"Türkmenistan Sport" Halkara žurnaly

Esaslandyryjysy: Türkmenistanyň sport we ýaşlar syýasaty ministrligi
Salgysy: Aşgabat şäheri, B.Saparmyrat Türkmenbaşy şaýoly 54
Telefon belgileri: 22-81-38

Makalalar

24 ýyl­dan soň­ Ger­ma­ni­ýa bar­dy

Fran­si­ýa­nyň Pre­zi­den­ti Em­ma­nu­el Mak­ron Ger­ma­ni­ýa­da sa­par­da bol­dy. Bu sa­par Fran­si­ýa­dan Ger­ma­ni­ýa 24 ýyl­dan soň­ra ama­la aşy­ry­lan il­kin­ji döw­let sa­par­ydyr. 26-njy maý­da baş­lan sa­par üç gün do­wam et­di. Pre­zi­dent Mak­ron Belw­ýu köş­gün­de Ger­ma­ni­ýa­nyň Pre­zi­den­ti Frank-Wal­ter Ştaýn­ma­ýer ta­ra­pyn­dan ka­bul edil­di. Du­şu­şyk­dan soň­ra Ştaýn­ma­ýer iki ýur­duň hyz­mat­daş­lyk et­me­gi bi­len Ýew­ro­pa­nyň ýüz­be-ýüz bol­ýan geo­sy­ýa­sy kyn­çy­lyk­la­ry ýe­ňip ge­çip bil­jek­di­gi­ni aýt­dy. Mak­ro­nyň sa­pa­ry Ger­ma­ni­ýa­da Kons­ti­tu­si­ýa­nyň gü­nü­ne hem ga­bat gel­di. Ol maş­ga­la­sy bi­len bi­le­lik­de bu gün my­na­sy­bet­li ge­çi­ril­ýän da­ba­ra-da gat­naş­dy. Sa­pa­ry­nyň do­wa­myn­da Em­ma­nu­el Mak­ron hem-de maş­ga­la­sy Bri­jit Mak­ron Ber­li­niň ýer­li hä­ki­mi­ýe­ti­niň baş­ly­gy Kaý Wag­ner bi­len şä­he­riň sim­wo­li­ki des­ga­la­ry­nyň bi­ri bo­lan Bran­den­burg der­we­ze­sin­den ýö­räp geç­di. Iki ýur­duň Pre­zi­dent­le­ri sa­pa­ryň ikin­ji gü­nün­de Drez­den şä­he­rin­de, üçün­ji gü­ni gün­ba­tar­da­ky Mýuns­ter şä­her­in­de bol

Dünýä täzelikleri gys­ga se­tir­ler­de

Ne­bit önüm­çi­li­gi­ni art­dy­rar. Eý­ran gün­de­lik çig ne­bit önüm­çi­li­gi­ni 400 müň bar­rel art­dy­ryp, 4 mil­li­on bar­re­le çy­ka­rar. Ýur­duň Pre­zi­den­ti­niň we­zi­pe­si­ni wagt­la­ýyn ýe­ri­ne ýe­tir­ýän Mu­ham­med Moh­be­riň ýol­baş­çy­ly­gyn­da Yk­dy­sa­dy ge­ňe­şiň ýyg­na­gy ge­çi­ril­di. Ýyg­nak­da Eý­ra­nyň mil­li ne­bit kom­pa­ni­ýa­sy­nyň ne­bit önüm­çi­li­gi­ni art­dyr­mak ba­ra­da­ky mak­sat­na­ma­sy tas­syk­lan­dy. Ýy­ly suw fes­ti­wa­ly. Ýa­po­ni­ýa­nyň

Ýurdumyzyň medeni diplomatiýasy dabaralanýar

Köp ýyl­la­ryň do­wa­myn­da ýur­du­myz­da umu­ma­dam­zat gym­mat­lyk­la­ry­na ägirt uly go­şant go­şan hal­ky­my­zyň me­de­ni we ru­hy mi­ra­sy­ny sak­la­mak, baý­laş­dyr­mak, ony dün­ýä­de giň­den wa­gyz et­mek bo­ýun­ça ägirt uly iş­ler al­nyp ba­ryl­ýar. Bu ýö­rel­ge Wa­ta­ny­my­zyň döw­let sy­ýa­sa­ty­nyň we da­şa­ry sy­ýa­sy stra­te­gi­ýa­sy­nyň mö­hüm ugur­la­ry­nyň bi­ri bo­lup dur­ýar. Şun­da döw­le­ta­ra de­re­je­de bol­şy ýa­ly, ab­raý­ly hal­ka­ra dü­züm­le­riň, şol san­da BMG-niň çäk­le­rin­de da­şa­ry ýurt­ly hyz­mat­daş­lar bi­len gat­na­şyk­la­ryň ös­dü­ril­me­gi­ne aý­ra­tyn üns be­ril­ýär.

