''Demokratiýa we hukuk'' žurnaly

Esaslandyryjysy: Türkmenistanyň Döwlet, hukuk we demokratiýa instituty
Salgysy: Aşgabat şäheri, A. Nowaýy köçe 2022 jaý 86
Telefon belgileri: 38-06-00

Makalalar

Umumy işe mynasyp goşant

Galla oragy Gyzylarbat etrabynyň Garagum derýasynyň boýundaky mes toprakly ekin meýdanlarynda hem guramaçylykly dowam edýär. Ýygnalyp alynýan guşgursak dänäni galla kabul ediş bölümlerine daşamakda awtoulag sürüjilerine hem uly orun degişlidir. «Balkanawtoulag» önümçilik birleşiginiň awtoulag sürüjisi Raşit Gurdyýew hem bu il-ýurt bähbitli işe özüniň mynasyp goşandyny goşýar. — Arkadagly Gahryman Serdarymyzyň galla oragynyň gyzgalaňly döwründe welaýatymy

Hasyly ýangyndan goramak üçin

Bugdaý oragynyň dowam edýän günlerinde Türkmenistanyň Tebigaty goramak jemgyýetiniň welaýat bölüminiň, welaýat polisiýa müdirliginiň ýangyn howpsuzlygy bölüminiň, şeýle hem Türkmenistanyň Agrar partiýasynyň Çärjew etrap komitetiniň hünärmenleriniň gatnaşmaklarynda etrapdaky galla kabul ediş nokadynda okuw maslahaty geçirildi. Okuw maslahatyna bu nokadyň işgärleri, hünärmenleri, şeýle-de etrabyň galla oragyna dahylly bolan edara-kärhanalaryndan, daýhan birleşiklerinden wekiller gatnaşdylar. Maslahatyň barşynda degişli hünärmenleriň çykyşlary diňlenilip, hasyly ýangyn howpundan goramagyň düzgünleri dogrusynda ýörite taýýarlanylan görkezme esbaplarynyň üsti bilen düşündiriş işleri geçirildi.

Oba hojalygy — ykdysadyýetiň möhüm ugry

Hormatly Prezidentimiziň oba hojalyk toplumyny özgertmek boýunça alyp barýan syýasaty ýurdumyzda azyk bolçulygyny has-da pugtalandyrmaga, düşewüntliligi artdyrmaga, bäsdeşlige ukyply önümleri dünýä bazarlaryna çykarmaga gönükdirlendir. Şu maksat bilen ýurdumyzyň ähli sebitlerinde döwrebap ýyladyşhanalar, sowadyjy ammarlar, maldarçylyk toplumlary, oba hojalyk önümlerini gaýtadan işleýän kärhanalar gurlup ulanylmaga berilýär, oba hojalyk pudagy toplumlaýyn sanlylaşdyrylýar. Şeýle-de döwletimiz ekerançylaryň bugdaýyň, gowaçanyň, şalynyň, gant şugundyrynyň we beýleki oba hojalyk ekinleriniň bol hasylyny ösdürip ýetişdirmegi üçin ähli şertleri döredýär. Uzakmöhletleýin geljegi nazarlaýan obasenagat toplumynyň kämilleşdirilmegine gönükdirilen tagallalar «Türkmenistanyň Prezidentiniň ýurdumyzy 2019 — 2025-nji ýyllarda durmuş ykdysady taýdan ösdürmegiň Maksatnamasynda» we «Berkarar döwletiň täze eýýamynyň Galkynyşy: Türkmenistany 2022 — 2052-nji ýyllarda durmuş-ykdysady taýdan ösdürmegiň Milli maksatnamasynda» hem öz beýanyny tapýar. Onda oba hojalyk pudagyny ösdürmäge gönükdirilen anyk wezipeler kesgitlenip, olar yzygiderli durmuşa geçirilýär.

Ussat hünärmenleri taýýarlamakda alnyp barylýan ylmy-barlag işleriň ähmiýeti

Ylmyň we tehnologiýanyň depginli ösýän häzirki döwründe, şeýle hem bazar ykdysadyýetiniň şertlerinde inženerleriň bilim we hünär taýýarlygyna bildirilýän talaplar ösýär we özgerýär. Bu talaplary yzygiderli hasaba almazdan bäsleşige ukyply inženerleri taýýarlamak mümkin däldir. Şonuň üçin okuw meýilnamalaryny, dersleriň okuw we iş maksatnamalaryny, okuw kitaplaryny we gollanmalaryny, esasan hem okatmagyň usulyýetini we tehnologiýasyny ylmy esasda yzygiderli kämilleşdirmek zerurdyr. Türkmen halkynyň Milli Lideri, Türkmenistanyň Halk Maslahatynyň Başlygy Gurbanguly Berdimuhamedow oba hojalyk pudagyna degişli oba hojalykçy alymlar bilen duşuşygynda, ugurdaş ýokary okuw mekdepleriň talyplarynyň we ýaş mugallymlarynyň işjeň çekmegiň ähmiýetli boljakdygyna ünsi çekdi.

