"Türkmenistan Sport" Halkara žurnaly

Esaslandyryjysy: Türkmenistanyň sport we ýaşlar syýasaty ministrligi
Salgysy: Aşgabat şäheri, B.Saparmyrat Türkmenbaşy şaýoly 54
Telefon belgileri: 22-81-38

Makalalar

Akyldar şahyry sarpalap

Gündogaryň beýik akyldary we şahyry Magtymguly Pyragynyň döredijiliginiň dünýä dolan şöhratyny has-da beýgeltmek we ony giňden wagyz etmek, bu ugurda halkara hyzmatdaşlygy pugtalandyrmak boýunça ýurdumyzda giň gerimli işler alnyp barylýar. Halkymyz akyldar şahyra, onuň döredijiligine çäksiz hormat goýýar. 2024-nji ýylyň «Pähim-paýhas ummany Magtymguly Pyragy» diýlip atlandyrylmagy akyldar şahyrymyzyň döredijiligine goýulýan hormat-sarpanyň beýikdigini görkezýär. Hormatly Prezidentimiz Serdar Berdimuhamedow halkymyza sowgat eden «Ýaşlar ― Watanyň daýanjy» atly kitabynda: «Täze ýylymyzyň adynyň akyldar şahyrymyzyň ady bilen baglanyşdyrylmagynda çuňňur many bar. Magtymguly Pyragynyň eserlerine ornan döwletliligiň, söz we paýhas berekediniň, ylham-döredijiligi joşdurjak rysgal çeşmesiniň, tutuş barlyga, ýaşaýşa, ynsana mahsus gözellikleriň has kämil hem-de döwrebap röwüşde hasyl boljakdygynyň buşlugydyr. Türkmen ýaşlaryna döwletliligimiziň ýene bir sahypasyny belent üstünlikler bilen doldurmaga çagyryşdyr. Öňümizdäki bir ýylymyzy, soňra bütin ömrümizi Magtymguly bolup ýaşamaga çakylykdyr» diýip belleýär. Hormatly Prezidentimiziň bu sözleriniň aňyrsynda Magtymguly Pyragynyň şahyrana dünýäsine düşünmegiň täzeçe ýollary, täsirli usullary bar. Arkadagly G

Gymmatly hazyna

Şu günler ýurdumyzyň ähli künjeginde Türkmenistanyň Ylymlar akademiýasynyň Magtymguly adyndaky Dil, edebiýat we milli golýazmalar instituty tarapyndan taýýarlanan «Magtymguly» atly kitabynyň tanyşdyrylyş dabaralary giň gerime eýedir. Beýik akyldar şahyryň saýlanan eserlerini özünde jemleýän bu gymmatly kitabyň tanyşdyrylyş dabaralary «Pähim-paýhas ummany Magtymguly Pyragy» ýylynyň çärelerine özboluşly many-mazmun çaýýar. Änew şäheriniň Medeniýet öýünde «Magtymguly» atly kitabyň tanyşdyrylmagyna bagyşlanan welaýat derejesindäki dabara etrabymyzyň ýaşlarynyň köp sanlysyna gatnaşmak miýesser etdi. Şonda bütin ömrüni halka hyzmat etmäge bagyş eden Magtymguly Pyragynyň döredijilik dünýäsi, beýik akyldaryň XVIII asyryň türkmen durmuşy, watançylyk, tebigatyň gözelligi, ahlak päkligi bilen bagly şygyrlarynyň ähmiýeti barada aýdylanlar uly täsirleri döretdi.