Bi­lim ul­ga­myn­da­ky döw­re­bap ösüş­ler

Ýur­du­myz­da da­şa­ry ýurt dil­le­ri­ni öw­ret­mek ug­run­da, bag­ty­ýar ça­ga­la­ry­my­za döw­re­bap ylym-bi­lim ber­mek­de de­ger­li iş­ler al­nyp ba­ryl­ýar. Ösü­şiň döw­re­bap tap­gy­ryn­da ýur­du­myz dur­nuk­ly yk­dy­sa­dy ösü­şiň esa­sy we­zi­pe­si hök­mün­de bi­lim ul­ga­my­ny kä­mil­leş­dir­me­gi saý­lap al­dy. Mil­li bi­lim ul­ga­my­ny kä­mil­leş­dir­mek, ýaş hü­när­men­le­ri taý­ýar­la­mak ba­bat­da hal­ka­ra hyz­mat­daş­ly­gy­na uly äh­mi­ýet be­ril­ýär. Hä­zir­ki dö­wür­de ösü­şiň in­no­wa­si­on ug­ru­ny saý­lap alan ýur­du­myz­da ylym-bi­lim ul­ga­myn­da hal­ka­ra hyz­mat­daş­ly­gy ös­dü­r­mek bi­len yl­my-bar­lag we in­no­wa­si­on iş­le­re has köp äh­mi­ýet be­ril­ýär. Eziz Di­ýa­ry­myz­da bi­lim ul­ga­myn­da hyz­mat­daş­lyk köp­ta­rap­la­ýyn ugur­da, hu­su­san-da hal­ka­ra gu­ra­ma­la­ryň çä­gin­de hem iş­jeň ös­dü­ril­ýär. Mun­da Bir­le­şen Mil­let­ler Gu­ra­ma­sy­nyň ÝU­NES­KO eda­ra­sy bi­len ama­la aşy­ryl­ýan hyz­mat­daş­lyk gat­na­şyk­la­ry aý­ra­tyn äh­mi­ýe­te eýe­dir.

Türk­me­nis­tan we Azi­ýa–Ýu­waş um­man se­bi­ti

Ýur­du­my­zyň da­şa­ry sy­ýa­sat işin­de dün­ýä­niň äh­li döw­let­le­ri bi­len öza­ra bäh­bit­li iki­ta­rap­la­ýyn we köp­ta­rap­la­ýyn gat­na­şyk­la­ryň iler­le­dil­me­gi­ne mö­hüm äh­mi­ýet be­ril­ýär. Türk­men dip­lo­ma­ti­ýa­sy­nyň dost­luk­ly, hoş­ni­ýet­li goň­şu­çy­lyk gat­na­şyk­la­ry, se­bit hem-de hal­ka­ra gat­na­şyk­la­ryn­da öza­ra dü­şü­niş­mek we yna­nyş­ma­gy pug­ta­lan­dyr­ma­ga gö­nük­di­ri­len baş­lan­gyç­la­ry dün­ýä de­re­je­sin­de uly äh­mi­ýe­te eýe­dir. Döw­le­ti­mi­ziň da­şa­ry sy­ýa­sa­ty­nyň üs­tün­lik­li ama­la aşy­ryl­ma­gyn­da dip­lo­ma­tik gul­lu­gyň üs­tü­ne örän jo­gap­kär­li we­zi­pe­ler düş­ýär. «Bi­ta­rap Türk­me­nis­ta­nyň da­şa­ry sy­ýa­sat ug­ru­nyň 2022–2028-nji ýyl­lar üçin Kon­sep­si­ýa­syn­dan» ge­lip çyk­ýan we­zi­pe­le­ri üs­tün­lik­li dur­mu­şa ge­çir­mek mak­sa­dy bi­len, döw­le­ti­miz­de Azi­ýa–Ýu­waş um­man se­bi­ti­niň ýurt­la­ry bi­len gat­na­şyk­la­ry has-da ös­dür­mä­ge uly äh­mi­ýet be­ril­ýär.

