"Türkmenistan Sport" Halkara žurnaly

Esaslandyryjysy: Türkmenistanyň sport we ýaşlar syýasaty ministrligi
Salgysy: Aşgabat şäheri, B.Saparmyrat Türkmenbaşy şaýoly 54
Telefon belgileri: 22-81-38

Makalalar

Täsirli çäre

Şu günler akyldar şahyrymyz Magtymguly Pyragynyň doglan gününiň 300 ýyllygyna bagyşlanyp, güneşli ülkämiziň dürli künjeginde baýramçylyk dabaralary geçirilýär. Halaç etrabyndaky 31-nji orta mekdepde hem «Ýaňlandyryp bu gün ýakyn-yragy, toýuna çagyrýar beýik Pyragy» diýen at bilen medeni çäre geçirildi. Etrap merkezi kitaphanasynyň guramagynda geçirilen çärä mekdep mugallymlary, ýokary synplaryň okuwçylary, medeniýet işgärleri, ýaşuly nesliň wekilleri, alymlar gatnaşdylar. Çärede mekdebiň mugallymlary Ogulnyýaz Rozyýewa, Rozygeldi Döwletow, Türkmenistanyň at gazanan medeniýet işgäri, mirasgär Oral Temirow, geografiýa ylymlarynyň kandidaty, alym Jorakul Rahmanow, kitaphana işgärleri Ogulgeldi Annageldiýewa, Lälegül Annamyradowa, Gülzar Garýagdyýewa, Aýjemal Sultanowa, Solmaz Razakowa we beýlekiler çykyş edip, Magtymguly Pyragynyň ömri we döredijiligi, ýaşan döwri, okan, gezen ýerleri, goşgularynyň ähmiýeti, häzirki döwürde şahyra goýulýan hormat barada gyzykly gürrüň etdiler. Mekdep okuwçylarynyň aýdym-sazly çykyşlarynda Berkarar döwletiň täze eýýamynyň Galkynyşy döwründe Gahryman Arkadagymyzyň, Arkadagly Gahryman Serdarymyzyň alyp barýan il-ýurt bähbitli ajaýyp işleri, ýurdumyzyň rowaçlyklary belentden wasp edildi. Magtymguly atamyzyň goşgularynyň labyzly

Taryhy mekan çeperçilik sungatynda

Türkmenistanyň Suratkeşler birleşiginiň welaýat şahamçasynyň sergiler zalynda Türkmenistanyň Döwlet çeperçilik akademiýasynyň mugallymlary hem-de welaýatlardan gelen suratkeşleriň gatnaşmaklarynda döredijilik duşuşygy geçirildi. Akyldar şahyrymyz Magtymguly Pyragynyň doglan gününiň 300 ýyllygyna bagyşlanyp geçirilen duşuşygyň ilkinji güni Idris baba medresesine zyýarat etmekden başlandy. Has dogrusy, duşuşygyň esasy maksady bu taryhy ýadygärligi suratkeşleriň eserlerinde janlardyrmakdan ybarat boldy.

Halypa weteran bilen duşuşyk

1941 — 1945-nji ýyllaryň urşunda gazanylan Ýeňşiň 79 ýyllygy mynasybetli welaýat prokuraturasynyň işgärleri uruş weterany, prokuratura edaralarynyň düzüminde uzak ýyllaryň dowamynda halal hem tutanýerli zähmet çeken  Köşek Soltanmyradowy Ýeňiş güni bilen gutladylar. 100 ýaşly halypa weteran bilen duşuşyk halypa-şägirtlik mekdebiniň hakyky nusgasyna öwrüldi. Ata Watany şirin janyndan geçip goran, söweş meýdanlarynda gaýduwsyzlygyň belent nusgasyny görkezen edermen weteranyň geçen ýoly, milli kanunçylygyň talaplarynyň doly we dogry berjaý edilmegi, adam hukuklarynyň we azatlyklarynyň goraglylygy babatda alyp baran işleri barada beren gürrüňleri onuň döwletli ojagyna myhman bolan adamlaryň her birinde ýakymly täsirleri galdyrdy hem-de olaryň watançylyk duýgularyny berkitdi.

