňlik görkezýärler. Ýygymda el kömeginden, etrabyň tehniki hyzmat ediş kärhanasynyň kuwwatly pagta ýygyjy kombaýnlarynyň güýjünden ýerlikli peýdalanylýar. Bu hojalykda bolup, zähmetsöýer kärendeçi Tagandurdy Ataýew bilen duşuşanymyzda ol bize şeýle gürrüň berdi: — Arkadag Serdarly bagtyýar ýaşlar ýylynda kärende ýerimde 2 gektar meýdanda gowaçanyň bereketli hasylyny ýetişdirip, häzire çenli Watan harmanyna 5 tonna golaý hasyl goşdum. Häzir artdyrylan borçnamanyň hasabyna pagta tabşyrýarys. Möwsümiň ahyryna çenli ýene-de üç tonna hasyly ýygnap, harmana goşmagy maksat edinýärin. Arkadagly Gahryman Serdarymyzyň daýhanlar hakdaky aladasy, goldaw-hemaýatlary tutanýerli işlemäge ruhlandyrýar. Munuň üçin hormatly Prezidentimize çäksiz alkyş aýdýarys.

Pagta — gymmatly baýlyk

Häzirki günlerde pagtaçy daýhanlarymyz yhlas siňdirip ýetişdiren gowaça hasylyny soňky hanasyna çenli ýygnap almakda tutanýerli zähmet çekýärler. «Ak altynly» atyzlarda çekilýän päk zähmetiň depgini birjik-de gowşamaýar. Ýüwrük elli ýygymçylar, kombaýnlara erk edýän mehanizatorlar, awtoulag sürüjileri, hasyly kabul ediş nokatlardyr kärhanalaryň işçi-hünärmenleri häzirki jogapkärli möwsüme saldamly goşant goşýarlar. Pagta ýygymy möwsümine gatnaşyjylary zähmet üstünligine ruhlandyrmakda, olaryň armasyny ýetirmekde jemgyýetçilik guramalarynyň işgärleriniň alyp barýan işleri hem bellenilmäge mynasypdyr. Türkmenistanyň Kärdeşler arkalaşyklarynyň welaýat, etrap birleşmesiniň degişli hünärmenleri meýdan düşelgelerinde, pagta arassalaýjy we kabul ediş kärhanalarynda, şeýle-de «ak altyna» beslenen meýdanlarda bolup, möwsüme gatnaşyjylar bilen duşuşýarlar, häzirki jogapkärli möwsümiň ähmiýeti barada olara gürrüň berýärler, armalaryny ýetirýärler.

Täze binalar — bagtyýarlykdan nyşan

Berkarar döwletiň täze eýýamynyň Galkynyşy döwrüni — täze taryhy başdan geçirýän eziz Diýarymyzda biziň her bir günümiz, pursadymyz durmuşymyza nur çaýýan täzeliklere, ösüşlere beslenýär. Ynha, ýakynda has takygy, 16-njy noýabrda hormatly Prezidentimiziň Arkadag şäherine iş saparyny amala aşyryp, bu ýerde Türkmen oba hojalyk uniwersitetiniň we Türkmenistanyň Oba hojalyk ministrliginiň ylmy-barlag institutlarynyň täze binalar toplumynyň taýýarlanan taslamalary bilen tanyşmagy, şeýle hem degişli düzümleriň ýolbaşçylarynyň gatnaşmagynda iş maslahatyny geçirmegi munuň aýdyň subutnamasyna öwrüldi. Hemmämize mälim bolşy ýaly, şol maslahatda Arkadagly Gahryman Serdarymyz Türkmen oba hojalyk uniwersitetiniň täze binalar toplumynyň we oba hojalyk ylmy-barlag institutlarynyň Arkadag şäherinde gurulmagynyň çuňňur manysynyň bardygyna ünsi çekdi. Dag etekleriniň hoştap howasy, çeşme suwlaryndan birigýän suwly akabalar taryhda bu ýerlerde daýhançylygyň kämil däpleriniň emele gelmegini, ýerleriň hasylly bolmagyny üpjün edipdir. Arkadag şäheriniň arassa hem amatly daşky gurşawy ekologiýa taýdan ýokary hilli oba hojalyk, azyk önümlerini öndürmegiň ylmy esaslaryny öwrenmäge mümkinçilik berýär.

