"Türkmenistanyň senagaty" žurnaly

Esaslandyryjysy: Türkmenistanyň Senagat we gurluşyk önümçiligi ministrligi
Salgysy: Aşgabat şäheri, Arçabil şaýoly 132-nji jaýy
Telefon belgileri: 39-02-03

Makalalar

Sanly ulgam — ösüşe binýat

«Türkmenistanda 2019—2025-nji ýyllarda sanly ykdysadyýeti ösdürmegiň Konsepsiýasyndan» ugur alnyp ýurdumyzyň dürli pudaklaryna sanly ykdysadyýeti yzygiderli ornaşdyrmagyň hasabyna milli ykdysadyýetimiziň bäsdeşlige ukyplylygyny ýokarlandyrmak boýunça giň gerimli çäreler durmuşa geçirilýär. Bu Konsepsiýada ýurdumyzda sanly ykdysadyýeti ornaşdyrmak we ony ösdürmek bilen bagly wezipeler tapgyrlara bölünip kesgitlenendir. Häzirki wagtda ak mermerli paýtagtymyzda Türkmenistanyň Telekommunikasiýalar we informatika instituty hereket edip, onda dünýä ölçeglerine laýyk gelýän, maglumat-tehnologiki ösüşden oňat baş çykarýan ýokary bilimli hünärmenler taýýarlanylýar. Bu ýokary okuw mekdebiň talyplary özlerine bildirilýän ynama dogry düşünip, bilimleri çuňňur özleşdirýärler, hünärleri ele alýarlar.

Elektrik toguny geçirýän kösükli ekin

Şwed alymlary ýörite ergin bilen suwarylanda, noýbanyň kökleriniň superkondensator hökmünde elektrik toguny oňat geçirýändigini ýüze çykardylar. Bu ulgam öňkülere garanda, 100 esse netijeli bolup, ol ösümlikleriň ösmegine hiç hili päsgelçilik döretmeýär. Superkondensator — bu energiýanyň toplanmagyny üpjün edýän, şol bir wagtda arzan, ekologiýa taýdan arassa we ähmiýetli alternatiw energiýadyr. Linýopingsk uniwersitetiniň organiki elektronika tejribehanasynyň alymlarynyň bu ylmy açyşy Ýelena Strawinidanyň ylmy işine esaslanýar. 2015-nji ýylda onuň topary PEDOT polimeriniň kömegi bilen bägül tikenlerinden geçýän elektrik zynjyryny, ondan hem tranzistor ýasadylar. 2017-nji ýylda bolsa polimeriň ýerine ETE-S oligomerini ulanyp, ösümliklerde elektrik togunyň toplanmagyna mümkinçilik aldylar. Ol synag birnäçe günden soň solan ösümliklerde geçirilipdi.

Türkmenistan we Ýaponiýa sanlylaşdyrmak babatynda hyzmatdaşlygyň geljegini ara alyp maslahatlaşdylar

Türkmenistanyň Ýaponiýadaky ilçisi Atadurdy Baýramow Ýaponiýanyň sanly işler ministri Taro Kono bilen duşuşdy. Bu barada diplomatik wekilhananyň resmi saýtynda habar berilýär. Duşuşygyň barşynda häzirki zaman dünýäsinde sanlylaşdyrmagy ösdürmegiň möhümdigi bellenildi. Sanlylaşdyrmak ykdysadyýetiň diwersifikasiýalaşdyrylmagynyň we netijeliliginiň ýokarlanmagyna ýardam edýär, döwlet hyzmatlarynyň gowulandyrylmagyna we halkara hyzmatdaşlygynyň pugtalandyrylmagyna ýardam edýär.

Döwrebap tehnologiýalary özleşdirmegiň häzirki zaman ugurlary

Türkmenistanda ýaş alymlaryň ylmy açyşlary, ylmy-inženerçilik pikirleri, innowasiýalara we maglumat tehnologiýalaryna daýanýan ylmy barlaglary döwletiň kuwwatyny pugtalandyrmagyň, ykdysadyýeti sanlylaşdyrmagyň möhüm düzümi hökmünde ykrar edilýär. Şunuň bilen baglylykda, jemgyýetiň we döwletiň iň ýokary gymmatlygy adam diýlip konstitusion derejede ykrar edilen ýurdumyzda ýaş nesil hakyndaky alada döwlet syýasatynyň ileri tutulýan ugurlarynyň biri bolup durýar. Ýaşlar barada döwlet syýasaty, ilkinji nobatda, ýaşlaryň jemgyýetiň we döwletiň durmuş-ykdysady, syýasy we medeni durmuşyna doly hukukly gatnaşmagy, hukuklarynyň we azatlyklarynyň amala aşyrylmagy üçin şertleri döretmäge gönükdirilendir. Şunda esasy maksat ýaş raýatlaryň konstitusion hukuklaryny we azatlyklaryny üpjün etmekden ybarat bolup durýar.