Baýramçylyga bagyşlandy

1941 — 1945-nji ýyllaryň urşunda gazanylan Ýeňşiň 79 ýyllygy mynasybetli Daşoguzyň Magtymguly Garlyýew adyndaky ýörite sungat mekdebinde aýdym-sazly dabara geçirildi. Dabarada halypa mugallymlar Myrat Halbaýew, Resul Reýimbaýew, Gurbannepes Goşjanow dagy çykyş edip, Watan üçin öz janyny orta goýup söweşen merdana gerçeklerimiziň bu günki gün nesillerimiz tarapyndan sarpalanýandygy barada söhbet etdiler. Dabaranyň dowamynda söweş meýdanlaryndaky wakalary, parahat durmuşymyzy, pederlerimiziň edermenlik mekdebini giňden beýan edýän aýdymlar belentden ýaňlandy.

Ýol abat — il abat

Ýollarymyzyň asudalygyny we herekete gatnaşýanlaryň howpsuzlygyny gazanmak maksady bilen sürüjiler bilen yzygiderli duşuşyklary geçirýäris. Olara, esasan hem, howanyň gyzýan şertlerinde ulaglaryň guratlygyna gözegçiligi güýçlendirmeklerini tabşyrýarys. Bölümçämiziň gözegçileri tarapyndan herekete gatnaşýan ulaglaryň ýangyn söndüriji we beýleki zerur serişdeler bilen üpjünçiligine, ulaglaryň tekerleriniň talabalaýyklygyna aýratyn gözegçilik edilýär. Şeýle-de etrabyň köçelerinde ýol belgileriniň we ýol yşyklarynyň ýerleşdirilişini, sürüjileriň olary berjaý etmeklerini gözegçilikde saklaýarys. Ilat arasynda ýygy-ýygydan bolup, ýokary tizlikli hereketiň döredip biläýjek ýaramaz täsirlerini düşündirmek boýunça hem yzygiderli iş alyp barýarys.

Ýaş nesliň bagtyýarlygy ugrunda

Şu günler bilim edaralarynda bolup, mekdebi tamamlaýan uçurymlar bilen duşuşyklary guraýarys. «Soňky jaň» dabaralaryny guramaçylykly geçirmek maksady bilen geçirilýän bu ähmiýetli çärelerde degişli gulluklaryň we jemgyýetçilik guramalarynyň wekilleriniň çykyşlaryna giň orun berilýär. Edilýän çykyşlarda mekdebi tamamlaýan ýaşlara özlerini medeniýetli alyp barmaklary, jemgyýetçilik tertibini berk berjaý etmekleri ündelýär. Şeýle-de duşuşyklarda mekdep okuwçylarynyň tomusky dynç alşyna taýýarlyk işlerine hem aýratyn üns çekilýär. Ýaşlar özleri hakynda ýadawsyz alada edýän hormatly Prezidentimize hoşallyklaryny beýan edýärler.

Şanly ýyla bagyşlandy

Gökdepe etrabyndaky 24-nji orta mekdepde bilim alýan ýaşlaryň arasynda «Magtymguly — ynsan kalbynyň ruhy lukmany» ady bilen duşuşyk geçirildi. «Pähim-paýhas ummany Magtymguly Pyragy» ýylyna, Magtymguly Pyragynyň doglan gününiň 300 ýyllygyna bagyşlanan duşuşygy Türkmenistanyň Magtymguly adyndaky Ýaşlar guramasynyň etrap Geňeşi, etrabyň beýleki jemgyýetçilik guramalary hem-de etrap bilim bölümi bilelikde gurady. Duşuşykdaky çykyşlarda bellenilişi ýaly, Magtymguly Pyragy diňe bir türkmen halkynyň däl, eýsem dünýäniň pelsepewi pikirlerini ösdüren, çeperçilik aňyny nurlandyran, dünýewi durmuşy çeper şöhlelendiren akyldar şahyrdyr. Ol, ilkinji nobatda, türkmen halkynyň milli şahyrydyr. Beýik akyldaryň öz halkyna bolan söýgüsini, mährini hiç zat bilen deňäp bolmaýar. Şoňa görä-de, bu gün bagtyýar türkmen halky söýgüli şahyryň sarpasyny belentde tutup, berkarar döwletde onuň doglan gününiň 300 ýyllygyny uludan belläp geçýär.