Ösüş çak­la­ma­sy­ny ýo­kar­lan­dyr­dy

Hal­ka­ra Pul Gaz­na­sy (HPG) bi­rin­ji çär­ýek­dä­ki ýo­ka­ry ösü­şi hem-de soň­ky wagt­lar­da al­nyp ba­ryl­ýan sy­ýa­sa­tyň tä­si­ri bi­len Hy­ta­ýyň ösüş çak­la­ma­sy­ny ýo­kar­lan­dyr­dy. Hal­ka­ra Pul Gaz­na­sy mun­dan ozal ýur­duň 2024-nji ýyl­da 4,6 gö­te­rim ösüş ga­zan­jak­dy­gy­ny çak­la­n bol­sa, in­di bu gör­ke­zi­ji­ni 5 gö­te­ri­me çy­kar­dy. Şeý­le hem ýur­duň yk­dy­sa­dy ösü­şi­niň gel­jek ýyl­ky ösüş çak­la­ma­sy­ny 4,1 gö­te­rim­den 4,5 gö­te­ri­me ýo­kar­lan­dyr­dy. Gaz­na­nyň çak­la­ma­sy­na gö­rä, 2029-njy ýyl­da ýur­duň yk­dy­sa­dy­ýe­ti ila­tyň or­ta­ça ýa­şy­nyň ýo­kar­lan­ma­gy hem-de önüm­çi­li­giň ösü­şi­niň ha­ýal­la­ma­gy bi­len 3,3 gö­te­rim ösüş ga­zan­jak­dy­gy­ny bel­le­di.

Di­no­zawr­la­ryň aýak yzy ta­pyl­dy

Hy­taý­ly ar­heo­log­lar 400-den gow­rak di­no­zawr aýak yz­la­ry­nyň üs­tün­den bar­dy­lar. Bu ta­ry­hy ta­pyn­dy 120 mil­li­on ýyl bi­len se­ne­len­ýär. Açyş edi­len ýer­de mun­dan ozal hem di­no­zawr­la­ra de­giş­li ga­lyn­dy­lar ta­py­lyp­dy. Şol se­bäp­li ol ýer Di­no­zawr da­gy diý­lip at­lan­dy­ryl­ýar­dy. Di­no­zaw­ryň aýak yz­la­ry­nyň bar­dy­gy­ny dag­lyk meý­dan­da go­ýun bak­ýan ýer­li ýa­şaý­jy­lar aý­dyp­dyr. Soň­ra ar­heo­log­lar bu ýer­de göz­leg iş­le­ri­ni ge­çi­ren­le­rin­de di­no­zawr­la­ryň aýak yz­la­ry­nyň bar­dy­gy­ny anyk­lap­dyr­lar. Hy­taý­ly ar­heo­log­lar aýak yz­la­ry­nyň di­no­zawr­la­ryň üç gör­nü­şi­ne de­giş­li­di­gi­ni aýd­ýar­lar. Se­bit­de 1938-nji ýyl­dan bä­ri 120 di­no­zaw­ryň aýak yzy ta­py­lyp­dyr.

Iki müň ki­lo­metr ýol geç­ýär

Hy­ta­ýyň BYD kom­pa­ni­ýa­sy bir ge­zek­ki zar­ýa­dy bi­len 2 müň ki­lo­metr­den köp ýol ge­çip bil­ýän tä­ze gib­rid ulag­la­ry­ny ta­nyş­dyr­dy. Ge­çi­ri­len sy­nag­lar­da ben­zin hem-de elekt­rik ener­gi­ýa­sy bi­len iş­le­ýän ula­ga gaý­ta­dan ýan­gyç guý­maz­dan we zar­ýad ber­mez­den 2 müň 500 ki­lo­metr ýol ge­çip bol­an­dy­gy­ bel­lenil­ýär. Ula­gyň il­kin­ji no­bat­da hy­taý ba­za­ry­na hö­dür­len­jek­di­gi­, soň­ra eks­port edil­jek­di­gi­ mälim edildi. Şeý­le hem kom­pa­ni­ýa tä­ze iki se­dan mo­de­li­niň hem sa­tu­wa taý­ýar edi­len­di­gi, ola­ryň ba­ha­sy­nyň 100 müň ýu­an­dan (13 müň 800 dol­lar) arzan bol­jak­dy­gy­ ha­bar berýär.

