Önüm öndürijileriň ýardamçysy

21 Noýabr 2023
437

Daşoguz welaýat «Dökünhimiýa» müdirligimiziň agzybir işgärleri hem gallaçy kärendeçileri gerek bolan mineral dökünler bilen üpjün edip, ýerden bol hasyl almak ugrunda zähmet çekýärler. Welaýatymyzda 6 sany dökün bazasy hereket edip, olar etraplaryň 7-siniň we Daşoguz şäheriniň oba hojalyk önümlerini öndürijilerine hyzmat edýärler.

Şu ýylyň altyn güýzünde ekilen bugdaýly meýdanlary dökünlemek üçin mineral dökünler bolan fosforly döküniň 30 müň 200 tonnasy, azotly döküniň 31 müň 351 tonnasy ýer eýelerine, gallaçy kärendeçilere ýetirildi. Munuň özi geljek ýylyň bereketli bugdaý hasylynyň düýbüniň berk tutulmagynda uly ähmiýete eýedir. Döküniň ulanylmagy diňe hasyllylygy ýokarlandyrman, eýsem, oba hojalyk önüminiň hilini hem gowulandyrýar. Bulardan başga-da, satuw dükanlarymyzyň 7 – 8-si welaýatymyzyň oba hojalyk önüm öndürijilerini zerur bolan dökünler bilen üpjün etmekde öz hyzmatlaryny birkemsiz ýerine ýetirýär.

Muhammet GULJYKOW,
Daşoguz welaýat «Dökünhimiýa» müdirliginiň esasy hünärmeni.
Beýleki habarlar