"Türkmenistan Sport" Halkara žurnaly

Esaslandyryjysy: Türkmenistanyň sport we ýaşlar syýasaty ministrligi
Salgysy: Aşgabat şäheri, B.Saparmyrat Türkmenbaşy şaýoly 54
Telefon belgileri: 22-81-38

Makalalar

Paýtagtymyzda döredijilik bäsleşiginiň ýeňijilerini sylaglamak dabarasy geçirildi

Aşgabat, 1-nji iýun (TDH). Şu gün ýurdumyzda bellenilýän Çagalary goramagyň halkara güni mynasybetli Maslahat köşgünde Gurbanguly Berdimuhamedow adyndaky Howandarlyga mätäç çagalara hemaýat bermek boýunça haýyr-sahawat gaznasy tarapyndan yglan edilen «Biz — Arkadag Serdarly Watanyň bagtyýar nesilleri» atly döredijilik bäsleşiginiň jemi jemlenip, ýeňijileri sylaglamak dabarasy geçirildi. Mälim bolşy ýaly, 1-nji iýunda Türkmenistan dünýä jemgyýetçiligi bilen bilelikde Çagalary goramagyň halkara gününi belleýär. Ýurdumyz Birleşen Milletler Guramasynyň Çaganyň hukuklary hakynda Konwensiýasyny tassyklap, öz ýaşajyk raýatlary üçin amatly durmuş şertlerini üpjün etmekde ýokary jogapkärçiligi öz üstüne alýandygyny iş ýüzünde subut edýär. Çagalarda watançylyk duýgusyny terbiýelemek, döredijilik işine höweslendirmek, olaryň surat çekmek ukybyny ösdürmek, dünýägaraýşyny giňeltmek maksady bilen guralan bäsleşige Watanymyza, mähriban topragymyza, maşgala gymmatlyklaryna, gözel tebigatymyza we milli mirasymyza bolan çäksiz söýgini wasp edýän ajaýyp işler hödürlenildi.

Ýaşulularyň göreldesi — ýaşlaryň ýörelgesi

Aşgabat, 1-nji iýun (TDH). Şu gün Türkmenistanyň Halk Maslahatynyň hem-de Gurbanguly Berdimuhamedow adyndaky Howandarlyga mätäç çagalara hemaýat bermek boýunça haýyr-sahawat gaznasynyň ýanyndaky Ýaşulular geňeşiniň mejlisi geçirildi. Oňa gaznanyň wise-prezidenti, Ýaşulular geňeşiniň ýurdumyzyň welaýatlaryna wekilçilik edýän agzalary gatnaşdylar. Mejlisiň gün tertibine haýyr-sahawat gaznasy tarapyndan «Pähim-paýhas ummany Magtymguly Pyragy» ýylynyň geçen döwründe alnyp barlan işler, gaznanyň ýanyndaky Ýaşulular geňeşiniň ýerine ýetirýän işleri bilen bagly möhüm meseleler girizildi. Çykyş edenleriň belleýişleri ýaly, Gahryman Arkadagymyzyň hem-de Arkadagly Gahryman Serdarymyzyň taýsyz tagallalary bilen ýurdumyzda geljegimiz bolan çagalaryň bagtly durmuşyny üpjün etmek, olary hemmetaraplaýyn goldamak boýunça zerur işler amala aşyrylýar. Pederlerimiz asyrlarboýy öz nesillerine aýratyn alada we mähir bilen garap, olara hemme gowulyklary bagyş edipdirler. Halkymyzyň bu däpleri häzirki wagtda mynasyp dowam etdirilýär. Ýurdumyzda bu ugurda üstünlikli işler durmuşa geçirilýär. Ösüp gelýän ýaş nesilleri goldamak, olaryň bagtyýar durmuşda ýaşamagy hem-de howandarlyga mätäç çagalaryň saglygyny dikeltmek maksady bilen döredilen Gurbanguly Berdimuhamedow adyndaky How

Çagalary goramagyň halkara güni mynasybetli Döwletliler köşgünde terbiýelenýän çagalara sowgatlar gowşuryldy

