Kärendeçiniň zähmet ýeňşi

25 Iýun 2024
85

Babadaýhan etrabynda ak bugdaýyň bereketli hasylyny ýygnamak işiniň gyzgalaňly dowam edýän şu günlerinde döwlete galla tabşyrmak baradaky şertnamalaýyn borçnamalaryny üstünlikli ýerine ýetirýän kärendeçileriň sany barha artýar. Etrapda öňdebaryjy hojalyklaryň biri bolan «Täze ýol» daýhan birleşiginiň zähmetsöýer kärendeçisi Täzegül Garahanowa ilkinjileriň biri bolup, zähmet ýeňşini gazanan ak ekin ussatlarynyň biri. Ol özüniň 45 gektar kärende ýeriniň her gektaryndan 44 sentnere golaý hasyl alyp, Watanymyzyň barha beýgelýän ammaryna mynasyp goşant goşdy. Şeýlelikde, galla taýýarlamak boýunça döwlet tabşyrygyny 217 göterim ýerine ýetirdi.

— Tüweleme, «Pähim-paýhas ummany Magtymguly Pyragy» ýylynyň hasyly bereketli boldy. Şanly ýyly zähmet sowgatlary bilen jemlemek barada kalbymyzyň töründe göterip ýören arzuwymyz hasyl boldy. Hormatly Prezidentimiziň daýhanlar barada edýän bimöçber aladalary, oba hojalyk önümleriniň satyn alnyş bahalarynyň ýokarlandyrylmagy bizi zähmet üstünliklerine ruhlandyrýar. Nobatdaky zähmet ýeňşimiz hem muňa şaýatlyk edýär — diýip, öňdebaryjy kärendeçi Täzegül Garahanowa guwanç bilen aýtdy.

Beýleki habarlar