Halypa weteran bilen duşuşyk

10 Maý 2024
647

1941 — 1945-nji ýyllaryň urşunda gazanylan Ýeňşiň 79 ýyllygy mynasybetli welaýat prokuraturasynyň işgärleri uruş weterany, prokuratura edaralarynyň düzüminde uzak ýyllaryň dowamynda halal hem tutanýerli zähmet çeken  Köşek Soltanmyradowy Ýeňiş güni bilen gutladylar. 100 ýaşly halypa weteran bilen duşuşyk halypa-şägirtlik mekdebiniň hakyky nusgasyna öwrüldi.

Ata Watany şirin janyndan geçip goran, söweş meýdanlarynda gaýduwsyzlygyň belent nusgasyny görkezen edermen weteranyň geçen ýoly, milli kanunçylygyň talaplarynyň doly we dogry berjaý edilmegi, adam hukuklarynyň we azatlyklarynyň goraglylygy babatda alyp baran işleri barada beren gürrüňleri onuň döwletli ojagyna myhman bolan adamlaryň her birinde ýakymly täsirleri galdyrdy hem-de olaryň watançylyk duýgularyny berkitdi.

Ýörite habarçymyz.