Täze binalar — bagtyýarlykdan nyşan

21 Noýabr 2023
399

Berkarar döwletiň täze eýýamynyň Galkynyşy döwrüni — täze taryhy başdan geçirýän eziz Diýarymyzda biziň her bir günümiz, pursadymyz durmuşymyza nur çaýýan täzeliklere, ösüşlere beslenýär. Ynha, ýakynda has takygy, 16-njy noýabrda hormatly Prezidentimiziň Arkadag şäherine iş saparyny amala aşyryp, bu ýerde Türkmen oba hojalyk uniwersitetiniň we Türkmenistanyň Oba hojalyk ministrliginiň ylmy-barlag institutlarynyň täze binalar toplumynyň taýýarlanan taslamalary bilen tanyşmagy, şeýle hem degişli düzümleriň ýolbaşçylarynyň gatnaşmagynda iş maslahatyny geçirmegi munuň aýdyň subutnamasyna öwrüldi.

Hemmämize mälim bolşy ýaly, şol maslahatda Arkadagly Gahryman Serdarymyz Türkmen oba hojalyk uniwersitetiniň täze binalar toplumynyň we oba hojalyk ylmy-barlag institutlarynyň Arkadag şäherinde gurulmagynyň çuňňur manysynyň bardygyna ünsi çekdi. Dag etekleriniň hoştap howasy, çeşme suwlaryndan birigýän suwly akabalar taryhda bu ýerlerde daýhançylygyň kämil däpleriniň emele gelmegini, ýerleriň hasylly bolmagyny üpjün edipdir. Arkadag şäheriniň arassa hem amatly daşky gurşawy ekologiýa taýdan ýokary hilli oba hojalyk, azyk önümlerini öndürmegiň ylmy esaslaryny öwrenmäge mümkinçilik berýär.

Zamira BABANAZAROWA,
S.A.Nyýazow adyndaky TOHU-nyň mugallymy.
Beýleki habarlar