"Türkmenistan Sport" Halkara žurnaly

Esaslandyryjysy: Türkmenistanyň sport we ýaşlar syýasaty ministrligi
Salgysy: Aşgabat şäheri, B.Saparmyrat Türkmenbaşy şaýoly 54
Telefon belgileri: 22-81-38

Makalalar

Ýa­sa­ma dost­lu­gy nä­dip saý­gar­ma­ly?!

Dost we dost­luk­ly gat­na­şyk­lar dur­muş­da adam üçin iň der­wa­ýys zat­la­ryň bi­ri­dir. Be­ge­ne­niň­de ýa-da gynananyňda ýag­da­ýyň ba­ra­da il­ki bi­len dos­tu­ňa gür­rüň be­ril­ýär. Belli bir ka­ra­ra ge­lip bil­män ikir­jiň­le­nen ha­la­tyň­da hem dos­tuň­dan mas­la­hat so­ral­ýar. «Kö­ne dost – eýer­li at» diý­li­şi ýa­ly, il­kin­ji­le­riň ha­ta­ryn­da ha­lyň­dan ha­bar al­ýan hem ýe­ne-de dos­tuň... Adam öm­rü­niň do­wa­myn­da bir­nä­çe dost ga­za­nyp bi­ler. Gat­naş­ýan dost­la­ry­my­zyň hem­me­si çyn dost­my? Siz dost­la­ry­ňyz ba­ra­da nä­hi­li pi­kir­de? Psi­ho­log­lar ýa­sa­ma dost­lu­gy giz­läp bol­ma­jak 9 gy­lyk-hä­si­ýet ba­ra­da bel­läp geç­ýär­ler. Ge­liň, bi­ze ýa­kyn adam­la­ryň çyn ýa-da ýa­sa­ma dost­lu­gy ba­ra­da ta­nyş bo­la­lyň! Dur­nuk­syz­lyk. Ýa­sa­ma dost­lar köp­lenç bir za­da mä­täç bo­lan­da ýa-da kyn ýag­da­ýa dü­şen­de siz­den kö­mek so­ra­ýar. Em­ma si­ze bir zat ge­rek bo­lan­da, ýag­ny dos­tu­ňy­za ýüz tu­ta­ny­ňyz­da ge­rek za­dy­ňy­zyň özün­de ýok­du­gy­ny ýa-da şol işi bi­ti­rip bil­me­ýän­di­gi­ni aý­dar. Şeý­le hem ol ze­rur bo­lan­da wagt­la­ýyn ýi­tip gi­der

Bio­teh­no­lo­gi­ýa bo­ýun­ça tä­ze mak­sat­na­ma

Hor­mat­ly Pre­zi­den­ti­mi­ziň 10-njy maý­da Mi­nistr­ler Ka­bi­ne­ti­niň san­ly ul­gam ar­ka­ly ge­çi­ri­len no­bat­da­ky mej­li­sin­de «Türk­me­nis­tan­da bio­teh­no­lo­gi­ýa­ny top­lum­la­ýyn ös­dür­me­giň 2024 – 2028-nji ýyl­lar üçin Döw­let mak­sat­na­ma­sy­ny tas­syk­la­mak ha­kyn­da» Ka­ra­ra gol çek­me­gi bio­teh­no­lo­gi­ýa­nyň kö­me­gi bi­len ýur­du­myz­da ösen bio­se­na­ga­ty eme­le ge­tir­me­giň yl­my esas­la­ry­ny iş­läp düz­mek­de mö­hüm ädi­me öw­rül­di. Tä­ze Mak­sat­na­ma we ony ama­la aşyr­mak bo­ýun­ça ýe­ri­ne ýe­ti­ril­me­li çä­re­le­riň Me­ýil­na­ma­sy de­giş­li mi­nistr­lik­ler hem-de pu­dak­la­ýyn do­lan­dy­ryş eda­ra­la­ry bi­len bi­le­lik­de Türk­me­nis­ta­nyň Ylym­lar aka­de­mi­ýa­sy­nyň Teh­no­lo­gi­ýa­lar mer­ke­zi ta­ra­pyn­dan iş­le­nip taý­ýar­la­nyl­dy. Tä­ze ka­bul edi­len mak­sat­na­ma bi­len bi­le­lik­de, bio­teh­no­lo­gi­ýa­nyň kö­me­gi bi­len ýur­du­myz­da ösen bio­se­na­ga­ty eme­le ge­tir­mek göz öňün­de tu­tul­ýar. Yl­myň we bi­li­miň çalt dep­gin­ler­de ös­me­gi bi­len dün­ýä­de «ýa­şyl» yk­dy­sa­dy­ýe­tiň mö­hüm ugur­la­ry: eko-, na­no-, bio- we mag­

