Hasyly ýangyndan goramak üçin

26 Iýun 2024
42

Bugdaý oragynyň dowam edýän günlerinde Türkmenistanyň Tebigaty goramak jemgyýetiniň welaýat bölüminiň, welaýat polisiýa müdirliginiň ýangyn howpsuzlygy bölüminiň, şeýle hem Türkmenistanyň Agrar partiýasynyň Çärjew etrap komitetiniň hünärmenleriniň gatnaşmaklarynda etrapdaky galla kabul ediş nokadynda okuw maslahaty geçirildi. Okuw maslahatyna bu nokadyň işgärleri, hünärmenleri, şeýle-de etrabyň galla oragyna dahylly bolan edara-kärhanalaryndan, daýhan birleşiklerinden wekiller gatnaşdylar.

Maslahatyň barşynda degişli hünärmenleriň çykyşlary diňlenilip, hasyly ýangyn howpundan goramagyň düzgünleri dogrusynda ýörite taýýarlanylan görkezme esbaplarynyň üsti bilen düşündiriş işleri geçirildi.

Nasiba DURDYBAÝEWA,
Türkmenistanyň Agrar partiýasynyň Çärjew etrap komitetiniň buhgalteri.
Beýleki habarlar