Ýyladyşhana toplumy — bolçulygyň binýady

21 Noýabr 2023
460

Gahryman Arkadagymyzyň parasatly başlangyjy bilen, hormatly Prezidentimiziň baştutanlygynda ýurdumyzyň ähli welaýatlarynda döwrebap ýyladyşhanalaryň açylyp, ulanylmaga berilmegi, innowasion tehnologiýalaryň esasynda gurulan bu desgalarda gök ekinleri ösdürip ýetişdirmäge uly mümkinçilikler döreýär. Bu desgalar adaty ýyladyşhanalar bilen deňeşdirilende, has köp hasyl berýärler. Şonuň üçin innowasion tehnologiýalary önümçilige ornaşdyrmak halk hojalygynyň, şol sanda oba hojalygynyň çalt depginler bilen ösmegine uly goşant bolýar.

Ýeri gelende aýtsak, Berkarar döwletiň täze eýýamynyň Galkynyşy döwründe türkmen telekeçileriniň işleriniň barha rowaçlanýandygyny bellemek aýratyn guwançlydyr. Telekeçiler milli ykdysadyýetimizi hereketlendiriji pudaklaryň biri bolan obasenagat toplumyny ösüşiň täze belentliklerine çykarmak ugrunda alnyp barylýan döwletli işlere saldamly goşant goşýarlar.

Meretgül TAGANMYRADOWA,
S.A.Nyýazow adyndaky TOHU-nyň uly mugallymy.
Beýleki habarlar