Ussat hünärmenleri taýýarlamakda alnyp barylýan ylmy-barlag işleriň ähmiýeti

26 Iýun 2024
26

Ylmyň we tehnologiýanyň depginli ösýän häzirki döwründe, şeýle hem bazar ykdysadyýetiniň şertlerinde inženerleriň bilim we hünär taýýarlygyna bildirilýän talaplar ösýär we özgerýär. Bu talaplary yzygiderli hasaba almazdan bäsleşige ukyply inženerleri taýýarlamak mümkin däldir. Şonuň üçin okuw meýilnamalaryny, dersleriň okuw we iş maksatnamalaryny, okuw kitaplaryny we gollanmalaryny, esasan hem okatmagyň usulyýetini we tehnologiýasyny ylmy esasda yzygiderli kämilleşdirmek zerurdyr.

Türkmen halkynyň Milli Lideri, Türkmenistanyň Halk Maslahatynyň Başlygy Gurbanguly Berdimuhamedow oba hojalyk pudagyna degişli oba hojalykçy alymlar bilen duşuşygynda, ugurdaş ýokary okuw mekdepleriň talyplarynyň we ýaş mugallymlarynyň işjeň çekmegiň ähmiýetli boljakdygyna ünsi çekdi.

Guwanç ÖRÄÝEW,
Türkmen oba hojalyk institutynyň Amaly mehanika kafedrasynyň müdiri.
Beýleki habarlar