Türk­me­nis­tan-ÝB: 30 ýyl­lyk hyz­mat­daş­lyk

Hor­mat­ly Pre­zi­den­ti­mi­ziň alyp bar­ýan öň­den­gö­rü­ji­lik­li da­şa­ry sy­ýa­sat ug­run­da hal­ka­ra gu­ra­ma­lar bi­len hyz­mat­daş­ly­ga aý­ra­tyn äh­mi­ýet be­ril­ýär. Hu­su­san-da, soň­ky ýyl­lar­da Türk­me­nis­tan bi­len Ýew­ro­pa Bi­le­le­şi­gi­niň ara­syn­da­ky hyz­mat­daş­lyk gat­na­şyk­la­ry tä­ze de­re­je­le­re çy­ka­ryl­dy hem-de bir­nä­çe ugur­lar­da gat­na­şyk­lar ýo­la go­ýul­dy. Hä­zir­ki wagt­da bu gat­na­şyk­la­ryň ýo­la go­ýul­ma­gy­na 30 ýyl dol­dy. Ge­çen dö­wür­de Türk­me­nis­tan bi­len Ýew­ro­pa Bi­le­le­şi­gi sy­ýa­sy-dip­lo­ma­tik, söw­da-yk­dy­sa­dy we me­de­ni-yn­san­per­wer ugur­la­ry bo­ýun­ça, şeý­le hem hal­ka­ra for­mat­la­ryn­da ýag­ny «Ýew­ro­pa Bi­le­le­şi­gi-Mer­ke­zi Azi­ýa» gör­nü­şin­de hyz­mat­daş­ly­gy­ny has-da pug­ta­lan­dyr­dy. Il­kin­ji no­bat­da, sy­ýa­sy-dip­lo­ma­tik, söw­da-yk­dy­sa­dy we me­de­ni-yn­san­per­wer ugur­la­ry bo­ýun­ça Ýew­ro­pa Bi­le­le­şi­gi bi­len ul­gam­la­ýyn esas­da gat­na­şyk­la­ry ös­dür­mek mak­sa­dy bi­len, iki­ta­rap­la­ýyn we köp­ta­rap­la­ýyn for­mat­lar­da­ky ne­ti­je­li gu­ral­lar we ola­ryň çäk­le­rin­de yzy­g

Magtymguly Pyragy medeni-seýilgäh toplumy açylýar

Azyk önümçiliginiň döwrebap tehnologiýalarynyň halkara sergisi

15-17-nji maý­da Söw­da-se­na­gat eda­ra­sy­nyň ser­gi za­lyn­da azyk önüm­çi­li­gi­niň döw­re­bap teh­no­lo­gi­ýa­la­ry­nyň hal­ka­ra ser­gi­si ge­çi­ril­ýär. Şu ge­zek­ki göz­den ge­çi­ri­liş oba ho­ja­lyk pu­da­gyn­da di­ňe bir ýur­du­my­zyň ga­za­nan üs­tün­lik­le­ri­ni be­ýan et­mek bi­len çäk­len­män, eý­sem, bu pu­dak­da iş­jeň orun eýe­le­ýän işe­wür dü­züm­le­riň ägirt uly müm­kin­çi­lik­le­ri­ni hem açyp gör­kez­ýär. Bu ýer­de Türk­me­nis­ta­nyň we da­şa­ry döw­let­le­riň gat­na­şy­jy­la­ry­nyň 100-den gow­rak we­ki­li öz önüm­le­ri­ni we hyz­mat­la­ry­ny hö­dür­le­di. Şo­la­ryň ha­ta­ryn­da Oba ho­ja­lyk, Daş­ky gur­şa­wy go­ra­mak mi­nistr­lik­le­ri, de­giş­li kär­ha­na­lar we dü­züm­ler, türk­men te­le­ke­çi­le­ri bar. Şeý­le-de, Rus­si­ýa­dan, Tür­ki­ýe­den, Be­la­rus­dan, Öz­be­gis­tan­dan ge­len gat­na­şy­jy­lar in­no­wa­si­on teh­no­lo­gi­ýa­la­ra we nou-hau­la­ra ün­si çek­ýän di­war­lyk­la­ry­ny ýaý­baň­lan­dyr­dy­lar.

