Ýa­sa­ma dost­lu­gy nä­dip saý­gar­ma­ly?!

17 Maý 2024
265

Dost we dost­luk­ly gat­na­şyk­lar dur­muş­da adam üçin iň der­wa­ýys zat­la­ryň bi­ri­dir. Be­ge­ne­niň­de ýa-da gynananyňda ýag­da­ýyň ba­ra­da il­ki bi­len dos­tu­ňa gür­rüň be­ril­ýär. Belli bir ka­ra­ra ge­lip bil­män ikir­jiň­le­nen ha­la­tyň­da hem dos­tuň­dan mas­la­hat so­ral­ýar. «Kö­ne dost – eýer­li at» diý­li­şi ýa­ly, il­kin­ji­le­riň ha­ta­ryn­da ha­lyň­dan ha­bar al­ýan hem ýe­ne-de dos­tuň... Adam öm­rü­niň do­wa­myn­da bir­nä­çe dost ga­za­nyp bi­ler. Gat­naş­ýan dost­la­ry­my­zyň hem­me­si çyn dost­my? Siz dost­la­ry­ňyz ba­ra­da nä­hi­li pi­kir­de? Psi­ho­log­lar ýa­sa­ma dost­lu­gy giz­läp bol­ma­jak 9 gy­lyk-hä­si­ýet ba­ra­da bel­läp geç­ýär­ler. Ge­liň, bi­ze ýa­kyn adam­la­ryň çyn ýa-da ýa­sa­ma dost­lu­gy ba­ra­da ta­nyş bo­la­lyň!

Dur­nuk­syz­lyk. Ýa­sa­ma dost­lar köp­lenç bir za­da mä­täç bo­lan­da ýa-da kyn ýag­da­ýa dü­şen­de siz­den kö­mek so­ra­ýar. Em­ma si­ze bir zat ge­rek bo­lan­da, ýag­ny dos­tu­ňy­za ýüz tu­ta­ny­ňyz­da ge­rek za­dy­ňy­zyň özün­de ýok­du­gy­ny ýa-da şol işi bi­ti­rip bil­me­ýän­di­gi­ni aý­dar. Şeý­le hem ol ze­rur bo­lan­da wagt­la­ýyn ýi­tip gi­der ýa-da ba­ha­na ta­pyp bi­ler. Umu­man şeý­le dost­la­ryň «ýü­pü­nüň üstüne odun go­ýup bol­ma­ýar».