Jogapkärli möwsüm

Häzirki wagtda ýetişdirilen bugdaý hasylyny öz wagtynda çalt we isripsiz ýygnamak üçin etrabymyzda ýörite meýilnama düzüldi. Etrabymyz boýunça 84 sany ýokary öndürijilikli däne ýygnaýjy kombaýnlar öz işine ussat mehanizatorlar hem-de tehniki hyzmat ediji kärhananyň hünärmenleri tarapyndan gözden geçirilip, doly taýýar edildi. Etrabymyz boýunça 35 müň gektar ýere bugdaý ekilip, şondan 63 müň 200 tonna hasyl almak göz öňünde tutulýar. Etrabymyzyň ähli daýhan birleşiklerinde, daýhan hojalyklarynda, kärendeçiler toparlarynda galla oragy möwsümine girişildi. Etrabyň «Hakykat» daýhan birleşiginiň kärendeçisi Maksatbek Döwletow özüniň maşgala agzalary bilen 10 gektar ýeri kärendesine alyp, bugdaýyň ýokary hasylyny ýetişdirmek bilen, her gektardan 50 sentner hasyl öndürip, 50 tonna guşgursak dänäni döwlet harmanyna tabşyryp, meýilnamany artykmajy bilen berjaý etdi.

Gallaçylaryň buşlugy

Ene topraga bagry badaşan kärendeçilerimiz, mülkdarlarymyz yhlas bilen ýetişdirilen galla hasylyny hormatly Prezidentimiziň tagallasy netijesinde satyn alnan ýokary öndürijilikli kombaýnlar bilen galla oragyna güýçli depginde we guramaçylykly girişdiler. Şu günler ezber kombaýnçylarymyz gije-gündiz diýmän, wagt bilen hasaplaşman, iki çalşykda galla hasylyny isripsiz ýygnamagyň hötdesinden gelýärler. Awtoulag sürüjilerimiz däne hasylyny ammarlara öz wagtynda eltip tabşyrýarlar. Kärendeçilerimiz döwlet öňündäki şertnamalaýyn borçnamalaryny amal edýärler, olaryň ýüzlerinde şatlyk alamaty bar. Öňdebaryjy daýhanlarymyzy, kombaýnçylarymyzy, awtoulag sürüjilerimizi höweslendirmek maksady bilen, Tagtabazar etrabynyň jemgyýetçilik guramalary tarapyndan gymmat bahaly ýadygärlik sowgatlary dabaraly ýagdaýda gowşurylýar. Häzirki gyzgalaňly günlerde döwlete galla tabşyrmak baradaky meýilnamalaryny artygy bilen berjaý edýän hojalyklardan gelýän hoş habarlar, buşluklar bolsa göwünleri göterýär.

Hereketiň soňy — bereket

Pähim-paýhas ummany Magtymguly Pyragy ýylynda gök we bakja önümleriniň hasyllylygyny ýokarlandyryp, azyk bolçulygynyň has-da pugtalandyrylmagyna saldamly goşant goşýan Murgap etrabynyň kärendeçileri ýeralmanyň bol hasylyny kemala getirdiler. 1 müň 150 gektar meýdanda öz wagtynda ekilen bu azyklyk önümiň bol hasyly ýetişdirildi. Şu günler bu ýerde daýhan azaby siňdirilip kemala getirilen bitginli hasyly ýygnamak işleri güýçli depginlerde dowam etdirilýär. Şu möwsümde 16 müň 100 tonna ýeralma hasylyny ýygnap, meýilnamany üstünlikli berjaý etmäge çalyşýan etrapda işler gyzgalaňly dowam edýär. Ýeralmadan bol hasyl alyp, azyk bolçulygyna 241 kärendeçiniň ählisi goşant goşmaga çalyşýar. Munuň özi jogapkärli möwsümiň işleriniň has netijeli bolmagyna oňyn täsir edýär. Jemgyýetçilik guramalary tarapyndan Hormat hatlarydyr, ýadygärlik sowgatlary bilen ýygy-ýygydan höweslendirilip durulýan kärendeçileriň hemmesi işjeň. Etrabyň «Aşgabat» daýhan birleşiginden Maýsa Annalyýewa, «Watan» daýhan birleşiginden Hormat Kerimow, «Ýalkym» daýhan birleşiginden Bägül Täjiýewa ýaly kärendeçileriň atlarynyň guwanç bilen agzalýandygyny aýtmak gerek.