Wa­ta­ny­my­zyň mu­kad­des ny­şan­la­ry

Hormatly Prezidentimiziň baştutanlygynda Garaşsyz, hemişelik Bitarap Türkmenistanyň her bir güni beýik ösüşlere, şanly wakalara beslenýär. Konstitusiýanyň kadalary, Türkmenistanyň ka­nun­lary arkaly adam hukuklary goralýan hem-de kepillendirilýän demokratik, hukuk we dünýewi döwlet bolan ýurdumyzda ösüşiň täze tapgyrynda ägirt uly özgertmeler amala aşyrylýar. Mun­dan 33 ýyl ozal ga­dy­my türk­men hal­ky­nyň erk-is­le­gi ama­la aşy­ry­lyp, «Türk­me­nis­ta­nyň Ga­raş­syz­ly­gy we döw­let gur­lu­şy­nyň esas­la­ry ha­kyn­da» Kons­ti­tu­si­on ka­nun ka­bul edil­di. Öz Ga­raş­syz­ly­gy­na eýe bo­lan gü­nün­den bä­ri ýur­du­myz ösüş­ler­den-ösüş­le­re ta­rap ynam­ly öňe bar­ýar, dur­muş-yk­dy­sa­dy mak­sat­na­ma­lar üs­tün­lik­li dur­mu­şa ge­çi­ril­ýär, döw­let do­lan­dy­ry­şy kä­mil­leş­di­ril­ýär. Ýur­du­my­zyň de­mok­ra­tik, hu­kuk we dün­ýe­wi esas­la­ry­ny pug­ta­lan­dyr­mak bo­ýun­ça yzy­gi­der­li ta­gal­la­lar edil­ýär. Gahryman Arkadagymyzyň baş­lan­gyç­la­ry esa­syn­da yzy­gi­der­li ama­la aşy­ry­lan kons­ti­tu­si­on öz­gert­me­ler ada­myň hu­kuk­la­ry­ny, azat­lyk­la­ry­ny go­ra­mak­da, ila­tyň dür­li gat­lak­la­ry­ny döw­le­tiň iş­le­ri

Ýerden peýdalanmagyň kadalary

Ýurdumyzda ýerleri ulanyşa bermek işi «Ýer hakynda» Türkmenistanyň Bitewi kanunyna esaslanýar. Bu Bitewi kanun ýerleri dolandyrmagyň hukuk, guramaçylyk, ykdysady esaslaryny kesgitleýär we olary rejeli peýdalanmaga, goramaga hem-de daşky gurşawy abat saklamaga, şeýle-de gowulandyrmaga, ýerde hojalyk işlerini alyp barmagyň dürli görnüşlerini ulanmaga, ýer gatnaşyklaryny düzgünleşdirmäge gönükdirilendir. Milli kanunçylyga laýyklykda, ýer bölekleri eýeçilige, peýdalanmaga ýa-da kärendesine berlip bilner. Ýer böleklerinden peýdalanmagyň görnüşleri barada «Ýer hakynda» Türkmenistanyň Bitewi kanunynyň 17-nji maddasynda jikme-jik beýan edilýär.

Ýangyndan ägä boluň!

Berkarar döwletiň täze eýýamynyň Galkynyşy döwründe halkymyzyň durmuş derejesini ýokarlandyrmak ugrunda alnyp barylýan işleriň rowaçlanýandygyny her günde, her ädimde görýäris. Halkyň gazananlaryny ýangyndan goramak döwrüň wajyp meseleleriniň biri bolup durýar. Şu wajyp wezipeden ugur alyp, Türkmenistanyň Içeri işler ministrliginiň Döwlet ýangyn howpsuzlygy gullugynyň işgärleri öz maslahatlary bilen raýatlarymyza ýüzlenip, şulary ýatladýar.  Söwda kärhanalarynyň ýangyn howpsuzlygy boýunça jogapkär işgärleri ýangyn howpsuzlygyny üpjün etmäge gönükdirilen ähli çäreleriň öz wagtynda amala aşyrylmalydyr. Ýerzeminlerde, jaýlarda partlaýan jisimler, gazly ballonlar, ýanýan suwuklyklar, durmuş himiýasynyň harytlary, aerozol gaply harytlar, şeýle-de olardan edilen önümleri saklamak gadagandyr.