Tehnologiýalar äleminde

Täsin ulag Germaniýanyň meşhur «Mercedes-Benz» we Hytaýyň «Greely» kompaniýalary golaýda hyzmatdaşlykda taýýarlan «Smart #3» elektromobili bilen tanyşdyrdylar. Ulagyň dizaýn-bezeg işlerini nemes kompaniýasynyň öz boýnuna alandygy, önümçilik we tehniki aýratynlyklaryny bolsa «Greely» kompaniýasynyň ýerine ýetirendigi bellenilýär.

San­ly ul­ga­myň müm­kin­çi­lik­le­ri

Hä­zir­ki aja­ýyp döw­rü­miz­de uly ösüş­le­re eýe bol­ýa­rys, mil­li yk­dy­sa­dy­ýe­ti­mi­ziň kuw­wa­ty has-da ýo­kar­lan­ýar. Mu­nuň özi san­ly yk­dy­sa­dy­ýe­tiň ös­dü­ril­ýän­di­gi­ni, iş­le­riň döw­re­bap ýo­la go­ýul­ýan­dy­gy­ny we ýo­ka­ry ne­ti­je­le­riň ga­za­nyl­ýan­dy­gy­ny aý­dyň be­ýan ed­ýär. Ber­ka­rar döw­le­tiň tä­ze eý­ýa­my­nyň Gal­ky­ny­şy döw­rün­de dur­mu­şa ge­çi­ril­ýän iş­ler döw­re­bap­ly­gy, ne­ti­je­li­li­gi bi­len ta­pa­wut­lan­ýar. Bu bol­sa tä­ze ösüş­le­re, döw­re­bap müm­kin­çi­lik­le­re eýe bol­ýar. Hor­mat­ly Pre­zi­den­ti­mi­ziň yl­ma esas­lan­ýan baş­lan­gyç­la­ry, dö­red­ýän giň müm­kin­çi­lik­le­ri san­ly yk­dy­sa­dy­ýe­tiň ös­dü­ril­me­gi­ne ýar­dam ed­ýär. Şun­da yl­myň iň tä­ze ga­za­nan­la­ry bi­len öňe git­mek, san­ly ul­ga­ma dü­şün­ýän hü­när­men­le­ri taý­ýar­la­mak esa­sy we­zi­pe­le­riň bi­ri bo­lup dur­ýar. Hut şo­nuň üçin hem ylym-bi­lim döw­re­bap ös­dü­ril­ýär, kä­mil hü­när­men­ler ös­dü­ri­lip ýe­tiş­di­ril­ýär. Şun­da ylym-bi­li­miň aý­ra­tyn or­nu­nyň bar­dy­gy­ny bel­le­me­gi­miz ge­rek. Se­bä­bi kä­mi

Aragatnaşykçylaryň arasynda “Öz hünäriniň ussady” bäsleşigi geçirildi

2023-nji ýylyň 13-nji iýunynda “Türkmenaragatnaşyk” agentliginde “Öz hünäriniň ussady” atly bäsleşigiň ýeňijileri yglan edildi “Öz hünäriniň ussady” atly bäsleşik “Türkmentelekom”  EAK-nyň, “Türkmenpoçta” PAK-nyň, “Aşgabat şäher telefon ulgamy” ÝGPJ-niň, “Altyn Asyr” ÝGPJ-niň hünärmenleriniň hem-de “Türkmenaragatnaşyk” agentliginiň Politehniki orta hünär okuw mekdebiniň talyp ýaşlarynyň arasynda birnäçe gün şowhunly we gyzgalaňly ýagdaýda dowam edip, “Türkmenaragatnaşyk” agentliginde bäsleşigiň jemi jemlendi we ýeňijileri yglan edildi.

«AKYLLY» şäheriň «ÝAŞYL» ulagy

Gahryman Arkadagymyzyň yhlasyndan kemala gelip, tebigatymyzyň gözelligi bilen ajaýyp sazlaşygy emele getirýän Arkadag şäheri kämilligiň nusgasydyr. Türkmen halkynyň Milli Lideri, Türkmenistanyň Halk Maslahatynyň Başlygy Gurbanguly Berdimuhamedowyň Arkadag şäherine amala aşyrýan iş saparlarynyň her birinden soň eziz Diýarymyzda ornaşdyrylýan täzeçilliklere we döreýän täsinliklere buýsanjyň artýar. Ýakynda hormatly Arkadagymyz täze şäherde ulanylmagy meýilleşdirilýän elektromobil taksileri we elektrobuslar bilen tanşyp, olaryň tehniki aýratynlyklaryna baha berdi. Şol pursatlar ekologiýa taýdan arassa ulaglaryň «akylly» şäheriň durmuşyndaky orny barada oýlanmaga iterdi. Şäherleşmäniň depgini we innowasion çözgütler

Türkmenawtotrans e-CMR elektron alyş-çalyş ulgamyny işe girizer

«Türkmenawtoulaglary» agentligi (Türkmenawtotrans) ýük daşamagatnaşyjylaryna ýol belliklerini elektron görnüşinde alyş-çalyş etmäge mümkinçilik berýän elektron ulag resminamalarynyň maglumat ulgamyny işe girizer. Awtoulag edarasynyň maglumat alyş-çalyş ulgamynyň döredilmegini üpjün etmek ýurdumyzyň Ministrler Kabinetiniň ýanyndaky Ulag we kommunikasiýalar agentligine Türkmenistanyň Prezidentiniň karary bilen tabşyrylýar.