Edebiýat agşamy geçirildi

Babadaýhan etrabynyň Medeniýet öýünde Magtymguly Pyragynyň doglan gününiň 300 ýyllygy mynasybetli edebiýat agşamy geçirildi. Etrabyň jemgyýetçilik guramalarynyň, medeniýet bölüminiň hem-de etrap merkezi kitaphanasynyň bilelikde guramagynda geçen edebiýat agşymyna ýaşlar, şol sanda ýaş kitaphana okyjylary işjeň gatnaşdylar. Edebiýat agşamynda «Pähim-paýhas ummany Magtymguly Pyragy» ýylynda beýik akyldaryň hormatyna geçirilýän çäreleriň ähmiýeti, şahyryň edebi mirasyny öwrenmek we dünýä ýaýmak ugrunda alnyp barylýan işler barada gürrüň edildi, Pyragynyň şygyrlary labyzly okaldy, onuň goşgularyna düzülen aýdym-sazlar ýerine ýetirildi.

Senagat we gurluşyk önümçiligi pudagynda giň gerimli işler durmuşa geçirilýär

Ir­den hor­mat­ly Pre­zi­den­ti­miz tä­ze, döw­re­bap önüm­çi­li­giň gur­lup ulan­ma­ga be­ril­me­gi my­na­sy­bet­li gu­ral­ýan da­ba­ra­nyň ge­çi­ril­ýän ýe­ri­ne gel­di. Ýur­du­my­zyň dur­mu­şyn­da­ky şan­ly wa­ka my­na­sy­bet­li bu ýe­re Mej­li­siň Baş­ly­gy, Mi­nistr­ler Ka­bi­ne­ti­niň Baş­ly­gy­nyň orun­ba­sar­la­ry, mi­nistr­lik­le­riň we pu­dak­la­ýyn do­lan­dy­ryş eda­ra­la­ry­nyň ýol­baş­çy­la­ry, Ahal we­la­ýa­ty­nyň hä­ki­mi, köp­çü­lik­le­ýin ha­bar be­riş se­riş­de­le­ri­niň we jem­gy­ýet­çi­li­giň we­kil­le­ri ýyg­nan­dy­lar.

