Ak ekiniň idegi

21 Noýabr 2023
480

Ak bugdaý etrabynyň ak ekin ussatlary geljek ýylyň hasyly üçin 26 müň gektar meýdana däne ekip, şu günler ekiniň idegini agrotehnikanyň kadalaryna laýyklykda alyp barýarlar. Gögeriş suwuny tutmak, mineral dökünler bilen iýmitlendirmek işlerine aýratyn jogapkärçilikli çemeleşýän oba zähmetkeşleri ýaşajyk maýsalaryň kadaly boý almagyny hem gazanýarlar.

Ekin meýdanlara özboluşly görk goşýan ýaşajyk maýsalar özlerine oňat garaşyk edilýändigini buşlaýar. Etrabyň Magtymguly adyndaky daýhan birleşiginiň, «Üzümli toprak», «Ak üzüm» daýhan hojalyklarynyň ekerançylyk meýdanlarynda alnyp barylýan işler has-da göwnüňi göterýär. Agzalan hojalyklarda ak ekine ideg etmek işlerinde ýokary tehnologiýaly oba hojalyk tehnikalaryň hyzmatyndan örän netijeli peýdalanylýar.

Maýa AMANDURDYÝEWA,
Türkmenistanyň Agrar partiýasynyň Ak bugdaý etrap komitetiniň esasy hünärmeni.
Beýleki habarlar