Aşgabat, 1-nji iýun (TDH). Şu gün ýurdumyzda bellenilýän Çagalary goramagyň halkara güni mynasybetli Döwletliler köşgünde baýramçylyk dabarasy geçirildi. Onuň dowamynda bu ýerde terbiýelenýänlere hormatly Prezidentimiz Serdar Berdimuhamedowyň, şeýle hem Gurbanguly Berdimuhamedow adyndaky Howandarlyga mätäç çagalara hemaýat bermek boýunça haýyr-sahawat gaznasynyň we jemgyýetçilik guramalarynyň adyndan sowgatlar gowşuryldy. Häzirki döwürde bu senä bagyşlanan däp bolan dabaralar hil taýdan täze many-mazmun bilen baýlaşdyrylýar. Ýurdumyz çagalaryň bähbitlerini we hukuklaryny goramak işinde dünýä bileleşigine raýdaşlyk bildirip, bu ulgamda öňde goýlan möhüm wezipeleri çözmäge jogapkärçilikli çemeleşýär. Çagalar barada hemmetaraplaýyn alada, olaryň beden, ruhy taýdan sagdyn ösmegi üçin amatly şertleriň döredilmegi, ýaşajyk türkmenistanlylaryň bilim almaga, saglyklaryny berkitmäge hukuklarynyň üpjün edilmegi Gahryman Arkadagymyzyň başyny başlan we häzirki wagtda hormatly Prezidentimiz Serdar Berdimuhamedow tarapyndan üstünlikli dowam etdirilýän durmuş ugurly syýasatyň möhüm ugurlarynyň biridir. Ene-atasyndan jyda düşen çagalaryň ýurdumyzda uly üns-alada bilen gurşalýandygyny bellemek gerek. Döwletimiz bu çagalary üns merkezinde saklap, olaryň özlerini uly we ag

Çagalar sagaldyş merkezlerinde tomusky dynç alyş möwsümi başlandy

Aşgabat, 2-nji iýun (TDH). Şu gün Aşgabat şäher häkimliginiň «Mekan» köşgünde mekdep okuwçylaryny Köpetdagyň ajaýyp dag eteklerinde ýerleşýän Gökderedäki çagalar sagaldyş merkezlerine ugratmak üçin däbe öwrülen dabara geçirildi. Bu waka mynasybetli dabaraly çykyşlar ýerine ýetirildi. Joşgunly aýdymlar we şowhunly tanslar, çagalar toparlarynyň şadyýan sahna çykyşlary çagalar üçin döredijilik sowgady boldy. Paýtagtymyzdan we ýurdumyzyň welaýatlaryndan mekdep okuwçylary ajaýyp sazlaryň owazy astynda bezelen awtobuslaryň kerwenine tarap ugradylar. Olar tiz wagtdan bellenen ýere — dynç alyş merkezlerine bardylar. Bu ýerde çagalary mähirli garşyladylar, olara baýramçylyk süýjülikleri hödürlenildi, dynç alyş çäreleri guraldy.

Tomusky dynç alyş möwsümi başlandy

Ýurdumyzyň umumybilim berýän orta mekdeplerinde 2023 — 2024-nji okuw ýyly üstünlikli tamamlandy. Çagalaryň tomusky dynç alyş möwsümi başlandy. Şu möwsüm mynasybetli düýn paýtagtymyzda ýerleşýän «Mekan» köşgüniň ýanynda aýdym-sazly dabaraly çäräniň şowhuny çagalaryň şadyýan sesleri bilen utgaşdy. Bu ýerden badalga alan awtobuslaryň kerweni Gökderedäki dynç alyş we sagaldyş merkezlerine tarap rowana boldy. Welaýatlarda ýerleşýän dynç alyş we sagaldyş merkezlerinde dynç almak üçin jemlenen çagalar bolsa welaýat merkezlerinden aýdym-sazly dabaralar bilen ugradyldy. Tomusky dynç alyş möwsüminde çagalar degresini dag etekläp oturan gözel Gökderede ýerleşýän dynç alyş we sagaldyş merkezleriniň on dördüsinde dynç alarlar. Welaýatlarda bolsa dynç alyş we sagaldyş merkezleriniň bäşisi çagalaryň hyzmatynda bolar. Awazanyň arzyly çagalar dynç alyş we sagaldyş merkezleriniň sekizisinde bolsa, çagalaryň wagtlaryny şadyýan geçirmekleri üçin ähli mümkinçilikler döredildi.

