Milli mukaddeslikleriň baýramy — Türkmenistanyň Konstitusiýasynyň we Döwlet baýdagynyň güni

16 Maý 2024
355

Türkmenistanyň Konstitusiýasynyň we Döwlet baýdagynyň güni her ýylyň 18-nji maýynda bellenilýän ýurduň esasy döwlet baýramçylyklarynyň biridir. Bu baýramçylyk Konstitusiýada kesgitlenen döwletiň esas goýujy ýörelgeleriniň we onuň Döwlet baýdagynda beýanyny tapan milli aýratynlyklarynyň arasyndaky aýrylmaz baglanyşygy şöhlelendirýär.

1992-nji ýylyň 18-nji maýynda ýurduň hukuk ulgamynyň binýadyna öwrülen Garaşsyz Türkmenistanyň ilkinji Konstitusiýasy kabul edildi. Şol ýylyň 19-njy fewralynda türkmen halkynyň agzybirligini, özygtyýarlylygyny we gülläp ösüşini alamatlandyrýan Döwlet baýdagy tassyklanyldy.

Döwlet AMANMYRADOW,
Türkmenistanyň Döwlet, hukuk we demokratiýa institutynyň baş ylmy işgäri, hukuk ylymlarynyň kandidaty.