Bol hasylyň aladasynda

Tarp ýerli Garagum etraby Mary welaýatynda oba hojalyk ekinlerinden bol hasyl almakda ýylyň-ýylyna gowy görkezijileri gazanýan etraplaryň biri. Şonuň üçin etrabyň «ak altyn» ussatlary gazanýan netijelerini Pähim-paýhas ummany Magtymguly Pyragy ýylynda has hem ýokarlandyrmak maksady bilen, 20 müň 400 gektara sebitiň toprak-howa şertlerine laýyk gelýän, kesellere durnukly, ýokary hasyl berýän orta süýümli gowaçanyň naýbaşy sortlaryny ekip, ondan 48 müň 900 tonnadan gowrak «ak altyn» almak üçin yhlasly zähmet çekýärler. «Yhlasa — myrat» diýlişi ýaly, bu günki gün uzaklara ýaýylyp gidýän ekin meýdanlarynda ýaşajyk ösümlikler ülpüldeşip, göreniň göwnüni göterýär. Bol hasyl almak üçin möwsümleýin oba hojalyk çäreleriniň öz wagtynda, ýokary hilli amala aşyrylmagynyň zerurdygyna garagumly pagtaçylar öz iş tejribeleriniň mysalynda göz ýetirip gelýärler. Şeýle bolansoň, häzir pagtazarlyklarda otag, ýekelemek, hatarara bejergilerini talaba laýyk geçirmek, gowaçalary goşmaça iýmitlendirmek, zyýankeşlere garşy göreş çärelerini amala aşyrmak ýaly derwaýys işler ýokary guramaçylykly we utgaşykly dowam etdirilýär. Şu günler gowaçalaryň hatarara bejergisinde yzyna degişli gurallar tirkelen traktorlaryň 100-den gowragy öndürijilikli işledilýär. Işine ökde mehan

Gallam bar, tyllam bar

Hormatly Prezidentimiziň ak pata bermeginde dili senaly hormatly ýaşulular sanlyja gün ozal «Çäjiňe bereket!» diýip, «Bismilla» bilen galla oragyna dabaraly ýagdaýda badalga berdiler. Asylly däbe eýerýän gallaçy daýhanlar, başarjaň mehanizatorlar şol dabaraly pursatlary joşgunly zähmete utgaşdyrdylar. Ata-babalarymyzyň «Daýhan mert — ýer jomart», «Gallam bar, tyllam bar», «Ýer daýhany dabanyndan tanarmyş» diýen pähim-parasatlaryna ýürekden uýýan oba zähmetkeşleri şu günler jogapkärçilikli orak möwsüminiň çärelerini göwnejaý guramak, ak bugdaýyň bol hasylyny ýitgisiz ýygnap almak ugrunda ýadawsyz zähmet çekýärler. Döwlet Baştutanymyzyň 15-nji iýunda Balkan welaýatyna iş saparyny amala aşyryp, galla oragynyň barşy bilen tanyşmagy hem-de Gyzylarbat etrabynyň kärendeçileriniň haýyşy boýunça «Bismilla» diýip, galla oragyna ak pata bermegi, kärendeçilere sowgatlaryny gowşurmagy ýurdumyzyň edermen daýhanlarynyň armasy boldy hem-de olary orak möwsümini üstünlikli alyp barmaga ruhlandyrdy. Türkmen halkynyň Milli Lideri Gahryman Arkadagymyz 24-nji iýunda «Türkmengallaönümleri» döwlet birleşiginiň Ruhabat galla önümleri önümçilik toplumynda bolup, işiň guralyşy, işçiler üçin döredilen şertler bilen tanyşmagy, ol ýerde degişli ýolbaşçylaryň gatnaşmagynda iş