Şaly harmany beýgelýär

Lebap welaýatynyň şalyçylary arzyly pellehana juda golaý geldiler. Olaryň tabşyran şaly hasyly şu hepdäniň başynda umumy borçnamanyň 90 göteriminden geçdi. Welaýat boýunça şu ýyl 10 müň 200 gektar ýerden 47 müň 400 tonna şaly hasylyny almak meýilleşdirildi. Häzire çenli «sary altynyň» 44 müň 350 tonnadan gowragy döwlet harmanyna goşuldy. Häzirki wagtda welaýatyň dört etrabynyň edermen şalyçylary ýyllyk borçnamalaryny abraý bilen amal etdiler. Has takygy, Darganata etrabynyň şalyçylary 75 gektar ýerden 349 tonna derek 384 tonna hasyl tabşyryp, borçnamany 130 göterimden hem gowrak berjaý etdiler. Şeýlelikde, etrapda her gektaryň hasyllylygy 51 sentnerden geçdi.

Önüm öndürijileriň ýardamçysy

Daşoguz welaýat «Dökünhimiýa» müdirligimiziň agzybir işgärleri hem gallaçy kärendeçileri gerek bolan mineral dökünler bilen üpjün edip, ýerden bol hasyl almak ugrunda zähmet çekýärler. Welaýatymyzda 6 sany dökün bazasy hereket edip, olar etraplaryň 7-siniň we Daşoguz şäheriniň oba hojalyk önümlerini öndürijilerine hyzmat edýärler. Şu ýylyň altyn güýzünde ekilen bugdaýly meýdanlary dökünlemek üçin mineral dökünler bolan fosforly döküniň 30 müň 200 tonnasy, azotly döküniň 31 müň 351 tonnasy ýer eýelerine, gallaçy kärendeçilere ýetirildi. Munuň özi geljek ýylyň bereketli bugdaý hasylynyň düýbüniň berk tutulmagynda uly ähmiýete eýedir. Döküniň ulanylmagy diňe hasyllylygy ýokarlandyrman, eýsem, oba hojalyk önüminiň hilini hem gowulandyrýar. Bulardan başga-da, satuw dükanlarymyzyň 7 – 8-si welaýatymyzyň oba hojalyk önüm öndürijilerini zerur bolan dökünler bilen üpjün etmekde öz hyzmatlaryny birkemsiz ýerine ýetirýär.

Daýhan zähmeti ýerine düşende

Zähmet üstünliklerine beslenýän Arkadag Serdarly bagtyýar ýaşlar ýylynda Balkan welaýaty boýunça şu ýylyň güýzünde jemi 50 müň gektara ak bugdaýyň tohumy sepilip, ondan orak möwsüminde 80 müň tonna däne taýýarlamak meýilleşdirildi. Häzirki wagtda ak bugdaýyň ekiş işleri uly depginde alnyp barylýar. Welaýatymyz boýunça şu ýyl 13 müň gektara gowaça ekilip, ondan 16 müň tonna hasyl almak göz öňünde tutulypdy. Ýurdumyzda ilkinjileriň hatarynda Balkan welaýatynyň armazak pagtaçy daýhanlarynyň döwlete pagta tabşyrmak babatdaky meýilnamalaryny üstünlikli ýerine ýetirmekleri biziň her birimiziň başymyzy göge ýetirdi. Muňa garamazdan, häzirki wagtda «ak altynly» pellerde pagta hasylyny soňky hanasyna çenli ýygnamak işleri dowam edýär. Welaýat boýunça Gyzylarbat hem-de Bereket etraplaryndaky kabul ediş harmanhanalarynda ýygnalan gowaça hasyly yzygiderli kabul edilýär. Şu ýerde Magtymguly etrabynyň edermen pagtaçy daýhanlarynyň welaýatda ilkinjileriň hatarynda pagta hasyly boýunça bellenilen meýilnamasyny doly ýerine ýetirendigini bellemek has-da buýsançlydyr.

