Oba hojalyk pudagynyň ösdürilmegi möhüm wezipedir

25 Iýun 2024
11

Gahryman Arkadagymyz tarapyndan oba hojalyk pudagynda başy başlanyp, häzirki wagtda hormatly Prezidentimiz Serdar Berdimuhamedowyň baştutanlygynda üstünlikli dowam etdirilýän giň gerimli özgertmeler öz oňyn netijelerini berýär. Berkarar döwletiň täze eýýamynyň Galkynyşy döwründe oba ýerlerinde amala aşyrylýan özgertmeler esasynda ýurdumyzyň oba hojalyk toplumy hil taýdan täze derejelere göterilip, Watanymyzyň ykdysady kuwwatynyň pugtalandyrylmagyna, halkymyzyň durmuş hal-ýagdaýynyň ýokarlandyrylmagyna ýardam edýär.

Ata-babalarymyz müňýyllyklaryň dowamynda dok däneli bugdaýy ösdürip ýetişdirmekde güýç-gaýratyny gaýgyrmandyrlar. Her bir gallaçy kärendeçi üçin bereketli hasyl bolelin ýaşamagyň binýadydyr, hünär taýdan ussatlygyň synagydyr.

Guwanç MYRADOW,
Türkmen oba hojalyk institutynyň mugallymy.
Beýleki habarlar