Gallaçylaryň buşlugy

25 Iýun 2024
78

Ene topraga bagry badaşan kärendeçilerimiz, mülkdarlarymyz yhlas bilen ýetişdirilen galla hasylyny hormatly Prezidentimiziň tagallasy netijesinde satyn alnan ýokary öndürijilikli kombaýnlar bilen galla oragyna güýçli depginde we guramaçylykly girişdiler. Şu günler ezber kombaýnçylarymyz gije-gündiz diýmän, wagt bilen hasaplaşman, iki çalşykda galla hasylyny isripsiz ýygnamagyň hötdesinden gelýärler. Awtoulag sürüjilerimiz däne hasylyny ammarlara öz wagtynda eltip tabşyrýarlar.

Kärendeçilerimiz döwlet öňündäki şertnamalaýyn borçnamalaryny amal edýärler, olaryň ýüzlerinde şatlyk alamaty bar. Öňdebaryjy daýhanlarymyzy, kombaýnçylarymyzy, awtoulag sürüjilerimizi höweslendirmek maksady bilen, Tagtabazar etrabynyň jemgyýetçilik guramalary tarapyndan gymmat bahaly ýadygärlik sowgatlary dabaraly ýagdaýda gowşurylýar. Häzirki gyzgalaňly günlerde döwlete galla tabşyrmak baradaky meýilnamalaryny artygy bilen berjaý edýän hojalyklardan gelýän hoş habarlar, buşluklar bolsa göwünleri göterýär.

Ýazdurdy ABDYRAHMANOW,
Türkmenistanyň Kärdeşler arkalaşyklarynyň Tagtabazar etrap birleşmesiniň başlygy.
Beýleki habarlar