Ylymlar güni mynasybetli geçirilen maslahat

Türkmenistanyň Saglygy goraýyş we derman senagaty ministrliginiň, Türkmenistanyň Bilim ministrliginiň, Myrat Garryýew adyndaky Türkmenistanyň Döwlet lukmançylyk uniwersitetiniň bilelikde guramagynda Ylymlar güni mynasybetli 2024-nji ýylyň 6-njy iýunynda Myrat Garryýew adyndaky Türkmenistanyň Döwlet lukmançylyk uniwersitetiniň mejlisler zalynda ylmy-amaly maslahat geçirildi. «Berkarar döwletiň täze eýýamynyň Galkynyşy döwründe lukmançylyk ylmynyň gadamlary» diýen at bilen geçirilen maslahata  uniwersitetiň rektorlygy we jemgyýetçilik guramalary, professor mugallymlary, talyplar gatnaşdy. Şeýle-de Magtymguly adyndaky Türkmen döwlet uniwersitetinden, Türkmenistanyň Inžener-tehniki we ulag kommunikasiýalary institutyndan, Türkmenistanyň Daşary işler ministrliginiň Halkara gatnaşyklary institutyndan, Döwletmämmet Azady adyndaky Türkmen milli dünýä dilleri institutyndan, Türkmenistanyň Döwlet çeperçilik akademiýasyndan, Indira Gandi adyndaky Aşgabat lukmançylyk orta okuw mekdebinden, Maýa Kulyýewa adyndaky Türkmen milli konserwatoriýasyndan, Türkmen döwlet binagärlik-gurluşyk institutyndan mugallymlar, talyplar gatnaşdy. Ylmy-amaly maslahat Türkmenistanyň Döwlet senasynyň ýerine ýetirilmegi bilen açyldy. Soňra ylmy-amaly maslahata bagyşlanan çykyşlar diňlenildi.

Ylmy-amaly maslahat geçirildi

Düýn — 6-njy iýunda Magtymguly adyndaky Türkmen döwlet uniwersitetinde Ylymlar güni mynasybetli «Ylmyň ösdürilmegi we tehnologiýalaryň döwrebap kämilleşdirilmegi — ýurdumyzyň durmuş-ykdysady üstünlikleriniň özeni» atly ylmy-amaly maslahat geçirildi. Ol Türkmenistanyň Bilim ministrligi hem-de ady agzalan ýokary okuw mekdebi tarapyndan bilelikde guraldy. Maslahata ýurdumyzyň ýokary okuw mekdeplerinden professor-mugallymlar, alymlar, hünärmenler we talyplar gatnaşdy.

«Florida» 1-nji, «Edmonton» 6-njy çempionlygyna ymtylýar

Ame­ri­ka­nyň Mil­li hok­keý li­ga­sy NHL-de Sten­li Ku­bo­gy­nyň fi­nal­çy­la­ry bel­li bol­dy. Kon­fe­ren­si­ýa­la­ryň fi­nal du­şu­şy­gyn­dan soň «Flo­ri­da Pant­ers» bi­len «Ed­mon­ton Oý­lers» to­par­la­ry fi­nal­da oý­na­ma­ga hu­kuk ga­zan­dy. Gün­do­gar Kon­fe­ren­si­ýa­nyň fi­na­lyn­da «Flo­ri­da Pant­ers» to­pa­ry «Nýu Ýork Reýn­jer­si» 6-njy du­şu­şyk­da 2:1 ha­sa­byn­da ýe­ňip, umu­my ha­sap­da 4:2 öňe saý­lan­ we bas­syr 2-nji umu­my­lyk­da-da 3-nji ge­zek fi­na­la çyk­ma­gy ba­şar­dy. Gün­ba­tar Kon­fe­ren­si­ýa­nyň fi­na­lyn­da-da ýe­ňi­ji 6 du­şu­şyk­da bel­li bo­lup, Ka­na­da­nyň «Ed­mon­ton Oý­lers» to­pa­ry 6-njy du­şu­şyk­da «Dal­las Stars» toparyny 2:1 ha­sa­byn­da ýeň­li­şe se­ze­war et­di. Şun­luk­da, umu­my ha­sap­da 4:2 öňe ge­çen «Ed­mon­ton Oý­lers» to­pa­ry 18 ýyl­dan soň 2-nji ge­zek NHL-iň fi­na­ly­na çyk­dy.

