Wagyz-nesihat çäreleri

16 Maý 2024
319

Adalat Kanunym, ýaşyl Baýdagym

Golaýda TKA-nyň welaýat birleşmesiniň ýygnaklar zalynda TAP-nyň welaýat, şäher komitetleriniň hem-de TKA-nyň welaýat birleşmesiniň bilelikde guramagynda Türkmenistanyň Konstitusiýasynyň hem-de Türkmenistanyň Döwlet baýdagynyň güni mynasybetli wagyz-nesihat duşuşygy geçirildi. “Berkarar Watanda goşa baýramym — adalat Kanunym, ýaşyl Baýdagym” ady bilen geçirilen wagyz-nesihat duşuşygyna TAP-nyň hem-de TKA-nyň işjeň agzalary, Türkmenistanyň Mejlisiniň deputatlary, welaýat, şäher, etrap halk maslahatlarynyň agzalary gatnaşdylar.