Bagtyýar çagalygyň mekany

Ýaş nesil — köňülleriň buýsanjy

Türkmen halkynda çaga eziz görülýär hem-de oňa edep bermek asylly ýörelge hasaplanýar. Şonuň üçin hem «Çaga eziz, edebi ondanam eziz» diýen nakyl halkyň arasynda ýörgünlidir. Çagalary ezizlemek we terbiýe bermek çagalar bagyndan, öýde ene-atanyň göreldesinden gözbaş alýar. Çagalaryň bagtyýarlygy, röwşen geljegi üçin uly işleriň durmuşa geçirilýän ýurdumyzda her ýylyň 1-nji iýuny dabaralara beslenýär. Şu ajaýyp günde dürli dabaralar geçirilýär, şadyýan çagalaryň aýdýan aýdymlary belent heň bolup ýaňlanýar. Aslynda, Çagalary goramagyň halkara güni asylly ýörelgeleriň kemala gelýän baýramydyr. Ata-babalarymyzyň nesil terbiýesi, çagalaryň bagtyýarlygy ugrundaky döreden ýörelgeleri häzirki ajaýyp döwrümizde döwrebap ösdürilýär we ýaýbaňlandyrylýar.

Ça­ga­la­ry go­ra­ma­gyň hal­ka­ra gü­ni

«7/24. tm» №23 (210), 03.06.2024 Türk­me­nis­tan bagt­ly ça­ga­ly­gyň mes­ge­ni hök­mün­de ýa­şa­jyk ra­ýat­la­ry üçin äh­li ze­rur bo­lan dur­muş şert­le­ri­ni üp­jün et­mek­de ýo­ka­ry jo­gap­kär­çi­li­gi­ni iş ýü­zün­de do­ly amal ed­ýär. Kör­pe ne­sil­le­riň saz­la­şyk­ly ösü­şi, ru­hy we be­den sag­ly­gy, ola­ryň ýo­ka­ry hil­li bi­lim al­mak­la­ry bi­len bag­ly me­se­le­ler Gah­ry­man Ar­ka­da­gy­my­zyň, hor­mat­ly Pre­zi­den­ti­mi­ziň he­mi­şe üns mer­ke­zin­de dur­ýar. Şo­nuň bi­len bag­ly­lyk­da, ýur­du­myz­da hos­sar­ly­ga mä­täç ça­ga­la­ry deň de­re­je­li dur­mu­şa ug­ruk­dyr­mak, ola­ry öz­baş­dak ýa­şaý­şa taý­ýar­la­mak bo­ýun­ça hem­me­ta­rap­la­ýyn iş­ler ama­la aşy­ryl­ýar. Gah­ry­man Ar­ka­da­gy­my­zyň baş­lan­gy­jy bi­len dö­re­di­len Gurbanguly Berdimuhamedow adyn­da­ky Ho­wan­dar­ly­ga mä­täç ça­ga­la­ra he­ma­ýat ber­mek bo­ýun­ça ha­ýyr-sa­ha­wat gaz­na­sy şu ba­bat­da ne­ti­je­li iş­le­ri dur­mu­şa ge­çir­ýär. Öz­le­ri üçin edil­ýän ta­gal­la­la­ryň oňyn ne­ti­je­si­ni bag­ty­ýar ça­ga­la­ryň şa­dy­ýan ýüz­le­rin­d

Bag­ty­ýar nesilleriň baýramy

«7/24. tm» №23 (210), 03.06.2024 Ça­ga­la­ryň hu­kuk­la­ry­ny go­ra­mak Türk­me­nis­ta­nyň go­şu­lan we tas­syk­lan köpsan­ly hal­ka­ra res­mi­na­ma­la­ry­nyň we ka­rar­na­ma­la­ry­nyň, şol san­da Ça­ga­nyň hu­kuk­la­ry ha­kyn­da Kon­wen­si­ýa­nyň hök­ma­ny şer­ti bo­lup dur­ýar. Bu Kon­wen­si­ýa­da ça­ga­la­ryň dur­mu­şa we do­ly ös­mä­ge bo­lan hu­ku­gy, zy­ýan­ly tä­sir­ler­den go­ran­ma­k, öz­le­ri­ne ge­leň­siz­lik bi­len ga­ral­ma­gyn­dan hem-de öz­le­ri­niň zäh­me­ti­ni peý­da­lan­mak­dan go­ran­ma­k we maş­ga­la, me­de­ni hem-de ýa­şa­ýyş-dur­muş iş­le­ri­ne hem­me­ta­rap­la­ýyn gat­naş­mak ýa­ly ça­ga­la­ryň esa­sy hu­kuk­la­ry göz öňün­de tu­tul­ýar.