«Fiorentina» yzly-yzyna 2-nji gezek finalda

UEFA Ýew­ro­pa Kon­fe­ren­si­ýa Li­ga­sy­nyň ýa­rym fi­na­ly­nyň 1-nji du­şu­şyk­la­ryn­da 11 gol der­we­zä gi­ri­zil­di. Çem­pi­on­ly­gyň fa­wo­rit­le­rin­den «As­ton Wil­la» öz meý­dan­ça­syn­da «Olim­pia­kos­dan» ga­ra­şyl­ma­dyk ýag­daý­da 4–2 ha­sa­byn­da ýe­ňil­di. Grek to­pa­ry­nyň gol­la­ry­nyň 3-si­ni Aýub El-Kaa­bi (16, 29, 56 p), beý­le­ki go­lu­ny-da 67-nji mi­nut­da Haz­ze öz ady­na ýaz­dyr­dy. «As­ton Wil­la­dan» Wat­kins hem-de Dia­bi­niň gol­la­ry ýeň­şe ýet­me­di. Oý­nuň 83-nji mi­nu­tyn­da iň­lis klu­bu­nyň bra­zi­li­ýa­ly oýun­çy­sy Dug­las Lu­iz pe­nal­ti­ni dürs urup bil­me­di. Şeý­le-de, «Fio­ren­ti­na» çe­ke­le­şik­li ge­çen oýun­da «Klub Brýug­ge­ni» 3–2 ha­sa­byn­da ýeň­me­gi ba­şar­dy (Sot­til 5, Be­lot­ti 37, Nzo­la 90+1 — Wa­na­ken 17 p, Tia­go 63). Bel­gi­ýa­da oý­na­lan jo­gap du­şu­şy­gyn­da-da «Fio­ren­ti­na» «Klub Brýug­ge» bi­len 1–1 (Wanakan 20 — Beltran 85 p) deň­me-deň oý­nap, bas­syr 2-nji ge­zek Kon­fe­ren­si­ýa Li­ga­syn­da fi­na­la çyk­dy. Fi­nal du­şu­şy­gy 29-njy maý­da Gre­si­ýa­nyň paý­tag­ty Afi­ny­da oý­na­lar.

Iki oýunda-da 4 golly ýeňiş gazandy

Fut­bol bo­ýun­ça Türk­me­nis­ta­nyň Ýo­ka­ry Li­ga­syn­da 12-nji tap­gyr­da sa­na­wyň li­de­ri «Ar­ka­dag» to­pa­ry myh­man­çy­lyk­da «Ne­bit­çi­ni» 1-nji ýa­rym­da ge­çi­ren gol­la­ry esa­syn­da 4–0 ha­sa­byn­da ýeň­li­şe se­ze­war et­di. Du­şu­şyk­da Al­ty­my­rat An­na­dur­dy­ýew het-trik edip (3, 9, 26), beý­le­ki go­ly-da Şa­mäm­met Hy­dy­row (12) öz ady­na ýaz­dyr­dy. «Ahal» myh­man­çy­lyk­da «Şa­ga­da­my» Ak­mäm­met Met­dä­ýe­wiň 56-njy hem-de Gur­ban An­na­ýe­wiň 88-nji mi­nut­lar­da­ky gol­la­ry bi­len 2–0 ha­sa­byn­da ýeň­di. «Merw» bi­len «Aş­ga­bat» to­par­la­ry­nyň ara­syn­da­ky du­şu­şyk­da-da ma­ry­ly fut­bol­çy­lar iň ki­çi ha­sap bi­len ýe­ňiş ga­zan­dy. 7 fut­bol­çy­nyň sa­ry kart alan oý­nun­da «Merwe» ýe­ňiş ge­ti­ren ýe­ke-täk go­ly 37-nji mi­nut­da 11 metr­lik je­ri­me ur­gu­syn­dan Söh­bet Al­la­nu­row der­we­zä gi­riz­di. «Ener­ge­tik» bi­len «Kö­pet­da­gyň» ara­syn­da­ky oýun­da bol­sa ha­sap açyl­ma­dy. 13-nji tap­gyr­da «Ar­ka­dag» to­pa­ry myh­man­çy­lyk­da «Ahal» to­pa­ry­ny 4–0 ha­sa­byn­da ýeň­di. Du­şu­şyk­da sa­na­wyň li­de­ri­ne ýe­ňiş ge­ti­ren gol­la­ry Al­ty­my­rat