Sy­ýa­hat­çy­ sany art­dy

Ap­re­l aýynyň ahy­ryn­da Ita­li­ýa­nyň ka­nal­lar şä­heri bo­lan We­ne­si­ýa günin gi­rip çyk­jak sy­ýa­hat­çy­lar üçin 5 ýew­ro tö­leg gi­ri­zi­lip­di. Gys­ga wagt­da bu usul ar­ka­ly 1 mil­li­on ýew­ro ga­za­ny­lan­dy­gy mä­lim edi­lip­di. Mag­lu­ma­ta gö­rä, 25-nji ap­rel­den 5-nji ma­ýa çen­li 195 müň gi­riş pe­te­gi sa­ty­lyp, 975 müň ýew­ro gir­de­ji al­nyp­dyr. Şeý­le-de bol­sa, bu düz­gün şä­he­re gir­ýän­le­riň sa­ny­ny azalt­man­dyr, hat­da ozal­ky ýyl­lar­da­ky­dan hem köp bo­lup­dyr. Düz­gü­ne gö­rä, şä­he­re gi­riş 08:30-dan 16:00 ara­ly­gyn­da tö­leg­li. Gü­nüň do­wa­myn­da şä­her­den çyk­jak myh­man­la­r de­giş­li tö­le­gi te­le­fon ar­ka­ly elekt­ron usul­da tö­läp bil­ýär. Sy­nag mak­sa­dy bi­len ýo­la goý­lan bu düz­gün iýu­lyň or­ta­sy­na çen­li do­wam et­di­ri­ler. Sy­nag möh­le­tin­den soň­ra gi­riş tö­le­gi iki es­se gym­mat­la­dy­lar. Sol­tan­gu­ly NUR­MY­RA­DOW,

Wo­do­rod tas­la­ma­sy­na gol­daw ber­ler

Ýew­ro­pa Bi­le­le­şi­gi 7 ýur­duň wo­do­rod ýan­gy­jy bi­len bag­ly bi­le­lik­dä­ki tas­la­ma­la­ry­na 1,4 mil­liard ýew­ro gol­daw ber­mek ka­ra­ry­na gel­di. Ger­ma­ni­ýa, Fran­si­ýa, Ita­li­ýa, Is­pa­ni­ýa, Ni­der­land­lar, Slo­wa­ki­ýa we Es­to­ni­ýa aras­sa ener­gi­ýa ha­sap­lan­ýan wo­do­ro­dyň önüm­çi­li­gi­ni art­dyr­mak üçin yl­my-bar­lag işleri, in­no­wa­si­ýa we se­na­gat­da or­naş­dy­ryl­ma­gy üçin bi­le­lik­dä­ki tas­la­ma­la­ry dur­mu­şa ge­çir­me­gi me­ýil­leş­dir­ýär. Ýew­ro­pa Ko­mis­si­ýa­sy­nyň be­ýa­na­tyn­da wo­do­rod bi­len bag­ly tas­la­ma­la­ryň 2050-nji ýy­la çen­li ulag pu­da­gyn­da­ky emis­si­ýa­nyň 90 gö­te­ri­me çen­li azal­dyl­ma­gy­na ýar­dam ed­ýän­di­gi bel­le­nil­ýär. Şeý­le hem tas­la­ma­la­ryň çäk­le­rin­de wo­do­ro­dyň ýan­gyç hök­mün­de ula­ny­ly­şy­nyň hö­wes­len­di­ril­jek­di­gi, ag­za ýurt­lar ta­ra­pyn­dan ber­len ma­li­ýe gol­da­wy­nyň umu­my ba­ha­sy 3,3 mil­liard ýew­ro­lyk hu­su­sy ma­ýa­ny he­re­ke­te ge­tir­jek­di­gi aý­dyl­dy. «Air­bus», BMW we «Miche­lin» ýa­ly 11 kom­pa­ni­ýa bu tas­la­ma öz go­şant­la­ry­ny go­şar­lar.

Göz açyp-ýu­ma­sy sa­lym­da çöz­di

Go­laý­da Ýa­po­ni­ýa­da iş­le­nip taý­ýar­la­nan bir ro­bot Ru­bi­giň kub­ja­ga­zy­ny 30 mil­li­se­kunt­da çöz­di. Ro­bo­ty iş­läp taý­ýar­lan­lar bu wagt bö­le­gi­niň göz açyp-ýu­ma­sy sa­ly­ma ba­ra­bar­dy­gy­ny bel­le­ýär­ler. Bi­ler­men­ler ro­bo­tyň kub­ja­ga­zy has gys­ga wagt­da hem çö­züp bil­jek­di­gi­ni, em­ma şeý­le edi­len­de oýun­ja­gyň dö­wül­jek­di­gi­ni aýd­ýar­lar. Ru­bi­giň kub­ja­ga­zy­ny çöz­mek­de adam­la­ryň ara­syn­da­ky re­kord ame­ri­ka­ly Maks Par­ka de­giş­li. Ol bu tap­ma­ça­ny 3,13 se­kunt­da çöz­di. Bu re­kor­dy tä­ze­le­mek aň­sat bol­ma­sa-da, ro­bo­tyň tiz­li­gi bi­len de­ňeş­di­ri­len­de örän «ha­ýal».