Iň köp gatnaşan topar Germaniýanyň ýygyndysy

Ýe­ne-de la­ýyk 1 hep­de­den Ýew­ro­pa yk­ly­my­ny EURO 2024 – fut­bol ýa­ry­şy gur­şap alar. Bir aý­lap do­wam et­jek 17-nji Ýew­ro­pa çem­pio­na­tyn­a 24 ýy­gyn­dy gat­na­şyp, olar 6 to­par­ça­da çy­kyş eder. Öz göz­ba­şy­ny 1960-njy ýyl­dan alyp gaýd­ýan Ýew­ro­pa çem­pio­na­ty mun­dan öň 16 ge­zek ge­çi­ril­di. Her 4 ýyl­dan ge­çi­ril­ýän ýa­ryşyň di­ňe pan­de­mi­ýa se­bäp­li 2021-nji ýyl­da ge­çi­ri­liş ter­ti­bi­ni üýt­get­me­li bol­dy. UEFA-nyň 55 ag­za­sy bo­lup, şo­la­ryň 35-si yk­lym ýa­ry­şy­na azyn­dan 1 ge­zek gat­naş­dy, je­mi 10 ýy­gyn­da çem­pi­on bol­mak ba­şart­dy. Ýa­ry­şyň iň tä­ze we­ki­li Gru­zi­ýa­nyň ýy­gyn­dy­sy­dyr.

NBA-nyň fi­na­ly: «Dal­las­my» ýa-da «Bos­ton»

Ame­ri­ka­nyň Mil­li bas­ket­bol li­ga­sy NBA-da fi­nal du­şu­şyk­la­ry­na şu gün ba­dal­ga ber­ler. «Dal­las Ma­we­riks» bi­len «Bos­ton Sel­tiks» to­par­la­ry­nyň ara­syn­da­ky fi­nal du­şu­şyk­la­ry­nyň il­kin­ji 2 oýny Bos­ton­da (7-nji we 10-njy iýun­da), 3–4-nji du­şu­şyk­lar Dal­las­da (13-nji we 15-nji iýun­da) ge­çi­ri­ler. Ge­rek bo­lan ýag­da­ýyn­da 5-nji du­şu­şyk 18-nji iýun­da Bos­ton­da, 6-njy du­şu­şyk 21-nji iýun­da Dal­las­da, 7-nji du­şu­şyk bol­sa 24-nji iýun­da Bos­ton­da ge­çi­ri­ler. Il­kin­ji 4 du­şu­şyk­da ýe­ňiş ga­za­nan to­par 78-nji möw­sü­miň çem­pi­ony bo­lar. «Dal­las Ma­we­riks» to­pa­ry Gün­ba­tar Kon­fe­ren­si­ýa­nyň fi­na­lyn­da 5 oý­nuň ne­ti­je­sin­de «Min­ne­so­ta Tim­ber­wol­wes» to­pa­ry­ny, «Bos­ton Sel­tiks» to­pa­ry-da Gün­do­gar Kon­fe­ren­si­ýa­nyň fi­na­lyn­da «In­dia­na Peý­ser­si» 4:1 ha­sa­byn­da ýe­ňip­di. «Dal­las Ma­we­riks» 3-nji ge­zek NBA-nyň fi­na­lyn­da oý­nar. «Dal­las Ma­we­riks» to­pa­ry mun­dan öň­ki fi­na­lyň 2-sin­de-de «Ma­ýa­mi Hit» bi­len du­şu­şyp, gar­şy­da­şyn­dan 2006-njy ýylda as­gyn ge­lip­di, 2011-nji ýyl­da bol­sa üs­tün çy­kyp, il­kin­ji çem­pi­o

«Bo­rus­si­ýa Dort­mund» – «Re­al Mad­rid»: 0-2

UEFA Çem­pi­on­lar Li­ga­sy­nyň fi­na­ly – 01.06.2024 «BO­RUS­SI­ÝA DORT­MUND»: Ko­bel – Rýuer­son, Hum­mels, Şlot­ter­bek, Ma­at­sen – Em­re Jan (k) (Mal­len 80), Sa­bit­ser – San­ço (Bi­noe-Git­tens 87), Brandt (Hal­ler 80), Ade­ýe­mi (Roýs 72) – Füllk­rug; Tä­lim­çi: Edin Ter­ziç