Baýramçylyk dabarasy

Ýakynda Türkmenistanyň Kärdeşler arkalaşyklarynyň Esenguly etrap birleşmesiniň guramagynda Türkmenistanyň Konstitusiýasynyň we Döwlet baýdagynyň güni mynasybetli «Berkarar döwletiň täze eýýamynyň Konstitusiýasy we hormatly Prezidentimiziň özgertmeler syýasaty» atly baýramçylyk dabarasy geçirildi. Oňa jemgyýetçilik guramalarynyň işjeň agzalary, etrabyň edara-kärhanalarynyň wekilleri, etrap halk maslahatynyň agzalary we il sylagly ýaşulular gatnaşdy. Dabarada çykyş edenler hormatly Prezidentimiz Arkadagly Gahryman Serdarymyzyň başda durmagynda ýurdumyzda ýetilýän belent sepgitler, halkyň agzybirlikde, asudalykda, jebislikde çekýän asylly zähmeti, Esasy Kanunymyzyň saýasynda şu günki bagtyýar durmuşyň höziri dogrusynda täsirli gürrüň etdiler.

Iň gowy haly gurnagy

Türkmenistanyň Jemgyýetçilik guramalarynyň merkezinde «Pähim-paýhas ummany Magtymguly Pyragy» ýylynda ýurdumyzyň umumybilim berýän orta mekdeplerinde, mekdepden daşary bilim edaralarynda hereket edýän haly gurnaklarynyň arasynda yglan edilen «Iň gowy haly gurnagy» atly bäsleşigiň jemleýji tapgyry geçirildi. Bäsleşigi Türkmenistanyň Bilim ministrligi, Türkmenistanyň Zenanlar birleşiginiň Merkezi Geňeşi, Türkmenistanyň Kärdeşler arkalaşyklarynyň Milli merkezi hem-de «Türkmenhaly» döwlet birleşigi bilelikde guradylar. Bäsleşikde okuwçy gyzlar şertleriň 3-si boýunça bäsleşdiler. Bäsleşigiň 1-nji şertinde oňa gatnaşyjylar öz okaýan mekdebinde, mekdepden daşary bilim edarasynda hereket edýän haly gurnagyny şahyrana dilde tanyşdyrdylar hem-de terbiýeçilik ähmiýetli şygyrlaryň, aýdymlaryň, rowaýatlaryň üsti bilen şahsy ukyplaryny beýan etdiler.

Bäsleşik gyzykly geçdi

       Aşgabat şäherinde ýerleşýän Çagalar awtoşäherçesinde Türkmenistanyň Konstitusiýasynyň we Türkmenistanyň Döwlet baýdagynyň güni mynasybetli «Goý, parlasyn bagtyýarlyk baýdagy!» atly bäsleşik geçirildi. Ony Türkmenistanyň Içeri işler ministrliginiň Polisiýanyň ýol gözegçilik müdirligi, Aşgabat şäher Baş bilim müdirligi, Türkmenistanyň Magtymguly adyndaky Ýaşlar guramasynyň Aşgabat şäher Geňeşi we Çagalar awtoşäherçesi bilelikde guradylar.        Bäsleşige Aşgabat şäheriniň umumybilim berýän orta mekdepleriniň 7-8-nji synplarynda bilim alýan okuwçylaryndan ybarat bolan toparlaryň altysy gatnaşdy.

Türkmenistanyň Konstitusiýasynyň we Türkmenistanyň Döwlet baýdagynyň gününe

Goşa baýramçylyga bagyşlanan dabara Ýakynda TKA-nyň welaýat birleşmesiniň, Türkmenistanyň döwlet Energetika institutynyň bilelikde guramagynda Türkmenistanyň Konstitusiýasynyň we Türkmenistanyň Döwlet baýdagynyň güni mynasybetli institutyň ýygnaklar zalynda baýramçylyk dabarasy geçirildi. Oňa TKA-nyň welaýat, etrap-şäher birleşmeleriniň wekilleri, işjeň agzalary, institutyň mugallymlarydyr talyp ýaşlary gatnaşdylar.