Kärendeçiniň zähmet ýeňşi

Babadaýhan etrabynda ak bugdaýyň bereketli hasylyny ýygnamak işiniň gyzgalaňly dowam edýän şu günlerinde döwlete galla tabşyrmak baradaky şertnamalaýyn borçnamalaryny üstünlikli ýerine ýetirýän kärendeçileriň sany barha artýar. Etrapda öňdebaryjy hojalyklaryň biri bolan «Täze ýol» daýhan birleşiginiň zähmetsöýer kärendeçisi Täzegül Garahanowa ilkinjileriň biri bolup, zähmet ýeňşini gazanan ak ekin ussatlarynyň biri. Ol özüniň 45 gektar kärende ýeriniň her gektaryndan 44 sentnere golaý hasyl alyp, Watanymyzyň barha beýgelýän ammaryna mynasyp goşant goşdy. Şeýlelikde, galla taýýarlamak boýunça döwlet tabşyrygyny 217 göterim ýerine ýetirdi. — Tüweleme, «Pähim-paýhas ummany Magtymguly Pyragy» ýylynyň hasyly bereketli boldy. Şanly ýyly zähmet sowgatlary bilen jemlemek barada kalbymyzyň töründe göterip ýören arzuwymyz hasyl boldy. Hormatly Prezidentimiziň daýhanlar barada edýän bimöçber aladalary, oba hojalyk önümleriniň satyn alnyş bahalarynyň ýokarlandyrylmagy bizi zähmet üstünliklerine ruhlandyrýar. Nobatdaky zähmet ýeňşimiz hem muňa şaýatlyk edýär — diýip, öňdebaryjy kärendeçi Täzegül Garahanowa guwanç bilen aýtdy.

Belent harmana goşant

Sarahs etrabynyň gallaçylary orak möwsüminiň gyzgalaňly dowam edýän günlerinde iş depginlerini birjik-de gowşatmaýarlar. Jogapkärli möwsümde etrabyň S.A.Nyýazow adyndaky daýhan birleşiginiň kärendeçileriniň alyp barýan işleri öwgä mynasyp. Olar däne ýetişdiren 1 müň 796 gektar meýdanyndan gallanyň 3 müň 790 tonnasyny alyp, arzyly sepgide abraý bilen hötde geldiler. Gazanylan zähmet üstünligine daýhan birleşiginiň 1-nji, 2-nji, 6-njy kärendeçilik toparlarynyň aýry-aýry kärendeçileriniň saldamly goşandy bar. Maksat Orazmyradow, Batyr Jumalyýew, Serdar Seýitmämmedow, Kakajan Öwezow dagynyň görkezijileri aýratyn bellärliklidir. Gallaçylar orak möwsüminiň ahyryna çenli ýene-de 200 tonna bugdaýy belent harmana goşmagy maksat edinýärler.

Galla — 2024

Bugdaý oragy gyzyşýar “Pähim-paýhas ummany Magtymguly Pyragy” ýylynda Ýolöten etrabynyň gallaçy kärendeçileri 12300 gektar meýdanda gallanyň bol hasylyny ösdürip ýetişdirdiler we meýilnama laýyklykda 24 müň 800 tonna dänäni Watan harmanyna goşant etmek üçin gaýratly zähmet çekýärler. Gün geçdigisaýy zähmet joşguny artyp, arzyly pellehana golaýlaýar.

Hoş habarlar

Gallaçylaryň zähmet üstünligi Köneürgenç etrabynyň «Bereket» daýhan birleşiginiň edermen gallaçy kärendeçileri «Pähim-paýhas ummany Magtymguly Pyragy» ýylynda 600 gektar ýerden döwlet harmanyna 1142 tonna guşgursak ak bugdaýy tabşyryp, bellenen meýilnamany 101 göterim berjaý etdiler. Daýhan birleşiginiň aýry-aýry kärendeçileriniň şertnamalaýyn borçnamalaryny artygy bilen ýerine ýetirendiklerini aýratyn belläp geçmek gerek. Olaryň hatarynda Lutfiýar Utemuradow, Magsat Murzaýew, Aýsoltan Nepesowa, Şemşat Ballyýewa ýaly kärendeçileri görkezmek bolar. Galla oragynda etrap «Obahyzmat» önümçilik kärhanasyna degişli kombaýnlaryň 4-si öndürjilikli iş alyp bardylar. Daýhan birleşiginiň kärendeçileri döwlet harmanyna ýene-de 200 tonna galla hasylyny tabşyrmagy göz öňünde tutýarlar.

