Ýurdumyzda daşary syýasat ugry parahatçylyk söýüjilik hem-de «Açyk gapylar» syýasaty esasynda alnyp barylýar. Şol ugra gönükdirilen daşary syýasatda dünýä döwletleri, halkara we sebit guramalary bilen özara bähbitlilik, deňhukuklylyk hem-de birek-birege hormat goýmak ýörelgeleri esasynda gatnaşyklar işjeň ösdürilýär.
Ýurdumyzyň işjeň hyzmatdaşlyk edýän guramalarynyň biri hem Garaşsyz Döwletleriň Arkalaşygy guramasydyr. Hemişelik Bitaraplyk hukuk ýagdaýyna laýyklykda, Garaşsyz Döwletleriň Arkalaşygynyň assosirlenen agzasy bolup durýan Türkmenistan GDA-nyň çäklerinde syýasy, söwda-ykdysady hem-de medeni-ynsanperwer gatnaşyklaryň ösdürilmegine saldamly goşant goşýar.