Tan­kyt et­mek aň­sat...

10 Maý 2024
325

Şäherden uzakdaky obalaryň birinde hö­wes­jeň su­rat­keş oglan ýa­şap­dyr. Ol diý­seň owa­dan su­rat­la­ry çe­kip­dir, ýö­ne oba­daş­la­ry onuň işi­ne he­mi­şe kem­ba­ha garapdyrlar. Onuň ýa­ny­na gel­ýän bi­kär­ler, su­rat­lar­dan kem­çi­lik göz­läp, tan­kyt et­mä­ge baş­la­ýan eken­ler. Gün­le­riň bir gü­ni bu­la­ryň bol­şun­dan nä­gi­le bo­lan su­rat­keş, çe­ken kar­ti­na­la­ry­ny öýü­niň öňün­den asyp go­ýup­dyr. Ol çe­ken su­rat­la­ry­na kem­ba­ha garaýan tan­kyt­çy­la­ryň äh­li­sin­den su­rat­la­ryň kem ýer­le­ri­ni dü­zet­mek üçin ýan­la­ry bi­len çot­ka­dyr bo­ýag ge­tir­mek­le­ri­ni to­wak­ga edip­dir. El­bet­de, tan­kyt­çy­la­ryň bi­ri hem ol ýer­de ga­ra ber­män­dir.

Tan­kyt et­mek aň­sat, emma dü­zet­mek we­lin kyn.