Dost-do­gan­ly­ga be­lent sar­pa

«7/24. tm» №23 (210), 03.06.2024 Paý­tag­ty­my­zyň gö­zel kün­je­gin­de dö­re­di­len da­na akyl­da­ry­myz Mag­tym­gu­ly Py­ra­gy­nyň heý­ke­li we onuň tö­we­re­gi­ni gur­şap alan me­de­ni-se­ýil­gäh zo­la­gy il­deş­le­ri­mi­ziň we paý­tag­ty­my­zyň myh­man­la­ry­nyň iň bir ge­lim-gi­dim­li ýe­ri­ne öw­rü­ler. Çün­ki bu ýer­de dö­re­di­len aja­ýyp­lyk­lar, dag etek ýer­le­riň aras­sa, ja­na şy­pa­ly ho­wa­sy, daş-tö­we­re­gi­ňi gur­şap al­ýan tä­sin te­bi­gy land­şaft, bu be­lent ba­ýyr­lyk­lar­dan aja­ýyp ak şä­he­ri­miz Aş­ga­ba­dy syn­lap, gö­zel­lik lez­ze­ti­ni al­ma­ga dö­re­ýän müm­kin­çi­lik­ler is­len­dik ada­my özü­ne çe­kip bil­ýär.

Bagtyýar nesilleriň dynç alyş möwsümi başlandy

Welaýat kitaphanasynyň öňündäki meýdançada guralan dabara bagtyýar çagalary tomusky dynç alyş möwsüminiň birinji tapgyrynda «Awaza» milli syýahatçylyk zolagyndaky «Balkan», «Daýanç», «Arzuw», Hazar şäherindäki «Gara altyn», Gyzylarbat etrabyndaky «Dürdäne» çagalar sagaldyş-dynç alyş merkezlerine ugratmaklyga bagyşlandy. Bu ýerde çagalaryň ýerine ýetirmeklerinde ýaňlanan döwrebap aýdym-sazlarda dost-doganlygyň, bagtyýar çagalygyň, gözel Awazanyň waspy öz beýanyny tapdy. Milli lybasdaky çagalar tans toparlarynyň ýerine ýetiren ajaýyp tanslary el çarpyşmalar bilen garşylandy.

Ça­ga­la­ryň döredijilik bäsleşigi

«7/24. tm» №23 (210), 03.06.2024 «Pä­him-paý­has um­ma­ny Mag­tym­gu­ly Py­ra­gy» ýy­ly­nyň 1-nji iýu­nyn­da Ça­ga­la­ry go­ra­ma­gyň hal­ka­ra gü­ni my­na­sy­bet­li ge­çi­ri­len «Biz — Ar­ka­dag Ser­dar­ly Wa­ta­nyň bag­ty­ýar ne­sil­le­ri» at­ly dö­re­di­ji­lik bäs­le­şi­gi ça­ga­lar üçin ýat­dan çyk­ma­jak baý­ram­çy­ly­ga öw­rül­di.

“Buýsançdaky” baýramçylyk dabarasy

Şu gün — 1-nji iýunda Çagalary goramagyň halkara güni mynasybetli Änew şäheriniň “Buýsanç” çagalar medeni-dynç alyş seýilgähinde aýdym-sazly dabara geçirildi. Welaýat häkimligi, welaýat Baş bilim müdirligi, Medeniýet müdirligi hem-de jemgyýetçilik guramalary tarapyndan guralan “Bagtyýar döwrüň bagtly çagalary” atly bu dabara welaýatymyzyň dürli ýerlerinden çagalar gatnaşdy. Dabarada welaýatymyzyň çagalar döredijilik toparlarynyň baýramçylyk çykyşlaryna giň orun berildi. Ýaş nesliň aýdym-sazly çykyşlarynda asuda asmanymyzyň, parahat durmuşymyzyň, eziz Diýarymyzyň, ajaýyp döwrümiziň, bagtyýar çagalygyň waspy belentden ýetirildi. Hemmeleriň toý şatlygyny goşalandyran dabarada ýaşajyk türgenleriň sportuň dürli görnüşleri boýunça görkezme çykyşlaryny, ýaşaýjyk suratkeşleriň işleriniň sergisini synlamak täsirli boldy.