Su­was­ty sy­ýa­hat gu­ra­lar

Ame­ri­kan işe­wür­le­ri Lar­ri Kon­nor bi­len Pat­rik La­heý «Ti­ta­nik» gä­mi­si­niň ba­tan ýe­ri­ne su­was­ty sy­ýa­ha­ty gu­ra­mak­çy­dyk­la­ry­ny mä­lim et­di­ler. Ba­ta­ny­na 110 ýyl­dan gow­rak wagt bo­lan gä­mi­niň ga­lyn­dy­la­ry At­lan­tik um­ma­ny­nyň de­mir­ga­zy­gyn­da su­wuň 3 müň 800 metr aşa­gyn­da ýa­tyr. Işe­wür­ler bu çuň­lu­ga bar­mak üçin «Tri­ton 4000/2 Abys­sal Explo­rer» at­ly su­was­ty gä­mi­den peý­da­lan­ma­gy mak­sat edin­ýär­ler. La­heý «Tri­ton Sub­ma­ri­nes» at­ly kom­pa­ni­ýa­nyň esas­lan­dy­ry­jy­la­ry­nyň bi­ri bo­lup, bu ugur­da tej­ri­be­li hünärmenleriň biridir. Kon­nor bol­sa, goz­gal­ma­ýan em­läk kom­pa­ni­ýa­sy­na ýol­baş­çy­lyk ed­ýär. Kon­no­ryň kom­pa­ni­ýa­sy su­was­ty sy­ýa­ha­tyň de­ňiz­çi­lik gu­ra­ma­sy ta­ra­pyn­dan do­ly tas­syk­la­nan­dan soň­ra ama­la aşy­ryl­jak­dy­gy­ny mä­lim et­di. Bu kyn sy­ýa­hat­da ula­nyl­jak gä­mi 4 müň met­re çen­li çuň­lu­ga git­mä­ge ukyp­ly bolar. Su­wuň aşa­gy­na gi­dil­di­gi­çe ba­syş ýo­kar­lan­ýar. Şol se­bäp­li su­wuň aşagyna nä­çe çuň­lu­ga gi­dil­jek bol­sa, gä­mi hem şon­çarak berk bol­ma­ly.

Agaç­dan ýasalan eme­li hem­ra

Ýa­po­ni­ýa­da agaç­dan ýa­sa­lan eme­li hem­ra kos­mo­sa ibe­ri­ler. «Lig­no­Sat» at­ly en­ja­myň ag­ra­my ba­ry-ýo­gy 1 ki­log­ram tö­we­re­gi. «Su­mi­to­mo Fo­rest­ry» (SFC) kom­pa­ni­ýa­sy bi­len Kýo­to uni­wer­si­te­ti­niň bi­le­lik­de iş­läp taý­ýar­lan en­ja­my­nyň taý­ýar bo­lan­dy­gy mä­lim edil­di. Bi­le­lik­dä­ki be­ýa­nat­da ar­zan ba­ha­ly, daş­ky gur­şa­wa zy­ýan­syz kos­mos teh­no­lo­gi­ýa­la­ry­ny iş­läp taý­ýar­la­mak mak­sa­dy bi­len ýo­la goý­lan tas­la­ma­nyň çäk­le­rin­de en­ja­myň 4 ýyl­da ön­dü­ri­len­di­gi aý­dyl­dy. Kos­mo­sa goý­be­ril­jek en­jam­da çüý, ýe­lim ýaly zat­lar ula­nyl­man, bö­lek­le­ri di­ňe ada­ty usul­lar ar­ka­ly bir­leş­di­ri­lip­dir. Ki­çi göw­rüm­li eme­li hem­ra Hal­ka­ra Kos­mos Be­ke­din­de ge­çi­ri­len sy­nag­lar­da berk­li­gi we çat aç­ma­ga gar­şy du­ru­jy­ly­gynyň ýo­ka­ry­dy­gy anyk­la­nan mag­no­li­ýa aga­jyn­dan ýa­sa­lyp­dyr. Eme­li hem­ra­nyň sent­ýabr aýyn­da ABŞ-nyň Ken­ne­di adyn­da­ky kos­mod­ro­myn­dan or­bi­ta goý­be­ril­jek­di­gi mä­lim edil­di. Jennet Atdaýewa,

