Daýhan zähmeti ýerine düşende

21 Noýabr 2023
479

Zähmet üstünliklerine beslenýän Arkadag Serdarly bagtyýar ýaşlar ýylynda Balkan welaýaty boýunça şu ýylyň güýzünde jemi 50 müň gektara ak bugdaýyň tohumy sepilip, ondan orak möwsüminde 80 müň tonna däne taýýarlamak meýilleşdirildi. Häzirki wagtda ak bugdaýyň ekiş işleri uly depginde alnyp barylýar.

Welaýatymyz boýunça şu ýyl 13 müň gektara gowaça ekilip, ondan 16 müň tonna hasyl almak göz öňünde tutulypdy. Ýurdumyzda ilkinjileriň hatarynda Balkan welaýatynyň armazak pagtaçy daýhanlarynyň döwlete pagta tabşyrmak babatdaky meýilnamalaryny üstünlikli ýerine ýetirmekleri biziň her birimiziň başymyzy göge ýetirdi. Muňa garamazdan, häzirki wagtda «ak altynly» pellerde pagta hasylyny soňky hanasyna çenli ýygnamak işleri dowam edýär. Welaýat boýunça Gyzylarbat hem-de Bereket etraplaryndaky kabul ediş harmanhanalarynda ýygnalan gowaça hasyly yzygiderli kabul edilýär. Şu ýerde Magtymguly etrabynyň edermen pagtaçy daýhanlarynyň welaýatda ilkinjileriň hatarynda pagta hasyly boýunça bellenilen meýilnamasyny doly ýerine ýetirendigini bellemek has-da buýsançlydyr.

Aýnatäç NEDIROWA,
TAP-nyň Balkanabat şäher komitetiniň esasy hünärmeni.
Beýleki habarlar