Dabaraly maslahat

Berkarar döwlet istärin Mary şäheriniň “Mary” myhmanhanasynyň mejlisler zalynda TDP-niň welaýat, şäher, etrap komitetleriniň bilelikde guramaklarynda akyldar şahyrymyz Magtymguly Pyragynyň doglan gününiň 300 ýyllygy, Türkmenistanyň Konstitusiýasynyň we Türkmenistanyň Döwlet baýdagynyň güni mynasybetli “Berkarar döwlet istärin” atly dabaraly maslahat geçirildi. Maslahata Türkmenistanyň Mejlisiniň deputatlary hem-de bilim ulgamynyň işgärleri, jemgyýetçilik guramalarynyň, ýaşuly nesliň wekilleri gatnaşdylar.

Wagyz-nesihat çäreleri

Adalat Kanunym, ýaşyl Baýdagym Golaýda TKA-nyň welaýat birleşmesiniň ýygnaklar zalynda TAP-nyň welaýat, şäher komitetleriniň hem-de TKA-nyň welaýat birleşmesiniň bilelikde guramagynda Türkmenistanyň Konstitusiýasynyň hem-de Türkmenistanyň Döwlet baýdagynyň güni mynasybetli wagyz-nesihat duşuşygy geçirildi. “Berkarar Watanda goşa baýramym — adalat Kanunym, ýaşyl Baýdagym” ady bilen geçirilen wagyz-nesihat duşuşygyna TAP-nyň hem-de TKA-nyň işjeň agzalary, Türkmenistanyň Mejlisiniň deputatlary, welaýat, şäher, etrap halk maslahatlarynyň agzalary gatnaşdylar.

Kämil nesil — nurana geljek

Golaýda etrapdaky 4-nji çagalar bagynda TDP-niň etrap komitetiniň, TMÝG-niň etrap geňeşiniň, Türkmenistanyň ylym we bilim işgärleriniň kärdeşler arkalaşyklarynyň ilkinji guramalarynyň başlyklarynyň etrap geňeşiniň, etrap bilim bölüminiň bilelikde guramagynda «Kämil nesil — nurana geljek» atly wagyz-nesihat çäresi geçirildi. Çärä etrapdaky 1, 4, 8-nji çagalar baglarynyň hem-de TDP-niň etrap komitetiniň, TMÝG-niň etrap geňeşiniň, Türkmenistanyň ylym we bilim işgärleriniň kärdeşler arkalaşyklarynyň ilkinji guramalarynyň başlyklarynyň etrap geňeşiniň, etrap bilim bölüminiň işgärleri gatnaşdylar. Wagyz-nesihat çäresinde TDP-niň etrap komitetiniň partiýa guramaçysy Aýgül Agajyýewa, TMÝG-niň etrap geňeşiniň guramaçylyk bölüminiň esasy hünärmeni Bilbil Jumaýewa, Türkmenistanyň ylym we bilim işgärleriniň kärdeşler arkalaşyklarynyň ilkinji guramalarynyň başlyklarynyň etrap geňeşiniň başlygy Atamyrat Ýagşyýew, etrap bilim bölüminiň hünärmeni Ogulaman Orazmyradowa, etrapdaky 4-nji çagalar bagyň müdiri Maýagözel Nepesowa, 1-nji çagalar bagyň müdiri Jemile Myratyýewa, iňlis dilini çuňlaşdyryp öwredýän ýöriteleşdirilen 8-nji çagalar bagyň terbiýeçisi Gülnahal Seýilhanowa çykyş etdiler.

Kitap — durmuşyň aýnasy

Ahal welaýat kitaphanasynda okyjy ýaşlaryň gatnaşmagynda “Kitap — durmuşyň aýnasy” ady bilen söhbetdeşlik geçirildi. Kitaphananyň neşirleri saklamak bölümi tarapyndan guralan söhbetdeşlik Türkmenistanyň Konstitusiýasynyň we Türkmenistanyň Döwlet baýdagynyň gününe bagyşlandy. Ýörite guralan baýramçylyk kitap sergisi söhbetdeşlige gatnaşanlarda ýakymly duýgulary döretdi. Welaýat kitaphanasynyň bölüm müdiri Täzegül Myradalyýewa ýaşlara sergini bezeýän ajaýyp kitaplar barada gürrüň berdi. Gahryman Arkadagymyzyň we Arkadagly Gahryman Serdarymyzyň galamyna degişli gymmatly eserler hakda aýdylanlar uly täsirleri döretdi.