«Real Madrid» 15-nji gezek Çempionlar Ligasynyň çempiony

UEFA-nyň klub de­re­je­li bi­rin­ji ýa­ry­şyn­da Çem­pi­on­lar Li­ga­sy ady bi­len 32-nji, umu­my­lyk­da-da 69-njy möw­sü­miň çem­pio­ny bel­li bol­dy. Lon­don­da­ky «Wemb­ley» sta­dio­nyn­da ge­çi­ri­len fi­nal­da Ger­ma­ni­ýa­nyň «Bo­rus­si­ýa Dort­mund» to­pa­ry bi­len Is­pa­ni­ýa­nyň «Re­al Mad­rid» to­pa­ry du­şuş­dy. Slo­we­ni­ýa­ly Slaw­ko Win­çi­çiň emin­lik eden oý­nu­na jan­kö­ýer­le­riň 86 müň 212-si gat­naş­dy. Du­şu­şy­ga ne­mes klu­by «Bo­rus­si­ýa Dort­mund» er­jel gi­riş­di. Hat­da olar 1-nji ýa­rym­da «Re­al­dan» has köp pur­sat dö­ret­me­gi ba­şar­dy. Ade­ýe­mi, Füllk­rug ýa­ly fut­bol­çy­lar howp­ly pur­sat­lar­dan peý­da­la­nyp bil­me­di­ler. Du­şu­şy­gyň 2-nji ýa­ry­my­nyň baş­la­ryn­da-da ne­mes klu­by ar­tyk­maç­lyk gör­kez­se-de, ol ha­sa­ba tä­sir et­me­di. Oý­nuň 72-nji mi­nu­tyn­da tä­lim­çi Ter­ziç du­şu­şy­gyň şol wag­ta çen­li esa­sy ýyl­dyz­la­ry­nyň bi­ri bo­lan Ade­ýe­mini çy­ka­ryp, or­nu­na Mar­ko Roý­sy meý­dan­ça çy­kar­dy. Şon­dan soň «Re­al Mad­rid» to­pa­ry­na az­da-kän­de ar­ka­ýyn hü­jüm et­mek pur­sady dö­re­di we 74-nji mi­nut­da Ade­ýe­mi­niň gar­şy­sy­na oý­na

Dün­ýä­niň iň meşhur şä­her se­ýil­gä­hi

Aý­na­ly öý

Ki­çi­räk bir oba­nyň gy­ra­syn­da idi-ys­sy­wat edil­me­ýän bir öý bar eken. Bir ge­zek ys­sy­dan go­ran­mak üçin ga­çal­ga göz­läp ge­len gü­jü­jek how­ly­nyň ga­py­sy­nyň aşa­gyn­da­ky de­şik­den sü­mü­lip gir­ýär. Gü­jük ha­ýal­lyk bi­len kö­ne bas­gan­çak ar­ka­ly ýo­ka­ry çy­kyp, ýa­rym açyk du­ran ga­py­dan içe­rik äňed­ýär. Içer­de müň­ler­çe gü­jü­giň mä­hir bi­len özü­ne ba­kyp du­ran­ly­gy­na göz ýetiren gü­jük guý­ru­gy­ny bu­lap, gu­lak­la­ry­ny üşer­dende, müň­ler­çe gü­jü­jek hem bu he­re­ke­ti gaý­ta­la­ýar­. Şat­lyk bi­len içerä ba­kyp üý­ren-de bolsa, has-da ge­ňir­ge­nip­dir. Müň­ler­çe gü­jü­jek hem şat­lyk bi­len bu mäh­rem­li­gi gaý­ta­ryp­dyr­. Gü­jük dynç alan wagty beý­le­ki­le­rem dynç alyp­dyr­. Ha­çan-da, gü­jük ol ýe­ri­ni terk edende: «Nä­hi­li oňat ýer, bu ýe­re köp­räk gel­me­li» di­ýip pi­kir edip­dir.

Glo­bus ha­çan oý­la­nyp ta­pyl­dy?

Ýurt­la­ry, de­ňiz­dir der­ýa­la­ry, dag­dyr düz­lük­le­ri öw­ren­mek­de Ýe­riň ki­çel­di­len nus­ga­sy ha­sap­lan­ýan glo­bus­dan giň­den peý­da­la­nyl­ýar. Kar­ta­dan ta­pa­wut­ly­lyk­da glo­bus pla­ne­ta­my­zyň su­du­ry­ny şe­kil­len­di­rip bil­ýär. Glo­bu­syň haý­sy nus­ga­sy­ny sa­tyn ala­ny­ňyz­da-da, ony uzak wagt­lap ulan­sa bol­ýar. Eý­sem, il­kin­ji glo­bus ha­çan ýa­sal­dy­ka? Bi­ziň gün­le­ri­mi­ze ge­lip ýe­ten iň ga­dy­my glo­bus 1492-nji ýyl­da ne­mes akyl­da­ry, ma­te­ma­ti­gi, ge­og­ra­fy we ja­han­keş­de­si Mar­tin Be­haým (1459-1507 ý.)

