Uly hö­wes bi­len abu­na ýa­zyl­ýa­rys

31 Maý 2024
201

Ber­ka­rar döw­le­tiň tä­ze eý­ýa­my­nyň Galkynyşy döw­rün­de ýur­du­my­zyň äh­li ul­gam­la­ry bi­len bir ha­tar­da ne­şir­ýat ul­ga­my hem düýp­li ös­ýär. Dö­wür bi­len aýak­daş bar­ýan ýur­du­my­zyň ne­şir­ýat ul­ga­myn­da ýe­til­ýän sep­git­ler mu­ňa aý­dyň şa­ýat­lyk ed­ýär. Ýur­du­myz­da çap edil­ýän is­len­dik ga­zet-žur­nal­la­ry di­ňe bir ka­gyz gör­nü­şin­de däl, eý­sem, yk­jam el te­le­fon­la­ryň, ýan komp­ýu­ter­le­riň üs­ti bi­len oka­mak, gün­de­lik tä­ze­lik­ler bi­len ta­nyş­mak müm­kin. Ýur­du­myz­da çap edil­ýän beý­le­ki ga­zet-žur­nal­lar bi­len bir ha­tar­da «Za­man-Türk­me­nis­tan» ga­ze­ti­niň oky­jy­la­ry­nyň köp­dü­gi­ni aý­ra­tyn bel­le­mek ge­rek. Çün­ki ga­zet sa­hy­pa­la­ryn­da, elekt­ron saýt­la­ryn­da di­ňe bir ýur­du­myz­da­ky däl, eý­sem, dün­ýä­dä­ki tä­ze­lik­ler giň­den be­ýan edil­ýär. Ga­ze­tiň ha­bar­lar, dün­ýä tä­ze­lik­le­ri, sport, sun­gat, sy­ýa­hat­çy­lyk, yk­dy­sa­dy­ýet, ede­bi­ýat, teh­no­lo­gi­ýa ýa­ly bö­lüm­le­rin­de gy­zyk­ly, ma­ny­ly ma­ka­la­la­ry, tä­ze­lik­le­ri oka­mak, ta­nyş­mak müm­kin. Şeý­le hem ga­zet­de peý­da­ly mas­la­hat­lar, ça­ga­lar üçin dür­li oýun­lar, kross­word­lar, skan­word­lar yzy­gi­der­li çap edil­ýär. Mu­nuň özi her bir oky­jy­nyň boş wag­ty­ny gy­zyk­ly, maz­mun­ly ge­çir­mä­ge müm­kin­çi­lik ber­ýär. Şu gün­ler do­wam ed­ýän 2024-nji ýy­lyň II ýa­rym ýy­l­lygy üçin abu­na ýa­zy­ly­şy­gy­na Türk­me­nis­ta­nyň Kär­deş­ler ar­ka­la­şyk­la­ry­nyň Da­şo­guz we­la­ýa­ty­nyň Kö­ne­ür­genç et­rap bir­leş­me­si­niň iş­gär­le­ri, iş­jeň ag­za­la­ry uly hö­wes bi­len ýa­zyl­ýar­lar. Äh­li wa­tan­daş­la­ry­my­zy «Za­man-Türk­me­nis­tan» ga­ze­ti­niň elekt­ron we çap edil­ýän gör­nü­şi­ne 2024-nji ýy­lyň II ýa­rym ýy­llygy üçin abu­na ýa­zyl­ma­ga ça­gyr­ýa­rys. Çün­ki ga­ze­tiň elekt­ron we çap edil­ýän gör­nüş­le­ri bi­len wag­ty­ňyz ma­ny­ly, maz­mun­ly we gy­zyk­ly ge­çer. 2024-nji ýy­lyň II ýa­rym ýy­llygy üçin elekt­ron abu­na ýa­zy­ly­şy­gy­na el te­le­fon­la­ryň üs­ti bi­len hem abu­na ýa­zyl­mak müm­kin. Bu bol­sa bi­ziň her bi­ri­mi­ziň wag­ty­my­zy tyg­şyt­la­ma­ga müm­kin­çi­lik ber­ýär.

Gül­hu­mar HO­JAH­ME­TO­WA,