Ylmy-amaly maslahat geçirildi

7 Iýun 2024
399

Düýn — 6-njy iýunda Magtymguly adyndaky Türkmen döwlet uniwersitetinde Ylymlar güni mynasybetli «Ylmyň ösdürilmegi we tehnologiýalaryň döwrebap kämilleşdirilmegi — ýurdumyzyň durmuş-ykdysady üstünlikleriniň özeni» atly ylmy-amaly maslahat geçirildi. Ol Türkmenistanyň Bilim ministrligi hem-de ady agzalan ýokary okuw mekdebi tarapyndan bilelikde guraldy.

Maslahata ýurdumyzyň ýokary okuw mekdeplerinden professor-mugallymlar, alymlar, hünärmenler we talyplar gatnaşdy.

«Watan».