Sahawatly toprakdan altyn önýär, zer önýär

15 Noýabr 2023
538

Berkarar döwletiň täze eýýamynyň Galkynyşy döwründe Arkadagly Gahryman Serdarymyzyň baştutanlygynda ýurdumyz günsaýyn ösýär, özgerýär. Her bir güni toýdur baýrama, şatlyk-şowhuna beslenýän eziz Diýarymyzda her ýylyň noýabr aýynyň ikinji ýekşenbesinde bellenilýän Hasyl toýy janypkeş babadaýhanlaryň alyn derini döküp çekýän halal zähmetine, ene topragymyza siňdirýän yhlasyna belent sarpanyň nyşany bolup, göwünleri joşdurýar. Şol zähmetiň şirin miweleri rysgal-bereket bolup saçaklarymyzy bezeýär. Watan harmanyna goşulýan bugdaý, «ak altyn», gökdür bakja önümleri halkymyzy guwandyrýar, begendirýär, täze ýeňişlere ruhlandyrýar.

Ýurdumyzyň edermen babadaýhanlary Arkadag Serdarly bagtyýar ýaşlar ýylynda hem Hasyl toýuny zähmet üstünlikleri bilen garşyladylar, welaýatymyzyň pagtaçylary pagta taýýarlamak baradaky şertnamalaýyn borçnamany ýurdumyzda ilkinji bolup ýerine ýetirip, 16 müň tonnadan gowrak «ak altyny» Watan harmanyna tabşyrdylar. Bu hoş habar, edermen pagtaçylaryň zähmet ýeňşi ýurdumyzda oba hojalyk pudagyny ösdürmek, oba zähmetkeşleriniň iş şertlerini has-da gowulandyrmak boýunça alnyp barylýan toplumlaýyn çäreleriň zähmet üstünliklerine beslenýändiginiň aýdyň subutnamasydyr. Daýhanlar ýetişdirilen bol hasyly öz wagtynda, isripsiz ýygnamakda gaýratly zähmetiň nusgasyny görkezýärler. Agzybirlikde çekilýän joşgunly zähmetiň, ýetilýän ajaýyp sepgitleriň egsilmez şatlygyny, buýsanjyny hiç zat bilen deňäp bolmaz.

Nursoltan Depbiýewa,
«Balkan».
Beýleki habarlar