Bir sözlemde

Oma­nyň paý­tag­ty Mas­kat şä­he­rin­de oý­na­lan AFK Ku­bo­gy­nyň fi­na­lyn­da Awst­ra­li­ýa­nyň «Sent­ral Koast Ma­ri­ners» to­pa­ry çem­pi­on bo­lup, olar fi­nal­da Li­wa­nyň «Al-Ahed» to­pa­ry­ny Alu Kuo­lyň 84-nji mi­nut­da­ky go­ly esa­syn­da 1–0 ha­sa­byn­da ýeň­di we bu ýa­ryş­da ýe­ňiş ga­za­nan il­kin­ji Awst­ra­li­ýa klu­by hök­mün­de bel­li­ge alyn­dy. NBA-da ada­ty möw­sü­miň iň ök­de oýun­çy­sy (MVP) diý­lip, «Den­wer Nag­get­siň» 29 ýa­şyn­da­ky ser­bi­ýa­ly su­per ýyl­dy­zy Ni­ko­la Ýo­kiç saý­la­nyp, ol 2021-nji we 2022-nji ýyl­lar­dan soň bu baý­ra­gy 3-nji ge­zek al­ma­gy ba­şar­dy we ony azyn­dan 3 ge­zek ga­za­nan 9-njy bas­ket­bol­çy bol­dy.

Hepdäniň esasy duşuşyklary

10-njy maý (an­na) Fro­zi­no­ne – In­ter (23:45)

Çyg­ly sü­pür­giç ha­çan oý­la­nyp ta­pyl­dy?

Aras­sa­çy­lyk se­riş­de­si ha­sap­lan­ýan çyg­ly sü­pür­giç soň­ky ýyl­lar­da dur­mu­şy­my­zyň aý­ryl­maz bö­le­gi­ne öw­rül­di. Eý­sem, eli­mi­zi, köw­şü­mi­zi, okuw es­bap­la­ry­my­zy, sto­luň we otur­gy­jyň üs­tü­ni aras­sa­la­mak üçin giň­den ula­nyl­ýan çyg­ly sü­pür­giç ha­çan oý­la­nyp ta­pyl­dy­ka?! Çyg­ly sü­pür­giç bir ge­zek­lik ula­nyl­ýan aras­sa­çy­lyk se­riş­de­si bo­lup, dür­li ys­ly we zy­ýan­syz­lan­dy­ry­jy gör­nüş­le­ri bar. Ki­çi­jik ma­ta bö­le­jik­le­ri ulan­mak üçin oňaý­ly bo­lup, öý aras­sa­çy­ly­gyn­da, luk­man­çy­lyk hyz­mat­la­ryn­da we ofis iş­le­rin­de giň­den peý­da­la­nyl­ýar.

Ke­be­lek­ler ba­ra­da gy­zyk­ly mag­lu­mat­lar

Dün­ýä­de ke­be­lek­le­riň 200 mü­ňe go­laý gör­nü­şi bar. Ke­be­lek­ler sa­nal­gy gün ýa­şa­ýan mör-mö­jek­ler ha­sap­lan­ýar. Ke­be­le­giň mo­narh di­ýen gör­nü­şi 6 aý­dan 12 aýa çen­li ýa­şap bil­ýär.

Tan­kyt et­mek aň­sat...

Şäherden uzakdaky obalaryň birinde hö­wes­jeň su­rat­keş oglan ýa­şap­dyr. Ol diý­seň owa­dan su­rat­la­ry çe­kip­dir, ýö­ne oba­daş­la­ry onuň işi­ne he­mi­şe kem­ba­ha garapdyrlar. Onuň ýa­ny­na gel­ýän bi­kär­ler, su­rat­lar­dan kem­çi­lik göz­läp, tan­kyt et­mä­ge baş­la­ýan eken­ler. Gün­le­riň bir gü­ni bu­la­ryň bol­şun­dan nä­gi­le bo­lan su­rat­keş, çe­ken kar­ti­na­la­ry­ny öýü­niň öňün­den asyp go­ýup­dyr. Ol çe­ken su­rat­la­ry­na kem­ba­ha garaýan tan­kyt­çy­la­ryň äh­li­sin­den su­rat­la­ryň kem ýer­le­ri­ni dü­zet­mek üçin ýan­la­ry bi­len çot­ka­dyr bo­ýag ge­tir­mek­le­ri­ni to­wak­ga edip­dir. El­bet­de, tan­kyt­çy­la­ryň bi­ri hem ol ýer­de ga­ra ber­män­dir. Tan­kyt et­mek aň­sat, emma dü­zet­mek we­lin kyn.

