Rysgal-berekediň gözbaşy

15 Noýabr 2023
466

Berkarar döwletiň täze eýýamynyň Galkynyşy döwründe hormatly Prezidentimiziň baştutanlygynda oba hojalyk pudagynda oňyn özgertmeler durmuşa geçirilýär. Netijede, pudakda uly üstünlikler gazanylyp, ýerden bol hasyl alynýar. Daýhanlaryň, ýer eýeleriniň yhlasly zähmetini, türkmen topragynyň hasyllylygyny, saçaklarymyzyň berekedini alamatlandyrýan Hasyl toýy olaryň abraýyny belende göterýär.

Mälim bolşy ýaly, bereketli türkmen topragynda bugdaýy, pagtany, gök we bakja ekinlerini, ýeralmany, üzümi, şeýle hem miweleri ýetişdirmek üçin oba hojalyk maksatly ýörite ýer gaznalary döredildi. Şu gaznalardan paýdarlar jemgyýetlerine, daýhan hojalyklaryna, ýurdumyzyň beýleki raýatlaryna 99 ýyla çenli möhlet bilen ýer bölekleri ulanmaga berildi.

Hojamyrat ALLEKOW,
Boldumsaz etrap pagta arassalaýjy kärhanasynyň KA-nyň ilkinji guramasynyň başlygy.
Beýleki habarlar