Bagbançylyk we onuň käbir inçe syrlary

Biziň redaksiýamyza Balkan welaýatynyň Gyzylarbat etrabyndaky 17-nji orta mekdebiň mugallymy Taýtar Meretgeldiýew hat üsti bilen ýüz tutup: «2023 — 2024-nji okuw ýylynda orta bilim berýän mekdepleriň 11-nji synpynyň maksatnamasyna «Gülçi bagban» hünär okuwy girizildi. Bu hünär okuwynyň maksatnamasyny düzen S.A.Nyýazow adyndaky TOHU-nyň Aşgabat şäher agrosenagat orta hünär okuw mekdebiniň mugallymy Enegül Taňyrberdiýewa. Täze düzülen maksatnama laýyklykda okuwçylara hünär öwretmek üçin haýsy gollanmalardan peýdalanylmalydygy barada düşünje berilse, biz — mugallymlara okatmakda köp ýeňillikleri dörederdi» diýip ýazypdyr. Mundan başga-da, baýry mugallym 20 ýyl bolan tut agajynyň boýunyň 1 metre zordan ýetýändigini, onuň boýunyň ösmeýändiginiň sebäbini anyklap bermegi, şeýle hem, otag şertlerinde limon ösdürilip ýetişdirilende nähili dökünlerden hem-de derman serişdelerinden dogry peýdalanmalydygy barada maslahat berilmegini sorapdyr. Halypa mugallymyň sowallaryna jogap bermek üçin biz Aşgabat şäher agrosenagat orta hünär okuw mekdebiniň mugallymy Enegül Taňyrberdiýewa, S.A.Nyýazow adyndaky Türkmen oba hojalyk uniwersitetiniň mugallymlary Laçyn Ahmedowa hem-de Ýagmyr Orazowa ýüz tutduk. Enegül TAŇYRBERDIÝEWA:

Ýyladyşhana toplumy — bolçulygyň binýady

Gahryman Arkadagymyzyň parasatly başlangyjy bilen, hormatly Prezidentimiziň baştutanlygynda ýurdumyzyň ähli welaýatlarynda döwrebap ýyladyşhanalaryň açylyp, ulanylmaga berilmegi, innowasion tehnologiýalaryň esasynda gurulan bu desgalarda gök ekinleri ösdürip ýetişdirmäge uly mümkinçilikler döreýär. Bu desgalar adaty ýyladyşhanalar bilen deňeşdirilende, has köp hasyl berýärler. Şonuň üçin innowasion tehnologiýalary önümçilige ornaşdyrmak halk hojalygynyň, şol sanda oba hojalygynyň çalt depginler bilen ösmegine uly goşant bolýar. Ýeri gelende aýtsak, Berkarar döwletiň täze eýýamynyň Galkynyşy döwründe türkmen telekeçileriniň işleriniň barha rowaçlanýandygyny bellemek aýratyn guwançlydyr. Telekeçiler milli ykdysadyýetimizi hereketlendiriji pudaklaryň biri bolan obasenagat toplumyny ösüşiň täze belentliklerine çykarmak ugrunda alnyp barylýan döwletli işlere saldamly goşant goşýarlar.

Kumkwat

Narynç — sary reňkli pyrtykaly ýatladýan, ýöne oňa görä, süýri we maýda, üstesine-de, tagamy mandariniňkä meňzeş kumkwatyň miwesini gabygy bilen iýip bolýar. Ony köplenç dünýä aşhanalarynda etli we balykly işdäaçarlardyr kokteýllere goşýarlar. Kumkwat miwesiniň maňzynda kömelejiklere garşy täsirli furokumariniň köp mukdary saklanýar. Ol şeýle hem, bakterisid täsirli efir ýaglaryna baýdyr.

