Hereketiň soňy — bereket

25 Iýun 2024
54

Pähim-paýhas ummany Magtymguly Pyragy ýylynda gök we bakja önümleriniň hasyllylygyny ýokarlandyryp, azyk bolçulygynyň has-da pugtalandyrylmagyna saldamly goşant goşýan Murgap etrabynyň kärendeçileri ýeralmanyň bol hasylyny kemala getirdiler. 1 müň 150 gektar meýdanda öz wagtynda ekilen bu azyklyk önümiň bol hasyly ýetişdirildi. Şu günler bu ýerde daýhan azaby siňdirilip kemala getirilen bitginli hasyly ýygnamak işleri güýçli depginlerde dowam etdirilýär. Şu möwsümde 16 müň 100 tonna ýeralma hasylyny ýygnap, meýilnamany üstünlikli berjaý etmäge çalyşýan etrapda işler gyzgalaňly dowam edýär. Ýeralmadan bol hasyl alyp, azyk bolçulygyna 241 kärendeçiniň ählisi goşant goşmaga çalyşýar. Munuň özi jogapkärli möwsümiň işleriniň has netijeli bolmagyna oňyn täsir edýär.

Jemgyýetçilik guramalary tarapyndan Hormat hatlarydyr, ýadygärlik sowgatlary bilen ýygy-ýygydan höweslendirilip durulýan kärendeçileriň hemmesi işjeň. Etrabyň «Aşgabat» daýhan birleşiginden Maýsa Annalyýewa, «Watan» daýhan birleşiginden Hormat Kerimow, «Ýalkym» daýhan birleşiginden Bägül Täjiýewa ýaly kärendeçileriň atlarynyň guwanç bilen agzalýandygyny aýtmak gerek.

Oguljan BAÝRAMGYLYJOWA,
Türkmenistanyň Agrar partiýasynyň Murgap etrap komitetiniň başlygy.
Beýleki habarlar