15-17-nji maýda Söwda-senagat edarasynyň sergi zalynda azyk önümçiliginiň döwrebap tehnologiýalarynyň halkara sergisi geçirilýär.
Şu gezekki gözden geçiriliş oba hojalyk pudagynda diňe bir ýurdumyzyň gazanan üstünliklerini beýan etmek bilen çäklenmän, eýsem, bu pudakda işjeň orun eýeleýän işewür düzümleriň ägirt uly mümkinçiliklerini hem açyp görkezýär. Bu ýerde Türkmenistanyň we daşary döwletleriň gatnaşyjylarynyň 100-den gowrak wekili öz önümlerini we hyzmatlaryny hödürledi. Şolaryň hatarynda Oba hojalyk, Daşky gurşawy goramak ministrlikleri, degişli kärhanalar we düzümler, türkmen telekeçileri bar. Şeýle-de, Russiýadan, Türkiýeden, Belarusdan, Özbegistandan gelen gatnaşyjylar innowasion tehnologiýalara we nou-haulara ünsi çekýän diwarlyklaryny ýaýbaňlandyrdylar.