Täsirli çäre

10 Maý 2024
502

Şu günler akyldar şahyrymyz Magtymguly Pyragynyň doglan gününiň 300 ýyllygyna bagyşlanyp, güneşli ülkämiziň dürli künjeginde baýramçylyk dabaralary geçirilýär. Halaç etrabyndaky 31-nji orta mekdepde hem «Ýaňlandyryp bu gün ýakyn-yragy, toýuna çagyrýar beýik Pyragy» diýen at bilen medeni çäre geçirildi. Etrap merkezi kitaphanasynyň guramagynda geçirilen çärä mekdep mugallymlary, ýokary synplaryň okuwçylary, medeniýet işgärleri, ýaşuly nesliň wekilleri, alymlar gatnaşdylar.

Çärede mekdebiň mugallymlary Ogulnyýaz Rozyýewa, Rozygeldi Döwletow, Türkmenistanyň at gazanan medeniýet işgäri, mirasgär Oral Temirow, geografiýa ylymlarynyň kandidaty, alym Jorakul Rahmanow, kitaphana işgärleri Ogulgeldi Annageldiýewa, Lälegül Annamyradowa, Gülzar Garýagdyýewa, Aýjemal Sultanowa, Solmaz Razakowa we beýlekiler çykyş edip, Magtymguly Pyragynyň ömri we döredijiligi, ýaşan döwri, okan, gezen ýerleri, goşgularynyň ähmiýeti, häzirki döwürde şahyra goýulýan hormat barada gyzykly gürrüň etdiler. Mekdep okuwçylarynyň aýdym-sazly çykyşlarynda Berkarar döwletiň täze eýýamynyň Galkynyşy döwründe Gahryman Arkadagymyzyň, Arkadagly Gahryman Serdarymyzyň alyp barýan il-ýurt bähbitli ajaýyp işleri, ýurdumyzyň rowaçlyklary belentden wasp edildi. Magtymguly atamyzyň goşgularynyň labyzly okalmagy, şahyryň sözlerine döredilen aýdymlaryň ýerine ýetirilmegi çärä gatnaşyjylara ruhy lezzet paýlady.

Ödegeldi KULYÝEW,
ýörite habarçymyz. Surata düşüren awtor.