“Ýaşyl ýaýladaky” baýramçylyk joşguny

Türkmenistanyň Kärdeşler arkalaşyklarynyň Ahal welaýat birleşmesiniň hem-de welaýat Baş bilim müdirliginiň bilelikde guramagynda Kaka etrabynyň Hywaabat jülgesindäki “Ýaşyl ýaýla” çagalar dynç alyş-sagaldyş merkezinde geçirilen dabara Çagalary goramagyň halkara gününiň çäreleriniň üstüni ýetirdi. “Çaga kalbymyz joşýar bagtyýar zamanada — alkyşymyz çäksizdir Arkadagly Gahryman Serdara!” atly baýramçylyk dabarasyna gatnaşmaga welaýatymyzyň gündogar sebit etraplaryndan gelen çagalar şatlykly pursatlara şaýat boldular. Olar özleriniň deň-duşlarynyň ýerine ýetiren aýdym-sazlaryny, labyzly okan goşgularyny diňlediler, joşgunly tans çykyşlaryny synladylar. Hakyky toý keşbinde bezelen sahnadaky çykyşlaryň her birinde beýik döwrümiziň waspy joşgunly ýetirildi.

Çagalary goramagyň halkara güni ýokary ruhubelentlikde bellenilip geçildi

Şu gün — 1-nji iýunda paýtagtymyzda ýerleşýän «Aşgabat», «Daşkent» dynç alyş seýilgählerinde we «Älem» medeni dynç alyş merkezinde, «Ertekiler dünýäsinde», Türkmenistanyň Döwlet sirkinde Çagalary goramagyň halkara güni mynasybetli şatlyk-şowhunly dabaraly çäreler giň gerime eýe boldy. Oňa ýurdumyzyň medeniýet müdirlikleriniň ýörite çeperçilik, sungat mekdepleriniň okuwçylary, çagalar baglarynyň körpeleri, paýtagtymyzyň ýaşaýjylary we köp sanly raýatlarymyz gatnaşdylar. Ir säher bilen dabaraly ýagdaýda gujak geren seýilgählerde, medeni dynç alyş merkezlerde aýdym-sazly çykyşlar, Türkmen döwlet gurjak teatrynyň we sirk artistleriniň tomaşalary bagtyýar çagalaryň baýramçylyk ruhunyň ýokary göterilmegine itergi berdi.

Bagtdan paýly çagalar

Ýurdumyzyň ähli ýerlerinde bolşy ýaly, welaýatymyzda hem Çagalary goramagyň halkara güni ýatdan çykmajak dabaralara, ýokary ruhubelentlige beslendi. Welaýat merkezi Balkanabat şäherinde toý ýörişi bilen başlanan baýramçylyk çäresine şäherdäki çagalar baglarynda terbiýelenýän körpeler, orta mekdeplerde okaýan kiçi ýaşly okuwçylar gatnaşdylar. Baýramçylyk ýörişini  bagtyýar çagalaryň şadyýan  gülküleri, döwrebap aýdym-sazlaryň belent owazy gurşap aldy. Ýolugra welaýatymyzyň medeniýet we sungat ussatlarynyň aýdym-sazly çykyşlary belentden ýaňlandy. Balkanabat şäheriniň gözel künjeginde ýylyň ähli paslynda çagalary mähir bilen garşylaýan «Altyn nur» çagalar dynç alyş merkezinde, Türkmenbaşy şäheriniň «Salkyn kenar» medeni dynç alyş seýilgähinde geçirilen  baýramçylyk dabaralarynda bagtdan paýly körpeler türkmen milli oýunlaryny ýerine ýetirdiler. Çagalar ertekiler dünýäsini ýadyňa salýan dynç alyş merkezlerinde gezelenç edip,  awtoulag meýdançasynda boldular, dürli oýunlary oýnadylar. Welaýat we Balkanabat şäher häkimlikleriniň, welaýat Baş bilim,  medeniýet müdirlikleriniň, Türkmenistanyň Magtymguly adyndaky Ýaşlar guramasynyň welaýat geňeşiniň bilelikde guramaklarynda geçirilen baýramçylyk dabaralarynda zehinli çagala