Ek­ra­ny sa­hy­pa­lar bi­len çal­şyň!

Soň­ky ýyl­lar­da dur­mu­şy­my­za giň­den or­na­şan ek­ran­lar – te­le­wi­zor, komp­ýu­ter, plan­şet, te­le­fon ki­tap oka­mak en­di­gi­mi­ze öz tä­si­ri­ni ýe­tir­ýär. Elekt­ron ki­tap­ha­na­la­ryň hem-de elekt­ron ne­şir­le­riň bar­dy­gy­na ga­ra­maz­dan, ka­gyz ki­ta­by oka­ma­gyň lez­ze­ti baş­ga­ça. Oka­mak dün­ýä akyl ýe­tir­mä­ge, kä­mil­leş­mä­ge we pi­kir­le­ri­ňi tä­ze­le­mä­ge ýol aç­ýar. Ki­tap oka­ma­gy yzy­gi­der­li ýo­la goý­mak kyn en­dik­le­riň bi­ri bol­sa-da, bi­ler­men­ler ki­tap bi­len dost­laş­ma­gyň aň­sat usul­la­ry­ny sal­gy ber­ýär­ler. Mak­sat goý­mak. Il­ki bi­len ha­la­ýan ýa­zy­jy­la­ryň ki­tap­la­ry­nyň sa­na­wy­ny dü­züp, her ýyl şun­ça ki­tap oka­ryn di­ýip öz öňüň­de mak­sat goý­ma­ly. Il­ki­baş­da kyn ýa­ly bo­lup gö­rün­se-de, ki­tap­la­ryň ta­ga­my­ny da­dyp baş­la­ny­ňyz­dan soň, mak­sa­dy­ňy­za çalt ýe­ter­si­ňiz. Hat­da sa­naw­da­ky­dan daş­ga­ry ki­tap­la­ry hem okap bi­ler­si­ňiz. Oka­ma­ly ki­tap­la­ry­ňy­zyň sa­na­wy­ny hep­de­lik ýa-da bir aý­lyk düz­se­ňiz ýa­da­mar­sy­ňyz. Mun­dan baş­ga-da, her gün 20 mi­nut oka­mak, her hep­de 50 sa­hy­pa oka­mak, her aý 2 r

To­mus pas­ly­nyň gyrmyzy mi­we­si

To­mus pas­ly­nyň iň meş­hur mi­we­le­rin­den bi­ri bo­lan ül­je di­ňe bir ta­ga­my bi­len däl, eý­sem, sag­ly­ga peý­da­sy bi­len hem ün­si özü­ne çek­ýär. Bä­gül­gül­lü­ler maş­ga­la­sy­na de­giş­li bu ösüm­lik yl­my taý­dan «pru­nus» diý­lip at­lan­dy­ryl­ýar. Ül­jä­niň, esa­san, süý­ji we tur­şy tagamly diýen iki görnüşi bolýar. Ga­ram­tyl we açyk gy­zyl reňk­li bu mi­wä­niň ata Wa­ta­ny Ki­çi Azi­ýa (Ga­ra we Ha­zar deň­zi­niň kenary) ha­sap­lan­ýar. Wi­ta­min­le­re we ýo­kum­ly mad­da­la­ra baý bu mi­we Gün­ba­tar Azi­ýa­da we Ýew­ro­pa­da has köp ös­dü­ri­lip ýe­tiş­di­ril­ýär. Mes top­ra­gy we bol su­wy ha­la­ýan ül­je so­wuk ýurt­lar­da has go­wy bit­ýär. Dü­zü­min­de ýe­ter­lik de­re­je­de şe­ker, A, C, E, K, B6 wi­ta­mi­ni­ni, ka­liý, mar­ga­nes, mag­niý, kal­siý, mis, de­mir we sü­ýüm sak­la­ýan bu mi­wä­niň 100 gra­myn­da 65 ka­lo­ri­ýa bar. Ül­jä­niň peý­da­ly ta­rap­la­ry:

