Oba hojalyk toplumynyň netijeliligi — azyk bolçulygynyň binýady

25 Iýun 2024
17

Dürli görnüşli oba hojalyk önümleriniň önümçilik möçberiniň artdyrylmagy, ýurdumyzda azyk bolçulygynyň üpjün edilmegi halkymyzyň abadançylygynyň ýokarlanmagyna gönükdirilen döwlet syýasatynyň möhüm ugurlarynyň biri bolup durýar.

Hormatly Prezidentimiziň belleýşi ýaly, oba hojalyk möwsümini ýokary hilli we agrotehniki möhletlerde geçirmek häzirki döwrüň möhüm talaby bolup durýar Daýhanlaryň durmuşynda möhüm hasaplanýan möwsümi ýokary hilli geçirmek maksady bilen, ýurdumyzda traktorlaryň we ekiş gurallary doly herekete girizilýär. Etraplarda göçme ussahanalar, ýangyç daşamaga niýetlenen awtoulaglar bilen üpjün edilen ýörite toparlar döredilýär.

Nurgeldi NURGELDIÝEW,
Türkmen oba hojalyk institutynyň mugallymy.
Beýleki habarlar