Men agşam hor çekdimmi?

Ir­den tu­rup iň köp so­ral­ýan so­rag­la­ryň bi­ri hem «Men ag­şam hor çek­dim­mi?». Hor çek­mek ýy­gy-ýy­gy­dan duş gel­ip, hor­la­ma­gyň nä­hi­li ýag­daý­da, nä­dip eme­le gel­ýän­di­gi hem­me­ler üçin gy­zyk­ly bol­sa ge­rek. Çak edi­li­şi­ne gö­rä, ulu­la­ryň 45 gö­te­ri­mi wag­tal-wag­tal, 25 gö­te­ri­mi yzy­gi­der­li hor çek­ýär. Hor çek­mek sag­lyk bi­len bag­ly ýag­daý­my? Eý­sem, hor­la­ma­gyň öňü­ni alyp bol­ýar­my? Hor­la­mak dem alyş ýo­lu­ndaky bö­lek­le­ýin päs­gel­çi­lik, bo­kur­da­gyň çiş­me­gi we myş­sa­la­ryň gow­şa­ma­gy se­bäp­li ýü­ze çyk­ýar. Ho­wa ýo­ly pe­tik­le­nip, aň­sat­lyk bi­len dem alyp bol­ma­ýan­dy­gy se­bäp­li, dem al­nan­da bo­kur­dak­da tit­re­me dö­räp, hor­rul­dy­ly ses eme­le gel­ýär. Hor­la­mak ada­myň hem özü­ne, hem-de tö­we­re­gin­dä­ki­le­riň dynç al­şy­na tä­sir ed­ýär. Hor çek­ýän adam­da er­te­si gün ýa­daw­lyk ala­mat­la­ry bi­len bir­lik­de, kel­la­gy­ry, be­den­de kä­bir agy­ry­lar ýa­ly ala­mat­lar ýü­ze çy­kyp bi­ler.

Uzak wagt iş­le­me­giň ne­ti­je­si

Bi­ler­men­le­riň ge­çi­ren bar­lag­la­ry­na gö­rä, dynç al­maz­dan we ara­kes­me et­mez­den uzak wagt­lap iş­le­me­giň dep­res­si­ýa hem-de do­wam­ly ke­sel­le­re se­bäp bol­ýan­dy­gy ýü­ze çy­ka­ryl­dy. Bi­ler­men­le­riň bel­le­me­gi­ne gö­rä, uzak wagt­lap iş­le­me­giň zy­ýan­ly ta­ra­py gi­je­si­ne hem zäh­met çek­mek bi­len bag­ly bo­lup, bu ýag­daý «ýet­gin­jek­lik döw­rü­niň me­ýil­na­ma­sy­na» ga­bat gel­ýär. Or­ta ýaş­ly­lar­da köp duş gel­ýän goş­ma­ça iş­ler wag­tyň geç­me­gi bi­len dart­gyn­ly ýag­daý­la­ra we sag­lygyň peselmegine se­bäp bol­ýar. ABŞ-da ge­çi­ri­len bar­lag­lar­da 30 ýy­lyň do­wa­myn­da 7 müň­den gow­rak iş­çi­niň gün ter­ti­bi göz­den ge­çi­ril­di. Bar­la­ga gat­na­şan­la­ryň dör­dü­sin­den di­ňe bi­ri­niň gün­diz iş­le­ýän­di­gi we gi­je­si­ne dynç al­ýan­dy­gy anyk­lan­dy. Sy­na­ga gat­na­şy­jy­la­ryň dört­den üç bö­le­gi 22-50 ýaş ara­ly­gyn­da bo­lup, gi­je­si­ne hem iş­le­ýän­dik­le­ri­ni bel­le­ýär­ler. Ge­çi­ri­len söh­bet­deş­lik­ler­de iş­çi­ler gün­diz­ki iş ter­ti­bin­den soň gi­je­si­ne hem zäh­met çe­ken­dik­le­ri­ni aý­dyp, 50 ýa­şa ýe­ten­lerin

Meş­hur ko­fe gör­nüş­le­ri: gyz­gyn­my ýa-da so­wuk ko­fe?