Oba hojalyk toplumynyň netijeliligi — azyk bolçulygynyň binýady

Dürli görnüşli oba hojalyk önümleriniň önümçilik möçberiniň artdyrylmagy, ýurdumyzda azyk bolçulygynyň üpjün edilmegi halkymyzyň abadançylygynyň ýokarlanmagyna gönükdirilen döwlet syýasatynyň möhüm ugurlarynyň biri bolup durýar. Hormatly Prezidentimiziň belleýşi ýaly, oba hojalyk möwsümini ýokary hilli we agrotehniki möhletlerde geçirmek häzirki döwrüň möhüm talaby bolup durýar Daýhanlaryň durmuşynda möhüm hasaplanýan möwsümi ýokary hilli geçirmek maksady bilen, ýurdumyzda traktorlaryň we ekiş gurallary doly herekete girizilýär. Etraplarda göçme ussahanalar, ýangyç daşamaga niýetlenen awtoulaglar bilen üpjün edilen ýörite toparlar döredilýär.

Oba hojalyk pudagy ösüşler bilen galkynýar

Arkadagly Serdarymyzyň parasatly baştutanlygynda barha rowaç alýan «Pähim-paýhas ummany Magtymguly Pyragy» ýylynda halkymyzyň ekerançylyk sungatynyň baý milli tejribesi gaýtadan dikeldilýär. Bu pudagy ykdysadyýetimiziň iň bir girdejili pudagyna öwürmek, ony ylmy esasda ösdürmek babatda ençeme işler alnyp barylýar. Berkarar döwletiň ösüş-özgerişlerine zähmet üstünliklerini bagyşlaýan türkmen daýhanynyň halal zähmeti Watanymyzyň bagtly geljegini nurlandyrýar, döwrümiz bagtyýarlyk zamanamyzyň beýik işlerinden şöhratlanýar, ýeňişli ýollarda gujur gaýratlanýar. Edermen daýhanlarymyz döwlet tarapyndan berilýän kömek-goldawlaryň netijesinde sahawatly türkmen topragymyzdan bol hasyl öndürmekde ýokary netijeleri gazanylyp, ata-babalarymyzyň kämil daýhançylyk tejribesi häzirki zaman ekerançylyk ylmy bilen utgaşdyrylýar.

Azyk bolçulygynyň möhüm şerti

Oba hojalygy pudagynyň yzygiderli ösdürilmegi hormatly Prezidentimiz Serdar Berdimuhamedowyň Watanymyzyň ykdysady kuwwatyny pugtalandyrmaga, halkymyzyň abadançylygyny ýokarlandyrmaga gönükdirilen syýasatynyň esasy ugurlarynyň biridir. Ýurdumyzda dürli ekerançylyk önümleriniň öndürilişini artdyrmagyň hasabyna oba hojalyk toplumynyň netijeliligini ýokarlandyrmagy şertlendirýän ägirt uly özgertmeler üstünlikli durmuşa geçirilýär.  Oba hojalyk toplumynyň ägirt uly kuwwatyny toplumlaýyn durmuşa geçirmegiň hasabyna netijeli üstünlikleriň gazanylandygy bellärliklidir. Oba hojalyk özgertmeleriniň çäklerinde bu toplumy dolandyrmagy we düzümleýin özgertmegi kämilleşdirmek, oba ýerlerinde bazar gatnaşyklaryny kemala getirmek maksady bilen, anyk çäreler görülýär. Pudagyň düzümini döwrebaplaşdyrmaga, şol sanda oba hojalyk önümlerini gaýtadan işleýän häzirki zaman kärhanalarynyň, elewatorlaryň we degirmen toplumlarynyň, mineral dökünleri öndürýän zawodlaryň gurluşygyna uly möçberde maýa serişdeleri gönükdirilýär. Şunuň bilen baglylykda, oba hojalyk ekinlerini suw bilen üpjün etmek, tohumçylyk we seçgiçilik işlerini kämilleşdirmek boýunça işler durmuşa geçirilýär. Öňdebaryjy oba hojalyk usullary hem-de ylmy işläp taýýarlamalar işjeň ornaşdyrylýar.

Oba hojalyk pudagynyň ösdürilmegi möhüm wezipedir

Gahryman Arkadagymyz tarapyndan oba hojalyk pudagynda başy başlanyp, häzirki wagtda hormatly Prezidentimiz Serdar Berdimuhamedowyň baştutanlygynda üstünlikli dowam etdirilýän giň gerimli özgertmeler öz oňyn netijelerini berýär. Berkarar döwletiň täze eýýamynyň Galkynyşy döwründe oba ýerlerinde amala aşyrylýan özgertmeler esasynda ýurdumyzyň oba hojalyk toplumy hil taýdan täze derejelere göterilip, Watanymyzyň ykdysady kuwwatynyň pugtalandyrylmagyna, halkymyzyň durmuş hal-ýagdaýynyň ýokarlandyrylmagyna ýardam edýär. Ata-babalarymyz müňýyllyklaryň dowamynda dok däneli bugdaýy ösdürip ýetişdirmekde güýç-gaýratyny gaýgyrmandyrlar. Her bir gallaçy kärendeçi üçin bereketli hasyl bolelin ýaşamagyň binýadydyr, hünär taýdan ussatlygyň synagydyr.

