Dün­ýä­niň iň meşhur şä­her se­ýil­gä­hi

7 Iýun 2024
212

Nýu-Ýor­kuň mer­ke­zi se­ýil­gä­hi dün­ýä­dä­ki iň uly şä­her se­ýil­gäh­le­ri­niň bi­ri­dir. Ame­ri­kan me­de­ni­ýe­ti­niň meş­hur ny­şan­la­ry­nyň bi­ri bo­lan bu se­ýil­gäh 1857-1876-njy ýyl­lar ara­ly­gyn­da gu­rul­ýar. Tut­ýan meý­da­ny 843 gek­ta­ra ba­ra­bar bolan bu se­ýil­gäh uly-ki­çi hem­me­le­riň göw­nü­ne ýa­ra­ýar. Mer­ke­zi se­ýil­gäh­de eme­li köl­ler, şar­la­wuk­lar, çe­men­lik­ler we to­kaý zo­lak­la­ry bo­lup, öz­bo­luş­ly te­bi­gy gö­zel­li­gi dö­red­ýär. Bu ýer­de haý­wa­nat ba­gy hem bar. Nýu-Ýor­kuň mer­ke­zi se­ýil­gä­hi şä­he­riň iň ge­lim-gi­dim­li ýer­le­ri­niň bi­ri­dir. Bu ýe­re ýa­şaý­jy­lar we sy­ýa­hat­çy­lar ge­ze­lenç et­mä­ge, şeý­le hem Gü­ne ýan­mak, sport gör­nüş­le­ri hem-de dö­re­di­ji­lik iş­le­ri bi­len meş­gul­lan­mak üçin gel­ýär­ler.

Säher bilen se­ýil­gäh­de ça­ga­la­ry bi­len bi­le­lik­de ylgaýanlary gör­mek bol­ýar. Ge­ze­lenç et­mek üçin se­ýil­gäh­de kireýine we­lo­si­ped hem be­ril­ýär. Se­ýil­gä­he gi­riş tölegsiz bo­lup, haý­wa­nat ba­gy­na ge­ze­lenç et­mek tö­legli amala aşyrylýar. Se­ýil­gäh­de 9 müň­den gow­rak agaç otur­gyç bar. 1908-nji ýyl­dan bä­ri mer­ke­zi se­ýil­gäh­de 240-dan gow­rak çe­per film su­ra­ta dü­şü­ri­lip, dün­ýä­de iň köp su­ra­ta dü­şü­ri­len se­ýil­gäh bol­dy. Tä­ze ýyl baý­ram­çy­ly­gy­na ba­gyş­la­nan «Öý­de ýe­ke özi» fil­mi­niň 2-nji bölüminiň kä­bir gy­zyk­ly kadr­la­ry hem şu se­ýil­gäh­de su­ra­ta dü­şü­ril­di. Nýu-Ýor­kuň mer­ke­zi se­ýil­gä­hi­ne ýyl­da or­ta­ça 42 mil­li­on myhman bar­ýar.