Ene toprak — bereket çeşmesi

17 Noýabr 2023
538

13-nji noýabrda hormatly Prezidentimiz Serdar Berdimuhamedow Ministrler Kabinetiniň Başlygynyň obasenagat toplumyna gözegçilik edýän orunbasarynyň hem-de welaýatlaryň häkimleriniň gatnaşmagynda sanly ulgam arkaly iş maslahatyny geçirdi. Iş maslahatynda ýurdumyzyň oba hojalyk toplumynda we sebitlerde alnyp barylýan işleriň barşy bilen bagly meselelere seredildi.

Ilki bilen, welaýatlaryň häkimleri sebitlerde ýerine ýetirilýän möwsümleýin oba hojalyk işleri barada hasabatlary berdiler. Obasenagat toplumyna gözegçilik edýän wise-premýeriň hasabatynda hem ýurdumyzda alnyp barylýan oba hojalyk işleriniň barşy barada aýdyldy.

«Nesil».
Beýleki habarlar