Azyk bol­çu­ly­gy

«7/24. tm» № 48 (183) 20.11.2023 Tä­ze yk­dy­sa­dy gat­na­şyk­la­ry ke­ma­la ge­tir­mek, oba ho­ja­lyk dü­züm­le­ri üçin bäs­deş­lik gur­şa­wy­ny dö­ret­mek, ýer-suw se­riş­de­le­rin­den re­je­li peý­da­lan­mak, daş­ky gur­şa­wy go­ra­mak, oba ho­ja­lyk yl­my­ny, hu­su­san-da, to­hum­çy­ly­gy ös­dür­mek, tä­ze­çil usul­la­ry, öň­de­ba­ry­jy iş­läp taý­ýar­la­ma­la­ry giň­den or­naş­dyr­mak oba­se­na­gat top­lu­myn­da dur­mu­şa ge­çi­ril­ýän giň möç­ber­li öz­gert­me­le­riň mö­hüm ugur­la­ry­dyr. Ýur­du­my­zyň oba ho­ja­lyk pu­da­gy­ny di­wer­si­fi­ka­si­ýa ýo­ly bi­len ös­dür­mek mak­sa­dyn­dan ugur al­nyp, anyk çä­re­ler dur­mu­şa ge­çi­ril­ýär. Şun­da dä­ne­çi­lik, pag­ta­çy­lyk bi­len bir ha­tar­da, mal­dar­çy­lyk, guş­çu­lyk, bag­çy­lyk, üzüm­çi­lik, bak­ja­çy­lyk, bal­çy­lyk we beý­le­ki ugur­lar iş­jeň ös­dü­ril­ýär.

Öňdebaryjylaryň hatarynda

«Edermen pagtaçy» daýhan hojalygy diňe bir etrapda däl, eýsem, welaýatda hem öňdebaryjylaryň hatarynda tanalýar. Tejribeli daýhan Aýjahan Nuryýewa tarapyndan döredilen bu daýhan hojalygy Ahal welaýatynyň Kaka etrabynyň çäginde ýerleşýär. Arkadag Serdarly bagtyýar ýaşlar ýylyny oba hojalygynyň ähli ugurlary boýunça guwandyryjy iş görkezijilerine beslemek hyjuwy bu hojalygyň agzalaryny tutanýerli zähmet çekmäge ruhlandyrdy. Ozalky ýyllarda toplanan baý tejribä, ylmyň gazananlaryna we öňdebaryjy iş usullaryna daýanan daýhanlar sahawatly topraga yhlas-azabyny gaýgyrmadylar.

Ene toprak — bereket çeşmesi

13-nji noýabrda hormatly Prezidentimiz Serdar Berdimuhamedow Ministrler Kabinetiniň Başlygynyň obasenagat toplumyna gözegçilik edýän orunbasarynyň hem-de welaýatlaryň häkimleriniň gatnaşmagynda sanly ulgam arkaly iş maslahatyny geçirdi. Iş maslahatynda ýurdumyzyň oba hojalyk toplumynda we sebitlerde alnyp barylýan işleriň barşy bilen bagly meselelere seredildi. Ilki bilen, welaýatlaryň häkimleri sebitlerde ýerine ýetirilýän möwsümleýin oba hojalyk işleri barada hasabatlary berdiler. Obasenagat toplumyna gözegçilik edýän wise-premýeriň hasabatynda hem ýurdumyzda alnyp barylýan oba hojalyk işleriniň barşy barada aýdyldy.

