Berkarar döwletiň täze eýýamynyň Galkynyşy döwründe türkmen halkynyň Milli Lideri Gahryman Arkadagymyzyň başyny başlan beýik işleriniň häzirki döwürde Arkadagly Gahryman Serdarymyzyň parasatly baştutanlygynda üstünlikli dowam etdirilmegi netijesinde hemişelik Bitaraplyk we «Açyk gapylar» syýasatyny ýöredýän, dünýä ýurtlary bilen hoşniýetli, dostlukly gatnaşyklary ýola goýýan Türkmenistan deňiz, howa, demir ýol we awtomobil gatnawlaryny öz içine alýan Gündogar–Günbatar we Demirgazyk–Günorta ulag-üstaşyr geçelgeleriniň häzirki zaman ulgamyny döretmek boýunça iri taslamalary üstünlikli durmuşa geçirýär.
Ýurdumyzyň ulag-kommunikasiýa ulgamy iň öňdebaryjy ykdysady pikir-garaýyşlara esaslanýan döwlet syýasatynyň möhüm ugry hökmünde okgunly özgerýär.