Şatlyga beslenen çäre

1 Iýun 2024
303

Güneşli Diýarymyzyň ähli ýerlerinde bolşy ýaly, Çagalary goramagyň halkara güni mynasybetli aýdym-sazly baýramçylyk çäreleri biziň welaýatymyzda-da giň gerime eýe boldy. Şu baýramçylyga bagyşlanan dabaraly çäreler çagalarda ýatdan çykmajak täsir galdyrdy.

Şu sene mynasybetli Türkmenistanyň Senagatçylar we telekeçiler partiýasynyň welaýat komitetiniň guran aýdym-sazly baýramçylyk çäresem şatlyk-şowhuna beslendi. Mary şäherindäki “Ary” çagalar dynç alyş merkezinde guralan “Durmuşyň geljegi eziz çagalar” atly dabaraly çäräniň dowamynda çagalar kemsiz dynç aldylar. Bu çäräniň özi Garaşsyz, baky Bitarap döwletimizde ýaş nesil hakynda edilýän bimöçber aladalara şaýatlyk etdi. Şeýle hem baýramçylyk çäresine gatnaşan çagalara TSTP-niň welaýat komiteti tarapyndan baýramçylyk sowgatlary gowşuryldy. Aýdym-sazlaryň belent owazy astynda geçen baýramçylyk çäresi çagalaryň göwünlerini göterdi.