Täze eýýamyň bagtyýar çagalary

Çagalary goramagyň halkara güni mynasybetli Türkmenistanyň Demokratik partiýasynyň Esenguly etrap komitetiniň beýleki jemgyýetçilik  guramalary bilen  bilelikde guramagynda etrap merkezindäki «Arkadagyň nesilleri» çagalar dynç alyş merkezinde «Täze eýýamyň bagtyýar  çagalary» ady bilen körpeleriň   gatnaşmagynda  aýdym-sazly  dabaraly çäre, bäsleşikler geçirildi. Çagalar merkeziň çägine gezelenç etdiler, bu ýerdäki oýun attraksionlarynda wagtlaryny gyzykly we şadyýan geçirdiler. Ýurdumyzda  ýaş nesilleriň  bagtyýar durmuşynyň  üpjün edilmegi, olaryň saglyklaryny  berkitmekleri ugrunda ähli şertleriň döredilýändigi üçin Gahryman Arkadagymyza we Arkadagly Gahryman Serdarymyza hoşallyk sözlerini aýtdylar. Çärä gatnaşan çagalaryň  ählisine  sowgatlar gowşuryldy.

Şat dünýäniň bagtyýar waspçylary

Şu gün — 1-nji iýunda paýtagtymyzdaky Maslahat köşgünde Gurbanguly Berdimuhamedow adyndaky Howandarlyga mätäç çagalara hemaýat bermek boýunça haýyr-sahawat gaznasynyň howandarlyk etmeginde «Biz — Arkadag Serdarly Watanyň bagtyýar nesilleri» atly surat çekmek boýunça geçirilen bäsleşigiň ýeňijileriniň sylaglanyş dabarasy geçirildi. Ýurdumyzyň ýaş suratkeşleriniň ýüzlerçesini bir ýere jemlän bäsleşikde Aşgabat we Arkadag şäherlerinden, welaýatlarymyzdan gatnaşan ýaş nesilleriň içinden jemi 21 okuwçy ýeňiji diýlip yglan edildi.

Berkarar döwletiň bagtyýar çagalary

Welaýat çagalar öýünde Çagalary goramagyň halkara güni mynasybetli baýramçylyk dabarasy geçirildi. Welaýat çagalar öýüniň hem-de welaýat saglygy goraýyş müdirliginiň bilelikde guramagynda geçirilen dabara şatlyk-şowhuna beslendi. Ir säher bilen geçirilen baýramçylyk dabarasynda welaýat çagalar öýüniň direktory Aýnagözel Akgaýewa, welaýat saglygy goraýyş müdirliginiň başlygy Durdymuhammet Annageldiýew we beýlekiler çykyş etdiler. Çykyş edenler çagalary şanly sene mynasybetli gutladylar we olara bagtly geljek arzuw etdiler. Şeýle-de, baýramçylyk çäresiniň dowamynda welaýat çagalar öýüniň çagalarynyň aýdym-sazly çykyşlaryna, gysgajyk sahna oýunlaryna tomaşa edildi.

Şatlyga beslenen çäre

Güneşli Diýarymyzyň ähli ýerlerinde bolşy ýaly, Çagalary goramagyň halkara güni mynasybetli aýdym-sazly baýramçylyk çäreleri biziň welaýatymyzda-da giň gerime eýe boldy. Şu baýramçylyga bagyşlanan dabaraly çäreler çagalarda ýatdan çykmajak täsir galdyrdy. Şu sene mynasybetli Türkmenistanyň Senagatçylar we telekeçiler partiýasynyň welaýat komitetiniň guran aýdym-sazly baýramçylyk çäresem şatlyk-şowhuna beslendi. Mary şäherindäki “Ary” çagalar dynç alyş merkezinde guralan “Durmuşyň geljegi eziz çagalar” atly dabaraly çäräniň dowamynda çagalar kemsiz dynç aldylar. Bu çäräniň özi Garaşsyz, baky Bitarap döwletimizde ýaş nesil hakynda edilýän bimöçber aladalara şaýatlyk etdi. Şeýle hem baýramçylyk çäresine gatnaşan çagalara TSTP-niň welaýat komiteti tarapyndan baýramçylyk sowgatlary gowşuryldy. Aýdym-sazlaryň belent owazy astynda geçen baýramçylyk çäresi çagalaryň göwünlerini göterdi.