Aprel aýynyň ahyrynda Italiýanyň kanallar şäheri bolan Wenesiýa günin girip çykjak syýahatçylar üçin 5 ýewro töleg girizilipdi. Gysga wagtda bu usul arkaly 1 million ýewro gazanylandygy mälim edilipdi. Maglumata görä, 25-nji aprelden 5-nji maýa çenli 195 müň giriş petegi satylyp, 975 müň ýewro girdeji alnypdyr. Şeýle-de bolsa, bu düzgün şähere girýänleriň sanyny azaltmandyr, hatda ozalky ýyllardakydan hem köp bolupdyr. Düzgüne görä, şähere giriş 08:30-dan 16:00 aralygynda tölegli. Günüň dowamynda şäherden çykjak myhmanlar degişli tölegi telefon arkaly elektron usulda töläp bilýär. Synag maksady bilen ýola goýlan bu düzgün iýulyň ortasyna çenli dowam etdiriler. Synag möhletinden soňra giriş tölegi iki esse gymmatladylar.
Soltanguly NURMYRADOW,