Meş­hur ko­fe gör­nüş­le­ri: gyz­gyn­my ýa-da so­wuk ko­fe?

10 Maý 2024
307

Dün­ýä bel­li ta­gam gol­lan­ma­sy bo­lan «Tas­te­at­las» köp­çü­li­giň ha­la­ýan 10 ko­fe­si­niň sa­na­wy­ny ýaý­rat­dy. Dün­ýä­de iň köp içil­ýän gyz­gyn we so­wuk içim­lik­le­riň bi­ri bo­lan ko­fe­niň ata Wa­ta­ny Efio­pi­ýa ha­sap­lan­ýar. Hä­zir­ki wagt­da ko­fe­niň ta­gam we taý­ýar­la­nyş ba­bat­da bi­ri-bi­rin­den ta­pa­wut­lan­ýan 35-den gow­rak gör­nü­şi bar. Köp­ler ko­fe­ni gyz­gyn içim­lik di­ýip ha­sap­la­ýan bol­sa, köp­ler so­wuk ko­fe­ni to­mus pas­ly­nda ja­na şy­pa be­ri­ji içim­lik hök­mün­de iç­ýär­ler. Ge­liň, ko­fe­niň has meş­hur gör­nüş­le­ri bi­len ta­nyş bo­la­lyň!

Ku­ba esp­res­so, Ku­ba. «Ka­fecito» hem di­ýil­ýän ku­ba ko­fe­si esp­res­so ma­şy­nyn­da taý­ýar­lan­ýar. Il­ki­baş­da gaý­na­dy­lyp, soň­ra nah ma­ta­dan sü­zü­lip şe­ker go­şu­lan ku­ba ko­fe­si hä­zir­ki wagt­da ma­şyn­ka­da taý­ýar­lan­ýar. Şeý­le hem bu iç­gä ak şe­ker däl-de, de­me­ra­ra şe­ke­ri (te­bi­gy go­ňur şe­ker) go­şul­ýar. Ýe­ri ge­len­de bel­le­sek, Ku­ba­da go­ňur şe­ker has ýaý­ran­dyr. «Ka­fecito» ko­fe­sin­de açyk go­ňur kö­pür­jik eme­le gel­ýär. Bu ko­fe adat­ça gü­nor­tan içil­ýär we ýa­ny bi­len bir bul­gur suw be­ril­ýär. Ku­ba­no ko­fe­si Ku­ba­da we ABŞ-da hor­mat-sy­la­gyň we me­de­ni iş­jeň­li­giň mö­hüm bir bö­le­gi bo­lup dur­ýar.