Dün­ýä bel­li ta­gam gol­lan­ma­sy bo­lan «Tas­te­at­las» köp­çü­li­giň ha­la­ýan 10 ko­fe­si­niň sa­na­wy­ny ýaý­rat­dy. Dün­ýä­de iň köp içil­ýän gyz­gyn we so­wuk içim­lik­le­riň bi­ri bo­lan ko­fe­niň ata Wa­ta­ny Efio­pi­ýa ha­sap­lan­ýar. Hä­zir­ki wagt­da ko­fe­niň ta­gam we taý­ýar­la­nyş ba­bat­da bi­ri-bi­rin­den ta­pa­wut­lan­ýan 35-den gow­rak gör­nü­şi bar. Köp­ler ko­fe­ni gyz­gyn içim­lik di­ýip ha­sap­la­ýan bol­sa, köp­ler so­wuk ko­fe­ni to­mus pas­ly­nda ja­na şy­pa be­ri­ji içim­lik hök­mün­de iç­ýär­ler. Ge­liň, ko­fe­niň has meş­hur gör­nüş­le­ri bi­len ta­nyş bo­la­lyň! Ku­ba esp­res­so, Ku­ba. «Ka­fecito» hem di­ýil­ýän ku­ba ko­fe­si esp­res­so ma­şy­nyn­da taý­ýar­lan­ýar. Il­ki­baş­da gaý­na­dy­lyp, soň­ra nah ma­ta­dan sü­zü­lip şe­ker go­şu­lan ku­ba ko­fe­si hä­zir­ki wagt­da ma­şyn­ka­da taý­ýar­lan­ýar. Şeý­le hem bu iç­gä ak şe­ker däl-de, de­me­ra­ra şe­ke­ri (te­bi­gy go­ňur şe­ker) go­şul­ýar. Ýe­ri ge­len­de bel­le­sek, Ku­ba­da go­ňur şe­ker has ýaý­ran­dyr. «Ka­fecito» ko­fe­sin­de açyk go­ňur kö­pür­jik eme­le gel­ýär. Bu ko­fe adat­ça gü­nor­tan içil­ýär

Dünýä täzelikleri gys­ga se­tir­ler­de

Middl­ton öňe saý­lan­dy. Be­ýik Bri­ta­ni­ýa­ly­la­ryň kö­pü­si Keýt Middl­to­ny öz­le­ri üçin Ko­rol maş­ga­la­sy­nyň iň go­wy gö­rül­ýän ag­za­sy hök­mün­de saý­la­dy­lar. Onuň üçin pi­ki­ri so­ra­lan­la­ryň 63 gö­te­ri­mi ses ber­di. Şeý­le­lik­de, şa­za­da­nyň aýa­ly Keýt bu sa­naw­da uzak wagt­lap li­der­li­gi eýe­län ýan­ýo­lda­şy şa­za­da Uil­ýam­dan öňe saý­lan­dy. Sa­dyk Han ýe­ňiş ga­zan­dy. Gaýtadan saý­la­nan Lon­do­nyň ýer­li hä­ki­mi­ýe­ti­niň ýol­baş­çy­sy Sa­dyk Han bu we­zi­pe­de üçün­ji möh­le­te ga­lar. Şu aýyň ba­şyn­da ge­çi­ri­len saý­law­­da «Zäh­met» par­ti­ýa­sy­na we­kil­çi­lik ed­ýän Han 43,7 gö­te­rim se­se, onuň kon­ser­wa­tiw bäs­de­şi Sýu­zan Holl bol­sa, 32,6 gö­te­rim se­se eýe bol­dy.