Yhlasly zähmetiň rehneti

Daşoguz welaýatynyň Şabat etrabynyň Sadulla Rozmetow adyndaky oba hojalyk paýdarlar jemgyýetiniň ussat pagtaçylary ýakynda, Hasyl toýunyň öňüsyrasynda sebitde ilkinji bolup şertnamalaýyn borçnamany üstünlikli berjaý edip, zähmet ýeňşini gazandylar. Hojalyk boýunça gowaça ekilen 7 müň 300 gektar meýdandan 14 müň 600 tonna derek 15 müň 103 tonna pagta öndürilip, tabşyryk 103 göterim amal edildi. Tylla güýzüň häzirki günlerinde pagta ýygymy gowşamaýan depginde dowam edýär. Oba hojalygynda amala aşyrylýan özgertmeleriň has-da kämilleşdirilýän döwründe täzeçe işlemegiň göreldesini görkezýän bu hojalyk boýunça ýene-de 3 müň tonna pagta öndürmek göz öňünde tutulýar. Gazanylan ýeňiş toýly günleriň şatlygyny has-da artdyrdy. «Oýrat» topary boýunça 232 gektar ýerden 925 tonna «ak altyn» öndürilip, 183,5 göterim ösüş gazanyldy. Bu öňdebaryjy topara Uktam Sabirow ýolbaşçylyk edýär. Tejribeli daýhan Gafur Töräýewiň ýolbaşçylyk edýän «Bossan» pagtaçylyk topary 192 gektar meýdandan 384 tonna derek 701 tonna pagta tabşyryp, meýilnamany 182,5 göterim ýerine ýetirdi. Kärendeçi Leýla Jumaniýazowa bolsa 2,48 gektar kärende ýerinden 15,5 tonnadan gowrak hasyl almagy başardy. Her gektaryň hasyllylygy 62 sentnerden geçdi. Kärendeçiler Aýdogdy Agaýe

Sahawatly toprakdan altyn önýär, zer önýär

Berkarar döwletiň täze eýýamynyň Galkynyşy döwründe Arkadagly Gahryman Serdarymyzyň baştutanlygynda ýurdumyz günsaýyn ösýär, özgerýär. Her bir güni toýdur baýrama, şatlyk-şowhuna beslenýän eziz Diýarymyzda her ýylyň noýabr aýynyň ikinji ýekşenbesinde bellenilýän Hasyl toýy janypkeş babadaýhanlaryň alyn derini döküp çekýän halal zähmetine, ene topragymyza siňdirýän yhlasyna belent sarpanyň nyşany bolup, göwünleri joşdurýar. Şol zähmetiň şirin miweleri rysgal-bereket bolup saçaklarymyzy bezeýär. Watan harmanyna goşulýan bugdaý, «ak altyn», gökdür bakja önümleri halkymyzy guwandyrýar, begendirýär, täze ýeňişlere ruhlandyrýar. Ýurdumyzyň edermen babadaýhanlary Arkadag Serdarly bagtyýar ýaşlar ýylynda hem Hasyl toýuny zähmet üstünlikleri bilen garşyladylar, welaýatymyzyň pagtaçylary pagta taýýarlamak baradaky şertnamalaýyn borçnamany ýurdumyzda ilkinji bolup ýerine ýetirip, 16 müň tonnadan gowrak «ak altyny» Watan harmanyna tabşyrdylar. Bu hoş habar, edermen pagtaçylaryň zähmet ýeňşi ýurdumyzda oba hojalyk pudagyny ösdürmek, oba zähmetkeşleriniň iş şertlerini has-da gowulandyrmak boýunça alnyp barylýan toplumlaýyn çäreleriň zähmet üstünliklerine beslenýändiginiň aýdyň subutnamasydyr. Daýhanlar ýetişdirilen bol hasyly öz wagtynda, isripsiz ýyg

