To­mus­ky dynç alyş möw­sü­mi ça­ga­la­ra şat­lyk paý­lar

31 Maý 2024
137

1-nji iýun – Çagalary goramagyň halkara güni. Bu mynasybetli ýurdumyzda dürli çäreler, sergiler, aýdym-sazly şowhunly dabaralar geçiriler. Tomusky dynç alyş möwsüminde çagalaryň we ýetginjekleriň arasynda medeni-köpçülikleýin çäreler, döredijilik, zehin bäsleşikleri, sport ýaryşlary guralar. 1-nji iýunda Gurbanguly Berdimuhamedow adyndaky Howandarlyga mätäç çagalara hemaýat bermek boýunça haýyr-sahawat gaznasynyň howandarlyk etmeginde yglan edilen «Biz – Arkadag Serdarly Watanyň bagtyýar nesilleri» atly surat çekmek bäsleşiginiň jemlerini jemlemek we ýeňijilere baýraklary gowşurmak dabarasyny geçirmek göz öňünde tutulýar. Şeýle hem iýun aýynda Olimpiýa şäherçesiniň Tennis toplumynda çagalaryň tennis festiwaly geçiriler. Bu barada 24-nji maýda geçirilen Ministrler Kabinetiniň mejlisinde bellenilip geçildi.

Aş­ga­ba­dyň ete­gin­dä­ki gö­zel Gök­de­re jül­ge­sin­de hem-de ýur­du­my­zyň we­la­ýat­la­ryn­da ýer­leş­ýän ça­ga­lar sa­gal­dyş we dynç alyş mer­kez­le­rinde to­mus­ky dynç alyş gün­le­rin­de ýaş türk­me­nis­tan­ly­la­ry ka­bul et­mä­ge uly taý­ýar­lyk gör­ü­ldi. Ça­ga­lar sa­gal­dyş we dynç alyş mer­ke­zlerin­de taý­ýar­lyk iş­le­ri­niň aý­ra­tyn gu­ra­ma­çy­lyk­ly ýo­la goý­lan­dy­gy­ny bel­le­mek bo­lar. Bu sa­pa­ly me­kan­lar­da ça­ga­la­ryň ka­da­ly dynç al­mak­la­ry, dür­li ugur­lar bo­ýun­ça ze­hin­le­ri­ni ýü­ze çy­kar­mak­la­ry, zäh­met en­dik­le­ri­ni ke­ma­la ge­tir­mek­le­ri üçin äh­li şert­ler dö­re­di­lip­dir. Mer­kez­ler­de möw­sü­miň do­wa­myn­da ýaş ne­sil­le­ri hü­när­le­re ug­ruk­dyr­mak we dur­mu­şa taý­ýar­la­mak mak­sa­dy bi­len, hü­när hem-de aý­dym-saz gur­nak­la­ry he­re­ket eder. Ça­ga­la­ryň da­şa­ry ýurt dil­le­ri, komp­ýu­ter so­wat­ly­ly­gy bo­ýun­ça bi­lim­le­ri­ni art­dyr­mak, ýa­zy­jy-şa­hyr­lar, us­sat me­de­ni­ýet we sun­gat iş­gär­le­ri bi­len du­şu­şyk­la­ry, döw­re­bap kär­ha­na­la­ra, te­bi­ga­ty­my­zyň gö­zel ýer­le­ri­ne, mu­zeý­le­re, ta­ry­hy-me­de­ni ýa­dy­gär­lik­le­re ge­ze­lenç­le­ri­ni gu­ra­mak iş­le­ri hem göz öňün­de tu­tul­ýar.