Hoş habarlar

25 Iýun 2024
12

Gallaçylaryň zähmet üstünligi

Köneürgenç etrabynyň «Bereket» daýhan birleşiginiň edermen gallaçy kärendeçileri «Pähim-paýhas ummany Magtymguly Pyragy» ýylynda 600 gektar ýerden döwlet harmanyna 1142 tonna guşgursak ak bugdaýy tabşyryp, bellenen meýilnamany 101 göterim berjaý etdiler. Daýhan birleşiginiň aýry-aýry kärendeçileriniň şertnamalaýyn borçnamalaryny artygy bilen ýerine ýetirendiklerini aýratyn belläp geçmek gerek. Olaryň hatarynda Lutfiýar Utemuradow, Magsat Murzaýew, Aýsoltan Nepesowa, Şemşat Ballyýewa ýaly kärendeçileri görkezmek bolar. Galla oragynda etrap «Obahyzmat» önümçilik kärhanasyna degişli kombaýnlaryň 4-si öndürjilikli iş alyp bardylar. Daýhan birleşiginiň kärendeçileri döwlet harmanyna ýene-de 200 tonna galla hasylyny tabşyrmagy göz öňünde tutýarlar.

Gülhumar HOJAHMETOWA,
TKA-nyň Köneürgenç etrap birleşmesiniň hünärmeni.
Beýleki habarlar