Mek­si­ka­nyň il­kin­ji ze­nan Pre­zi­den­ti

7 Iýun 2024
292

2-nji iýun­da Mek­si­ka­nyň do­lan­dy­ry­jy «Mil­li gal­ky­nyş he­re­ke­ti» (MO­RE­NA) par­ti­ýa­sy­nyň da­laş­gä­ri Klau­di­ýa Şeýn­ba­um Mek­si­ka­da ge­çi­ri­len Pre­zi­dent saý­law­la­ryn­da 57 gö­te­rim­den gow­rak ses alyp, ynam­ly ýe­ňiş ga­zan­dy. Ses be­riş­li­giň ne­ti­je­le­ri ýur­duň Mil­li saý­law ins­ti­tu­ty ta­ra­pyn­dan ha­bar be­ril­di. Hä­zir­ki wagt­da MO­RE­NA par­ti­ýa­sy­na Mek­si­ka­nyň hä­zir­ki Pre­zi­den­ti And­r­es Ma­nu­el Lo­pes Ob­ra­dor ta­ra­pyn­dan ýol­baş­çy­lyk edil­ýär.

Şeýn­bau­myň esa­sy bäs­de­şi, «Mek­si­ka üçin güýç we ýü­rek» bi­le­le­şi­gi­niň da­laş­gä­ri Şo­çitl Gal­wes ba­ry-ýo­gy 30 gö­te­rim­den gow­rak ses al­dy, onuň yz ýa­nyn­dan bol­sa, 8 gö­te­rim ses bi­len «Jem­gy­ýet­çi­lik he­re­ke­ti» par­ti­ýa­sy­nyň da­laş­gä­ri Hor­he Al­wa­res Maý­nes gel­ýär. Ýurt­da ge­çi­ri­len saý­law­la­ryň res­mi ne­ti­je­le­ri ses­ler do­ly sa­na­lan­dan soň 8-nji iýu­na çen­li mä­lim edi­ler.