Uly hö­wes bi­len abu­na ýa­zyl­ýa­rys

Ber­ka­rar döw­le­tiň tä­ze eý­ýa­my­nyň Galkynyşy döw­rün­de ýur­du­my­zyň äh­li ul­gam­la­ry bi­len bir ha­tar­da ne­şir­ýat ul­ga­my hem düýp­li ös­ýär. Dö­wür bi­len aýak­daş bar­ýan ýur­du­my­zyň ne­şir­ýat ul­ga­myn­da ýe­til­ýän sep­git­ler mu­ňa aý­dyň şa­ýat­lyk ed­ýär. Ýur­du­myz­da çap edil­ýän is­len­dik ga­zet-žur­nal­la­ry di­ňe bir ka­gyz gör­nü­şin­de däl, eý­sem, yk­jam el te­le­fon­la­ryň, ýan komp­ýu­ter­le­riň üs­ti bi­len oka­mak, gün­de­lik tä­ze­lik­ler bi­len ta­nyş­mak müm­kin. Ýur­du­myz­da çap edil­ýän beý­le­ki ga­zet-žur­nal­lar bi­len bir ha­tar­da «Za­man-Türk­me­nis­tan» ga­ze­ti­niň oky­jy­la­ry­nyň köp­dü­gi­ni aý­ra­tyn bel­le­mek ge­rek. Çün­ki ga­zet sa­hy­pa­la­ryn­da, elekt­ron saýt­la­ryn­da di­ňe bir ýur­du­myz­da­ky däl, eý­sem, dün­ýä­dä­ki tä­ze­lik­ler giň­den be­ýan edil­ýär. Ga­ze­tiň ha­bar­lar, dün­ýä tä­ze­lik­le­ri, sport, sun­gat, sy­ýa­hat­çy­lyk, yk­dy­sa­dy­ýet, ede­bi­ýat, teh­no­lo­gi­ýa ýa­ly bö­lüm­le­rin­de gy­zyk­ly, ma­ny­ly ma­ka­la­la­ry, tä­ze­lik­le­ri oka­mak, ta­nyş­mak müm­kin. Şeý­le hem ga­zet­de peý­da­ly mas­la­

Jem­gy­ýe­tiň sag­dynly­gy – ýurdumyzyň abadanlygy

Gö­zel te­bi­ga­tyň adam­za­da ber­ýän äh­li eş­ret­le­ri­ni na­za­ra alyp, äh­lu­mu­my eko­lo­gi­ýa howp­suz­ly­gy­ny we dur­nuk­ly­ly­gy­ny üp­jün et­mek mak­sa­dy bi­len, her ýy­lyň 5-nji iýu­nyn­da Daş­ky gur­şa­wy go­ra­ma­gyň bü­tin­dün­ýä gü­ni bel­le­nil­ýär. Daş­ky gur­şa­wy go­ra­ma­gyň bü­tin­dün­ýä gü­ni öz ta­ry­hy­ny 1972-nji ýyl­da Bir­le­şen Mil­let­ler Gu­ra­ma­sy ta­ra­pyn­dan ge­çi­ri­len mas­la­hat­dan alyp gaýt­mak bi­len, döw­let­le­riň we hal­ka­ra bi­le­le­şi­gi­niň eko­lo­gi­ýa sy­ýa­sa­tyn­da örän mö­hüm orun al­dy. Şol dö­wür­den baş­lap, bu se­ne hö­kü­met­le­riň, döw­let we hu­su­sy pu­dak­la­ryň, ra­ýat jem­gy­ýe­ti­niň düýp­li eko­lo­gi­ýa me­se­le­le­ri­ni çöz­mek üçin kö­pu­gur­ly ta­gal­la­la­ry­ny bir­leş­di­rip, te­bi­ga­ty go­ra­mak ba­bat­da çä­re­le­ri ge­çir­mek­de iň meş­hur gün hök­mün­de bel­li edil­di.