Işler utgaşykly alnyp barylýar

Hormatly Prezidentimiziň tabşyryklaryndan ugur alyp, welaýatymyzyň babadaýhanlary bugdaýly meýdanlara göwnejaý ideg edýärler. Howanyň häzirki amatly günlerinden netijeli peýdalanyp, bugdaýly meýdanlara suw tutmak, topragy mineral dökünler bilen gurplandyrmak işlerini utgaşykly alyp barýarlar. Endigan gögeren bugdaý maýsalaryny dökünler bilen goşmaça iýmitlendirmek işleri, esasanam, Bereket etrabynyň «Türkmenistan», Gyzylarbat etrabynyň «Goç» daýhan birleşikleriniň, «Nusgawy meýdan», «Daýhan ädimi», daýhan hojalyklarynyň, «Batly Gadam» hususy kärhanasynyň ekin meýdanlarynda kadaly ýola goýlupdyr. Güýzlük bugdaý ekilen meýdanlary haşal otlardan arassalamaklyga hem aýratyn üns berilýär. Bu möhüm çäräni netijeli geçirmekde traktorlara tirkelen derman pürküji enjamlaryň, ýöriteleşdirilen uçaryň kömeginden peýdalanylýar. Bugdaýa ideg etmek işleriniň welaýatyň oba hojalyk önümçilik birleşiginiň degişli hünärmenleriniň gözegçiliginde alnyp barylmagy ýerine ýetirilýän işleriň netijeliligini üpjün edýär.

Ak bazarlarymyzyň bezegi

Arkadag Serdarly bagtyýar ýaşlar ýyly ýurdumyzyň hususyýetçileriniň durmuşynda ýatdan çykmajak pursatlara beslenýär. Ýurdumyzyň önüm öndürijileri ykdysadyýetimiziň ösüşine saldamly goşantlaryny goşýarlar. Türkmenbaşy şäherinde ýerleşýän, döwrebap tehnologiýalar ornaşdyrylan gök we bakja önümlerini ýetişdirmäge ýöriteleşdirilen, dünýäniň öňdebaryjy önüm öndürijileriniň iň häzirki zaman tehnologiýalaryna daýanýan döwrebap ýyladyşhananyň zähmetsöýer işgärleri hem guwandyryjy netijeleri gazanýarlar. Ýylyň bütin dowamynda gök we bakja önümlerini ilata ýetirýärler. Bu ýyladyşhanada ösdürilip ýetişdirilýän gök önümler diňe bir içerki sarp edijilere däl, eýsem, daşarky bazarlara hem yzygiderli ugradylýar. Bu bolsa türkmen işewürleriniň bäsdeşlige ukyply, ýokary hilli önümleri bilen dünýä bazarlarynda eýeleýän ornuny has-da berkidýär. Telekeçilerimiziň gazanýan şeýle buýsançly üstünlikleri hormatly Prezidentimiziň ykdysadyýetiň dürli ulgamlarynda hususy eýeçiligiň paýyny düýpli ýokarlandyrmak, kiçi we orta telekeçiligi, hususy başlangyçlary sazlaşykly we netijeli ösdürmek üçin amatly hukuk, ykdysady, maliýe hem-de durmuş şertlerini döretmek babatdaky taýsyz tagallalarynyň miwesidir.

Rysgal-berekediň gözbaşy

Berkarar döwletiň täze eýýamynyň Galkynyşy döwründe hormatly Prezidentimiziň baştutanlygynda oba hojalyk pudagynda oňyn özgertmeler durmuşa geçirilýär. Netijede, pudakda uly üstünlikler gazanylyp, ýerden bol hasyl alynýar. Daýhanlaryň, ýer eýeleriniň yhlasly zähmetini, türkmen topragynyň hasyllylygyny, saçaklarymyzyň berekedini alamatlandyrýan Hasyl toýy olaryň abraýyny belende göterýär. Mälim bolşy ýaly, bereketli türkmen topragynda bugdaýy, pagtany, gök we bakja ekinlerini, ýeralmany, üzümi, şeýle hem miweleri ýetişdirmek üçin oba hojalyk maksatly ýörite ýer gaznalary döredildi. Şu gaznalardan paýdarlar jemgyýetlerine, daýhan hojalyklaryna, ýurdumyzyň beýleki raýatlaryna 99 ýyla çenli möhlet bilen ýer bölekleri ulanmaga berildi.