Bagbançylyk we onuň käbir inçe syrlary

21 Noýabr 2023
549

Biziň redaksiýamyza Balkan welaýatynyň Gyzylarbat etrabyndaky 17-nji orta mekdebiň mugallymy Taýtar Meretgeldiýew hat üsti bilen ýüz tutup: «2023 — 2024-nji okuw ýylynda orta bilim berýän mekdepleriň 11-nji synpynyň maksatnamasyna «Gülçi bagban» hünär okuwy girizildi. Bu hünär okuwynyň maksatnamasyny düzen S.A.Nyýazow adyndaky TOHU-nyň Aşgabat şäher agrosenagat orta hünär okuw mekdebiniň mugallymy Enegül Taňyrberdiýewa. Täze düzülen maksatnama laýyklykda okuwçylara hünär öwretmek üçin haýsy gollanmalardan peýdalanylmalydygy barada düşünje berilse, biz — mugallymlara okatmakda köp ýeňillikleri dörederdi» diýip ýazypdyr. Mundan başga-da, baýry mugallym 20 ýyl bolan tut agajynyň boýunyň 1 metre zordan ýetýändigini, onuň boýunyň ösmeýändiginiň sebäbini anyklap bermegi, şeýle hem, otag şertlerinde limon ösdürilip ýetişdirilende nähili dökünlerden hem-de derman serişdelerinden dogry peýdalanmalydygy barada maslahat berilmegini sorapdyr. Halypa mugallymyň sowallaryna jogap bermek üçin biz Aşgabat şäher agrosenagat orta hünär okuw mekdebiniň mugallymy Enegül Taňyrberdiýewa, S.A.Nyýazow adyndaky Türkmen oba hojalyk uniwersitetiniň mugallymlary Laçyn Ahmedowa hem-de Ýagmyr Orazowa ýüz tutduk.

Enegül TAŇYRBERDIÝEWA:

Taýýarlan Laçyn SAMMAKOWA,
«Bereketli toprak».
Beýleki habarlar