Watan harmanyna 1 million tonnadan gowrak guşgursak ak bugdaý tabşyryldy!

25 Iýun 2024
90

Ýurdumyzyň edermen gallaçylarynyň Watan harmanyna tabşyran guşgursak bugdaýynyň möçberi 1 million tonnadan geçdi. Galla oragynyň gyzgalaňly dowam edýän günlerinde ýetilen bu sepgit oba zähmetkeşleriniň arzyly pellehana barha golaýlaýandygyndan, ajaýyp zähmet üstünliklerini gazanjakdyklaryndan habar berýär.

Berkarar döwletiň täze eýýamynyň Galkynyşy döwründe ýurdumyzyň oba hojalyk pudagyna gönükdirilýän ünsüň, daýhanlara berilýän goldaw-hemaýatyň, tehniki-enjamlaýyn binýady pugtalandyrmak, pudaga döwrebap usullary ornaşdyrmak babatdaky köpugurly tagallalaryň netijesinde, sahawatly türkmen topragynda bugdaýyň bol hasyly ýetişdirildi. Gahryman Arkadagymyzyň nygtaýşy ýaly, edermen daýhanlarymyzyň yhlas siňdirip ýetişdirýän bugdaý hasyly halkymyzyň saçaklarynyň berekedidir, berkarar döwletimiziň abadançylygynyň we mizemezliginiň berk binýadydyr.

Aýdo ŞEKEROW.
«Türkmenistan».
Beýleki habarlar