Bagtdan paýly çagalar

1 Iýun 2024
276

Ýurdumyzyň ähli ýerlerinde bolşy ýaly, welaýatymyzda hem Çagalary goramagyň halkara güni ýatdan çykmajak dabaralara, ýokary ruhubelentlige beslendi. Welaýat merkezi Balkanabat şäherinde toý ýörişi bilen başlanan baýramçylyk çäresine şäherdäki çagalar baglarynda terbiýelenýän körpeler, orta mekdeplerde okaýan kiçi ýaşly okuwçylar gatnaşdylar. Baýramçylyk ýörişini  bagtyýar çagalaryň şadyýan  gülküleri, döwrebap aýdym-sazlaryň belent owazy gurşap aldy. Ýolugra welaýatymyzyň medeniýet we sungat ussatlarynyň aýdym-sazly çykyşlary belentden ýaňlandy.

Balkanabat şäheriniň gözel künjeginde ýylyň ähli paslynda çagalary mähir bilen garşylaýan «Altyn nur» çagalar dynç alyş merkezinde, Türkmenbaşy şäheriniň «Salkyn kenar» medeni dynç alyş seýilgähinde geçirilen  baýramçylyk dabaralarynda bagtdan paýly körpeler türkmen milli oýunlaryny ýerine ýetirdiler. Çagalar ertekiler dünýäsini ýadyňa salýan dynç alyş merkezlerinde gezelenç edip,  awtoulag meýdançasynda boldular, dürli oýunlary oýnadylar. Welaýat we Balkanabat şäher häkimlikleriniň, welaýat Baş bilim,  medeniýet müdirlikleriniň, Türkmenistanyň Magtymguly adyndaky Ýaşlar guramasynyň welaýat geňeşiniň bilelikde guramaklarynda geçirilen baýramçylyk dabaralarynda zehinli çagalaryň ýerine ýetirmeklerinde ýaňlanan döwrebap aýdym-sazlar, joşgunly tanslar şowhunly el çarpyşmalar bilen garşylandy. Asfaltyň ýüzüne surat çekmek boýunça geçirilen bäsleşikde ýaş suratkeşler öz ukyp-başarnyklaryny  açyp görkezdiler.

Oguljennet Annageldiýewa.
Surata düşüren Andreý Pakulow, «Balkan».