Dün­ýä­niň iň ys­sy ýurt­la­ry: «Bu ýurt­lar­da hiç kim üşe­me­ýär»

Se­bit­de iň iri ak­wa­park gu­rul­ýar

Sa­ud Ara­bys­ta­nyn­da ada­ty bol­ma­dyk tä­ze tas­la­ma ama­la aşy­ryl­ýar. Hä­zir­ki wagt­da Er-Ri­ýad­dan uzak bol­ma­dyk ýer­de «Ak­wa­ra­bi­ýa» ak­wa­par­ky­nyň gur­lu­şyk iş­le­ri ýo­ka­ry dep­gin­ler­de al­nyp ba­ryl­ýar. Bel­le­ni­li­şi ýa­ly, bu des­ga Ýa­kyn Gün­do­gar­da şu­ňa meň­zeş iň iri des­ga bo­lar. Ak­wa­par­kyň umu­my eýe­le­ýän meý­da­ny 250 müň ine­dör­dül met­re deň. Bu çäk­ler­de 8 sa­ny te­ma­ti­ki zo­lak­ ýer­leş­di­ri­ler. Ýi­ti duý­gu­la­ry baş­dan ge­çir­mek is­le­ýän­ler suw dag­la­ryn­dan sy­ry­gyp dü­şüp bi­ler­ler, ra­hat dynç al­şyň ta­rap­dar­la­ry bol­sa daý­wing (su­wa bök­mek) bi­len meş­gul­la­nyp ýa-da ho­wuz­da ýü­züp bi­ler­ler. Ak­wa­par­kyň esa­sy aý­ra­tyn­lyk­la­ry­nyň bi­ri hem sör­fing üçin eme­li tol­kun­dyr. Ak­wa­par­kyň gur­lu­şy­gy­ny 2025-nji ýyl­da ta­mam­la­mak me­ýil­leş­di­ril­ýär.

Mo­di­niň bi­le­le­şi­gi ýeňiş gazandy

Hin­dis­tan­da ge­çi­ri­len par­la­ment saý­law­la­ryn­da Prem­ýer-mi­nist­r Na­rend­ra Mo­di­niň bi­le­le­şi­gi ýeňiş ga­zan­dy. Mo­di­niň «Hin­di halk par­ti­ýa­sy» (Bha­ra­ti­ýa Ja­na­ta Par­ti) ta­ra­pyn­dan ýol­baş­çy­lyk edil­ýän Mil­li de­mok­ra­tik bi­le­le­şi­gi ýurt­da ge­çi­ri­len äh­lu­mu­my saý­law­la­ryň ne­ti­je­le­rin­den soň par­la­men­tiň aşa­ky pa­la­ta­syn­da­ky orun­la­ryň ýa­ry­syn­dan gow­ra­gy­ny al­dy. Mer­ke­zi saý­law to­pa­ry­nyň mag­lu­mat­la­ry­na gö­rä, Na­rend­ra Mo­di­niň bi­le­le­şi­gi par­la­men­tiň 543 orun­lyk aşa­ky pa­la­ta­syn­da, 292 or­na eýe bol­dy. «Hin­di halk par­ti­ýa­sy» 2019-njy ýyl­da ge­çi­ri­len saý­law­lar­da 303 orun eýe­läp­di.

Te­le­ke­çi ze­na­nyň ýeň­şi

2-nji iýun­da Is­lan­di­ýa­da ge­çi­ri­len Pre­zi­dent saý­law­la­ryn­da te­le­ke­çi Hal­la To­mas­dot­tir ses­le­riň 34,3 gö­te­ri­mi­ne eýe bo­lup, ýe­ňiş ga­zan­dy. Onuň iň ýa­kyn bäs­de­şi, öň­ki Prem­ýer-mi­nistr Kat­rin Ýa­kobs­dot­tir bol­sa, 25,7 gö­te­rim se­se eýe bol­dy. Üçün­ji orun­da 15,5 gö­te­rim ses bi­len Is­lan­di­ýa­nyň Mil­li ener­ge­ti­ka eda­ra­sy­nyň baş mü­di­ri Hal­la Hrund Lo­ga­dot­tip gel­ýär. Saý­law­la­ra gat­na­şyk 78,83 gö­te­ri­me deň bol­dy. Ikin­ji ge­zek Pre­zi­dent­li­ge da­laş eden To­mas­dot­tir dört ýyl­lyk möh­le­tin­den soň işin­den çe­ki­len Gwýud­ni Tor­la­si­us Ýohan­nes­so­nyň ýe­ri­ne geç­di. To­mas­dot­tir Is­lan­di­ýa ýol­baş­çy­lyk eden ikin­ji ze­nan bo­lar. 2024-nji ýyl­da iň ýo­ka­ry we­zi­pe üçin 12 da­laş­gär bäs­le­şip, bu ýur­duň ta­ry­hyn­da re­kord de­re­je­dir.