Gu­wan­dy­ry­jy yk­dy­sa­dy ösüş­ler

Hor­mat­ly Pre­zi­den­ti­mi­ziň baştutanly­gyn­da ýur­du­my­zy dur­muş-yk­dy­sa­dy taý­dan ös­dür­mä­ge gö­nük­di­ri­len mak­sat­na­ma­la­ýyn iş­ler ama­la aşy­ryl­ýar. Hal­ky­my­zyň ýa­şa­ýyş-dur­muş de­re­je­si­niň yzy­gi­der­li ýo­kar­lan­dy­ryl­ma­gy dur­mu­şa ge­çi­ril­ýän döw­let sy­ýa­sa­ty­nyň ile­ri tu­tul­ýan ug­ru­dyr. Ma­ry we­la­ýat Enä­niň we ça­ga­nyň sag­ly­gy­ny go­ra­ýyş mer­ke­zi­niň, Ak bug­daý et­ra­by­nyň Ýaş­lyk şä­her­çe­sin­de kuw­wa­ty bir gi­je-gün­diz­de 30 müň kub­met­re deň suw aras­sa­laý­jy des­ga­sy­nyň, paý­tag­ty­my­zyň Bag­ty­ýar­lyk et­ra­byn­da kuw­wa­ty bir gi­je-gün­diz­de 150 müň kub­metr bo­lan «Bag­ty­ýar­lyk» agyz su­wu­ny aras­sa­laý­jy des­ga­sy­nyň ulan­ma­ga be­ril­me­gi, Bä­her­den se­ment za­wo­dy­nyň ikin­ji tap­gy­ry­nyň işe gi­ri­zil­me­gi, «Ço­gan­ly» ýa­şa­ýyş top­lu­myn­da iki gat­ly ýa­şa­ýyş jaý­la­ry­nyň 136-sy­nyň açyl­ma­gy ýur­du­my­zyň tä­ze dö­wür­de ösüş­le­riň tä­ze be­lent­lik­le­ri­ne gö­te­ril­ýän­di­gi­niň ala­ma­ty­dyr.

Sahawatlylyk döwletlilikden nyşan

29-njy maý­da Le­bap we­la­ýat kö­pu­gur­ly has­sa­ha­na­syn­da Gurbanguly Berdimuhamedow adyn­da­ky Ho­wan­dar­ly­ga mä­täç ça­ga­la­ra he­ma­ýat ber­mek bo­ýun­ça ha­ýyr-sa­ha­wat gaz­na­sy­nyň se­riş­de­le­ri­niň ha­sa­by­na Ger­ma­ni­ýa Fe­de­ra­tiw Res­pub­li­ka­syn­dan sa­tyn al­nan «Dia­log+» ky­sym­ly ge­mo­dia­liz en­ja­my­nyň iki­si­niň sow­gat be­ril­me­gi my­na­sy­bet­li da­ba­ra ge­çi­ril­di. Ger­ma­ni­ýa Fe­de­ra­tiw Res­pub­li­ka­sy­nyň «B.Braun» kom­pa­ni­ýa­sy­nyň döw­re­bap teh­no­lo­gi­ýa­lar esa­syn­da iş­le­nip taý­ýar­la­ny­lan tä­ze gör­nüş­li eme­li böw­rek en­jam­la­ry dia­liz be­jer­gi­si­niň hä­zir­ki wagt­da mä­lim bo­lan äh­li gör­nüş­le­ri­ni ge­çir­mä­ge müm­kin­çi­lik ber­ýär. Bu en­jam­lar do­wam­ly böw­rek ýet­mez­çi­li­gi ke­se­lin­den ejir çek­ýän nä­sag­la­ry has tä­sir­li be­jer­mä­ge, şu­nuň esa­syn­da ola­ryň ýa­şaý­şy­ny go­wu­lan­dyr­ma­ga, öm­rü­niň do­wam­ly­ly­gy­ny uzalt­ma­ga ýar­dam ed­ýär.

Halkara gatnaşyklaryň möhüm ugry

Ber­ka­rar döw­le­tiň tä­ze eý­ýa­my­nyň Galkynyşy döw­rün­de türk­men hal­ky­nyň Milli Lideri Gahryman Arkadagymyzyň ba­şy­ny baş­lan be­ýik iş­le­ri­niň hä­zir­ki dö­wür­de Arkadagly Gahryman Serdarymyzyň pa­ra­sat­ly baş­tu­tan­ly­gyn­da üs­tün­lik­li do­wam et­diril­me­gi ne­ti­je­sin­de he­mi­şe­lik Bi­ta­rap­lyk we «Açyk ga­py­lar» sy­ýa­sa­ty­ny ýö­red­ýän, dün­ýä ýurtlary bi­len hoş­ni­ýet­li, dost­luk­ly gat­na­şyk­la­ry ýo­la goý­ýan Türk­me­nis­tan de­ňiz, ho­wa, de­mir ýol we aw­to­mo­bil gat­naw­la­ry­ny öz içi­ne al­ýan Gün­do­gar–Gün­ba­tar we De­mir­ga­zyk–Gü­nor­ta ulag-üs­ta­şyr ge­çel­ge­le­ri­niň hä­zir­ki za­man ul­ga­my­ny dö­ret­mek bo­ýun­ça iri tas­la­ma­la­ry üs­tün­lik­li dur­mu­şa ge­çir­ýär. Ýur­du­my­zyň ulag-kom­mu­ni­ka­si­ýa ul­ga­my iň öň­de­ba­ry­jy yk­dy­sa­dy pi­kir-ga­ra­ýyş­la­ra esas­lan­ýan döw­let sy­ýa­sa­ty­nyň mö­hüm ug­ry hök­mün­de ok­gun­ly öz­ger­ýär.

