UEFA-nyň klub derejeli birinji ýaryşynda Çempionlar Ligasy ady bilen 32-nji, umumylykda-da 69-njy möwsümiň çempiony belli boldy. Londondaky «Wembley» stadionynda geçirilen finalda Germaniýanyň «Borussiýa Dortmund» topary bilen Ispaniýanyň «Real Madrid» topary duşuşdy. Sloweniýaly Slawko Winçiçiň eminlik eden oýnuna janköýerleriň 86 müň 212-si gatnaşdy.
Duşuşyga nemes kluby «Borussiýa Dortmund» erjel girişdi. Hatda olar 1-nji ýarymda «Realdan» has köp pursat döretmegi başardy. Adeýemi, Füllkrug ýaly futbolçylar howply pursatlardan peýdalanyp bilmediler. Duşuşygyň 2-nji ýarymynyň başlarynda-da nemes kluby artykmaçlyk görkezse-de, ol hasaba täsir etmedi. Oýnuň 72-nji minutynda tälimçi Terziç duşuşygyň şol wagta çenli esasy ýyldyzlarynyň biri bolan Adeýemini çykaryp, ornuna Marko Roýsy meýdança çykardy. Şondan soň «Real Madrid» toparyna azda-kände arkaýyn hüjüm etmek pursady döredi we 74-nji minutda Adeýeminiň garşysyna oýnaýan Daniel Karwahal Toni Kroosuň burçdan ýerine ýetiren urgusynda topy kellesi bilen derwezä girizdi. Bu goldan 9 minut soň, has takygy, 83-nji minutda goragçylaryň ýalňyşlygyndan peýdalanan ispan kluby hasaby 2–0-a çykardy. Şol pursatda Winisius Junior tapawutlanyp, ol UÇL-niň final oýunlarynyň 2-sinde gol geçiren ilkinji braziliýaly futbolçy boldy. Oýnuň ahyrlarynda Füllkrugyň geçiren goly ofsaýt sebäpli hasaba alynmady. Şunlukda, «Real Madrid» 2–0 hasabynda ýeňiş gazanyp, 15-nji gezek UEFA Çempionlar Ligasynyň kubogyny asmana göterdi (1956, 1957, 1958, 1959, 1960, 1966, 1998, 2000, 2002, 2014, 2016, 2017, 2018, 2022, 2024). 2-nji ýerdäki «Milandan» 8 kubok köp gazanan «Real Madrid» ýaryşyň ady UEFA Çempionlar Ligasy bolanyndan bäri ýeke sapar hem finalda ýeňilmedi. Başgaça aýdylanda, ispan topary 9 gezek finala çykyp, 9-synda hem garşydaşlaryndan üstün çykmagy başardy. «Real Madrid» taryhynda ilkinji gezek ýeňlişsiz bu kubogy gazanmagyň hötdesinden geldi. «Real Madrid» bu kubogy ýeňlişsiz gazanan 12-nji klub hökmünde hasaba alyndy. Ançelottiniň şägirtleri 13 oýnuň 9-synda ýeňiş gazanyp, 4-sinde deňme-deň oýnadylar. «Real Madrid» final oýunlarynda şu wagta çenli diňe 1 gezek gol geçirip bilmedi (1981, «Liwerpul» 1–0). Şol sanda diňe bir finalda birden köp gol geçirtdi (1964, «Inter» 3–1).