Middlton öňe saýlandy. Beýik Britaniýalylaryň köpüsi Keýt Middltony özleri üçin Korol maşgalasynyň iň gowy görülýän agzasy hökmünde saýladylar. Onuň üçin pikiri soralanlaryň 63 göterimi ses berdi. Şeýlelikde, şazadanyň aýaly Keýt bu sanawda uzak wagtlap liderligi eýelän ýanýoldaşy şazada Uilýamdan öňe saýlandy.
Sadyk Han ýeňiş gazandy. Gaýtadan saýlanan Londonyň ýerli häkimiýetiniň ýolbaşçysy Sadyk Han bu wezipede üçünji möhlete galar. Şu aýyň başynda geçirilen saýlawda «Zähmet» partiýasyna wekilçilik edýän Han 43,7 göterim sese, onuň konserwatiw bäsdeşi Sýuzan Holl bolsa, 32,6 göterim sese eýe boldy.