Türkmen halkynyň Milli Lideri, Türkmenistanyň Halk Maslahatynyň Başlygy Ruhabat galla önümleri önümçilik toplumynyň işi bilen tanyşdy

Aşgabat, 24-nji iýun (TDH). Şu gün türkmen halkynyň Milli Lideri, Türkmenistanyň Halk Maslahatynyň Başlygy Gurbanguly Berdimuhamedow paýtagtymyz boýunça iş saparyny amala aşyryp, şäheriň eteginde ýerleşýän “Türkmengallaönümleri” döwlet birleşiginiň Ruhabat galla önümleri önümçilik toplumyna bardy. Gahryman Arkadagymyz toplumyň işi bilen tanyşdy we bu ýerde degişli ýolbaşçylaryň gatnaşmagynda iş maslahatyny geçirdi. Häzirki wagtda ýurdumyzda galla oragy gyzgalaňly dowam edýär. Edermen daýhanlaryň yhlasly zähmeti, döwletimiziň yzygiderli goldawy netijesinde, şu ýyl Diýarymyzda gallanyň bol hasyly ösdürilip ýetişdirildi. Munuň özi obasenagat toplumynda Gahryman Arkadagymyzyň başlangyjy bilen ýaýbaňlandyrylyp, Arkadagly Gahryman Serdarymyzyň baştutanlygynda üstünlikli durmuşa geçirilýän özgertmeler maksatnamasynyň aýdyň netijesidir.

Watan harmanyna 1 million tonnadan gowrak guşgursak ak bugdaý tabşyryldy!

Ýurdumyzyň edermen gallaçylarynyň Watan harmanyna tabşyran guşgursak bugdaýynyň möçberi 1 million tonnadan geçdi. Galla oragynyň gyzgalaňly dowam edýän günlerinde ýetilen bu sepgit oba zähmetkeşleriniň arzyly pellehana barha golaýlaýandygyndan, ajaýyp zähmet üstünliklerini gazanjakdyklaryndan habar berýär. Berkarar döwletiň täze eýýamynyň Galkynyşy döwründe ýurdumyzyň oba hojalyk pudagyna gönükdirilýän ünsüň, daýhanlara berilýän goldaw-hemaýatyň, tehniki-enjamlaýyn binýady pugtalandyrmak, pudaga döwrebap usullary ornaşdyrmak babatdaky köpugurly tagallalaryň netijesinde, sahawatly türkmen topragynda bugdaýyň bol hasyly ýetişdirildi. Gahryman Arkadagymyzyň nygtaýşy ýaly, edermen daýhanlarymyzyň yhlas siňdirip ýetişdirýän bugdaý hasyly halkymyzyň saçaklarynyň berekedidir, berkarar döwletimiziň abadançylygynyň we mizemezliginiň berk binýadydyr.

Arzyly sepgit golaýlaýar

Ýurdumyz boýunça 690 müň gektar meýdanda ýetişdirilen bugdaý hasylyny öz wagtynda ýygnap almak ugrundaky işler barha giň gerime eýe bolýar. Bugdaý orýan we hasyly galla kabul ediş nokatlaryna daşaýan dürli kysymly tehnikalar gije bilen gündize parh goýman işleýärler. Şu ýyl Watan harmanyna 310 müň tonna bugdaý goşmagy öz öňlerinde baş maksat edip goýan lebaply gallaçylar arzyly sepgide tarap barha golaýlaşýarlar. Kerki, Halaç, Dänew, Çärjew we Köýtendag etraplarynyň gallaçylary ýurdumyzda ilkinjiler bolup pellehana ýetendikleri baradaky hoş habary ýetirdiler. Kerki etrabynyň «Hatap», «Gyzylaýak», «Mürzebeg gala», Halaç etrabynyň «Çohpetde», Jumaguly Mähremow adyndaky daýhan birleşikleri şu günler borçnamadan daşary galla taýýarlaýarlar.