Mek­si­ka­nyň il­kin­ji ze­nan Pre­zi­den­ti

2-nji iýun­da Mek­si­ka­nyň do­lan­dy­ry­jy «Mil­li gal­ky­nyş he­re­ke­ti» (MO­RE­NA) par­ti­ýa­sy­nyň da­laş­gä­ri Klau­di­ýa Şeýn­ba­um Mek­si­ka­da ge­çi­ri­len Pre­zi­dent saý­law­la­ryn­da 57 gö­te­rim­den gow­rak ses alyp, ynam­ly ýe­ňiş ga­zan­dy. Ses be­riş­li­giň ne­ti­je­le­ri ýur­duň Mil­li saý­law ins­ti­tu­ty ta­ra­pyn­dan ha­bar be­ril­di. Hä­zir­ki wagt­da MO­RE­NA par­ti­ýa­sy­na Mek­si­ka­nyň hä­zir­ki Pre­zi­den­ti And­r­es Ma­nu­el Lo­pes Ob­ra­dor ta­ra­pyn­dan ýol­baş­çy­lyk edil­ýär. Şeýn­bau­myň esa­sy bäs­de­şi, «Mek­si­ka üçin güýç we ýü­rek» bi­le­le­şi­gi­niň da­laş­gä­ri Şo­çitl Gal­wes ba­ry-ýo­gy 30 gö­te­rim­den gow­rak ses al­dy, onuň yz ýa­nyn­dan bol­sa, 8 gö­te­rim ses bi­len «Jem­gy­ýet­çi­lik he­re­ke­ti» par­ti­ýa­sy­nyň da­laş­gä­ri Hor­he Al­wa­res Maý­nes gel­ýär. Ýurt­da ge­çi­ri­len saý­law­la­ryň res­mi ne­ti­je­le­ri ses­ler do­ly sa­na­lan­dan soň 8-nji iýu­na çen­li mä­lim edi­ler.

Sid­neý­de yşyk şü­we­le­ňi ge­çi­ril­ýär

Awst­ra­li­ýa­nyň iri şä­her­le­ri­niň bi­ri bo­lan Sid­neý­de «Vivid Syd­ney» (Par­lak Sid­neý) at­ly yşyk, aý­dym-saz we ide­ýa­lar şü­we­le­ňi ge­çi­ril­ýär. Bu çä­re her ýy­lyň maý aýy­nyň ahy­ryn­da gur­al­ýar di­ýip, Sid­ne­ýiň «The Syd­ney Mor­ning He­rald» ga­ze­ti ha­bar ber­ýär. Bu şü­we­leň şä­he­ri yşyk bi­len çe­ki­len şe­kil­le­riň ken­di­ri­ne öwür­ýän dö­re­di­ji­li­giň we in­no­wa­si­ýa­la­ryň baý­ra­my diý­lip at­lan­dy­ryl­ýar. Bi­na­la­ra, köp­rü­le­re we suw gi­ňiş­lik­le­ri­ne gö­nük­di­ril­ýän ani­ma­si­ýa yşyk­la­ry, esa­san, gül­le­riň, haý­wan­la­ryň, er­te­ki­ler­dä­ki gah­ry­man­la­ryň tä­sin şe­kil­le­ri­ni we ada­ty adam­la­ryň dur­mu­şyn­dan pur­sat­la­ry eme­le ge­tir­ýär. Ar­tist­ler, göz­bag­çy­lar we kö­çe na­ha­ry­nyň aş­pez­le­ri açyk meý­dan­lar­da hem-de ýö­ri­te sah­na­lar­da çy­kyş ed­ýär­ler.