Türk­me­nis­tan – GDA: hyz­mat­daş­lyk­da ýe­ti­len sep­git­ler

Ýur­du­myz­da da­şa­ry sy­ýa­sat ug­ry pa­ra­hat­çy­lyk sö­ýü­ji­lik hem-de «Açyk ga­py­lar» sy­ýa­sa­ty esa­syn­da al­nyp ba­ryl­ýar. Şol ug­ra gö­nük­di­ri­len da­şa­ry sy­ýa­sat­da dün­ýä döw­let­le­ri, hal­ka­ra we se­bit gu­ra­ma­la­ry bi­len öza­ra bäh­bit­li­lik, deň­hu­kuk­ly­lyk hem-de bi­rek-bi­re­ge hor­mat goý­mak ýö­rel­ge­le­ri esa­syn­da gat­na­şyk­lar iş­jeň ös­dü­ril­ýär. Ýur­du­my­zyň iş­jeň hyz­mat­daş­lyk ed­ýän gu­ra­ma­la­ry­nyň bi­ri hem Ga­raş­syz Döw­let­le­riň Ar­ka­la­şy­gy gu­ra­ma­sy­dyr. He­mi­şe­lik Bi­ta­rap­lyk hu­kuk ýag­da­ýy­na la­ýyk­lyk­da, Ga­raş­syz Döw­let­le­riň Ar­ka­la­şy­gy­nyň as­so­sir­le­nen ag­za­sy bo­lup dur­ýan Türk­me­nis­tan GDA-nyň çäk­le­rin­de sy­ýa­sy, söw­da-yk­dy­sa­dy hem-de me­de­ni-ynsa­n­per­wer gat­na­şyk­la­ryň ös­dü­ril­me­gi­ne sal­dam­ly go­şant goş­ýar.

To­mus­ky dynç alyş möw­sü­mi ça­ga­la­ra şat­lyk paý­lar

1-nji iýun – Çagalary goramagyň halkara güni. Bu mynasybetli ýurdumyzda dürli çäreler, sergiler, aýdym-sazly şowhunly dabaralar geçiriler. Tomusky dynç alyş möwsüminde çagalaryň we ýetginjekleriň arasynda medeni-köpçülikleýin çäreler, döredijilik, zehin bäsleşikleri, sport ýaryşlary guralar. 1-nji iýunda Gurbanguly Berdimuhamedow adyndaky Howandarlyga mätäç çagalara hemaýat bermek boýunça haýyr-sahawat gaznasynyň howandarlyk etmeginde yglan edilen «Biz – Arkadag Serdarly Watanyň bagtyýar nesilleri» atly surat çekmek bäsleşiginiň jemlerini jemlemek we ýeňijilere baýraklary gowşurmak dabarasyny geçirmek göz öňünde tutulýar. Şeýle hem iýun aýynda Olimpiýa şäherçesiniň Tennis toplumynda çagalaryň tennis festiwaly geçiriler. Bu barada 24-nji maýda geçirilen Ministrler Kabinetiniň mejlisinde bellenilip geçildi. Aş­ga­ba­dyň ete­gin­dä­ki gö­zel Gök­de­re jül­ge­sin­de hem-de ýur­du­my­zyň we­la­ýat­la­ryn­da ýer­leş­ýän ça­ga­lar sa­gal­dyş we dynç alyş mer­kez­le­rinde to­mus­ky dynç alyş gün­le­rin­de ýaş türk­me­nis­tan­ly­la­ry ka­bul et­mä­ge uly taý­ýar­lyk gör­ü­ldi. Ça­ga­lar sa­gal­dyş we dynç alyş mer­ke­zlerin­de taý­ýar­lyk iş­le­ri­niň aý­ra­tyn gu­ra­ma­çy­lyk­ly ýo­la goý­lan­dy­gy­n