Konstitusion özgertmeler — döwrüň talaby

«Pähim-paýhas ummany Magtymguly Pyragy» ýylynda hormatly Prezidentimiziň tagallasy netijesinde, Garaşsyz, hemişelik Bitarap döwletimiziň kanunçylyk binýady dünýä ülňülerine laýyklykda kämilleşdirilýär. Berkarar döwletiň täze eýýamynyň Galkynyşy döwründe durmuşymyzy düýpli özgertmek, ýurdumyzyň mizemez hukuk binýadyny üpjün etmek döwlet syýasatynyň, ilkinji nobatda, ileri tutulýan meseleleriniň hatarynda durýar. Milli kanunçylygyň dünýä ülňülerine laýyk kämilleşdirilmegi üçin giň mümkinçilikler döredildi. Esasy Kanunymyz bolan Türkmenistanyň Konstitusiýasynda adamyň we raýatyň hukuklarynyň, azatlyklarynyň halkara hukugynyň umumy ykrar edilen kadalaryna laýyklykda goralmagy üçin kämil kanuny esaslaryň döredilendigini bellemek buýsandyryjydyr.

Türkmen döwletliliginiň goşa ganaty

Türkmenistanyň Döwlet baýdagy halkymyzyň döwletliliginiň, ýurt asudalygynyň we rowaçlygynyň nyşanydyr. Ol Watanymyzyň, topragymyzyň ezizligini, mähribanlygyny, elmydama goraglylygyny alamatlandyrýar. Baýdak — ýurduň özbaşdaklygynyň, erkinliginiň, halkyň bitewüliginiň nyşany, döwletiň taryhy geçmişini özüne siňdiren mukaddeslikdir. Konstitusiýa — döwletliligiň binýady, halk häkimiýetliliginiň, halkyň erk-isleginiň mizemezliginiň kepilidir. Berkarar döwletiň täze eýýamynyň Galkynyşy döwründe abadan we bagtyýar ýaşaýşyň dabaralanýandygyny alamatlandyrýan bu mukaddeslikleriň astynda jebisleşen halkymyz agzybirlikde döredijilikli zähmet çekýär. Esasy Kanunymyzyň kämilligi, belentde parlaýan Döwlet baýdagymyza goýulýan aýratyn hormat-sarpa Gahryman Arkadagymyzyň hem-de Arkadagly Gahryman Serdarymyzyň saýasynda halkymyzyň hemişe rowaçlyklara beslenýändiginiň güwäsidir.

Duşuşyk geçirildi

Ýakynda Türkmenistanyň Konstitusiýasynyň we Döwlet baýdagynyň güni mynasybetli Agrosenagat işgärleriniň kärdeşler arkalaşygynyň ilkinji guramalarynyň Türkmenabat şäher geňeşiniň we welaýat kitaphanasynyň bilelikde guramagynda «Golumyzda Baş Kanun, depämizde ýaşyl tug, röwşen geljege dowam, ýolumyza saçýar nur» atly maslahat geçirildi. Oňa S.A.Ny­ýa­zow adyn­da­ky Türk­men oba ho­ja­lyk uni­wer­si­te­ti­niň Türk­me­na­bat ag­ro­se­na­gat or­ta hü­när okuw mek­de­bi­niň mugallymlary we talyplary gatnaşdy. Maslahatda çykyş edenler Türkmenistanyň Konstitusiýasynyň we Döwlet baýdagynyň güni mynasybetli geçirilýän duşuşyklaryň, maslahatlaryň ähmiýeti barada giňişleýin gürrüň berdiler. Maslahatyň dowamynda Türkmenistanyň Konstitusiýasyna hem-de kanunçylygyna degişli kitaplaryň sergisi guraldy.

Milli mukaddeslikleriň baýramy — Türkmenistanyň Konstitusiýasynyň we Döwlet baýdagynyň güni

Türkmenistanyň Konstitusiýasynyň we Döwlet baýdagynyň güni her ýylyň 18-nji maýynda bellenilýän ýurduň esasy döwlet baýramçylyklarynyň biridir. Bu baýramçylyk Konstitusiýada kesgitlenen döwletiň esas goýujy ýörelgeleriniň we onuň Döwlet baýdagynda beýanyny tapan milli aýratynlyklarynyň arasyndaky aýrylmaz baglanyşygy şöhlelendirýär. 1992-nji ýylyň 18-nji maýynda ýurduň hukuk ulgamynyň binýadyna öwrülen Garaşsyz Türkmenistanyň ilkinji Konstitusiýasy kabul edildi. Şol ýylyň 19-njy fewralynda türkmen halkynyň agzybirligini, özygtyýarlylygyny we gülläp ösüşini alamatlandyrýan Döwlet baýdagy tassyklanyldy.