Dünýäniň oba hojalygyny özgerdýän tehnologiýalar

Soňky ýyllarda dünýäniň oba hojalykçy bilermenleri we alymlary oba hojalygynda zähmet çekýän daýhanlaryň, maldarlaryň işleriniň oňyn özgermeginde döwrebap tehnologiýalaryň örän uly paýynyň bardygyny belleýärler. Aýratyn hem ýylyň dowamynda üznüksiz önümçilik hasaplanylýan oba hojalyk pudagynda adam zähmetiniň ýeňilleşmeginde öňdebaryjy tehnologiýalaryň ähmiýeti uludyr. Şol tehnologiýalaryň içgin öwrenilmegi we durmuşa ornaşdyrylmagy öndürilýän önümiň mukdaryna, elýeterliligine amatly täsir edip, oba hojalyk önümleriniň ykdysady taýdan düşewüntliligini artdyrýar. Oba hojalykçylar üçin ýörite niýetlenilip döredilen datçikler ekerançylykda — topragyň we howanyň ýagdaýyny, maldarçylykda — mallaryň bedeniniň gyzgynlygyny, telematik oba hojalyk tehnikalarynda — ýüze çykýan näsazlygy mehanizatora ýa-da mehanige öz wagtynda görkezýän we haýsy enjamda ýüze çykandygyny duýdurýan zerur enjamlar hasaplanylýar. Munuň özi wagty tygşytlamaga hem-de kemçiligi dessine düzetmäge, önümçiligiň togtamagynyň öňüni almaga ýardam berýär. Ylmy taýdan esaslandyrylan bu häzirki zaman enjamlary 2017-nji ýylda biziň oba hojalykçylarymyz tarapyndan doly tassyklanylyp, birkemsiz ornaşdyrylyp başlandy.

Sanly ulgam gümrük gullugynda

Türkmenistanyň Döwlet gümrük gullugynyň «Farap awtoýollary» gümrük nokady bilen Özbegistan Respublikasynyň Döwlet gümrük komitetiniň «Alat» gümrük nokadynyň arasynda «sanly TIR» ulgamyny ulanmak esasynda synaglar geçirildi. 1-2-nji iýunda Türkmenistan bilen Özbegistan Respublikasynyň serhedinde Türkmenistanyň Döwlet gümrük gullugynyň «Farap awtoýollary» gümrük nokady bilen Özbegistan Respublikasynyň Döwlet gümrük komitetiniň «Alat» gümrük nokadynyň arasynda ilkinji gezek «sanly TIR» ulgamyny ulanmak bilen, ýükleriň daşalmagy amala aşyryldy. Ýükleriň gümrük serhedinden geçirilmeginde iki ýurduň hem gümrük edaralary sanly üstaşyr kepilliklerini üstünlikli durmuşa geçirdiler.

«TM Trade» onlaýn platformasy daşary ýurtly hyzmatdaşlara türkmen kärhanalary barada zerur maglumatlary tapmaga ýardam edýär

«TM Trade» ýeke-täk onlaýn söwda platformasy öz sahypalarynda ýüzlerçe türkmen kärhanalary baradaky zerur maglumatlary jemleýär. Bu bolsa hyzmatdaşlygy ýola goýmaga isleg bildirýän telekeçilere ol ýa-da beýleki bir kärhana, ýa bolmasa-da işewürlik ugry boýunça gerekli bolan maglumatlary ýeňil tapmaga ýardam edýär. «TM Trade» şeýle-de daşary ýurtly importçylara we eksportçylara Türkmenistandan potensial hyzmatdaşlaryň alyp barýan işi barada maglumatlary gözlemäge mümkinçilik berýär. Hut daşary ýurtly telekeçilere aňsat bolmagy üçin «TM Trade» platformasynyň maglumatlaryny diňe bir türkmen we rus dillerinde däl-de, eýsem iňlis hem-de türk dillerinde okamak hem elýeterli edildi.

Ýokary täsirli suw süzgüji

Koreýaly alymlar kiçijik plastmassa bölejiklerini we beýleki hapalaýjy maddalary süzýän täze suw arassalaýyş ulgamyny döretdiler. Bu işde alymlar kowalent triazen çarçuwasyny ulandylar. Bu çig malyň ýerüsti meýdanynyň gözenekliligi örän ýokary. Ylmy-barlag topary «molekulalary saklamak üçin ýeterlik ýer bar» diýip ýazýarlar. Şeýle çig mallar senagatda hapa suwlary organiki boýaglardan arassalamakda esasy serişdedir. Alymlar suwy has gowy süzmek üçin CTF-de molekulalary üýtgetdiler we ony ýeňil okislenmä sezewar etdiler. Emele gelen süzgüjiň peýdasy uly boldy. Ol mikroplastikany we hapalaýjylaryň 99,9 göterimden gowragyny 10 sekundyň içinde suwdan aýyrdy. Şeýle hem bu çig maly öndürijiligi peselmezden köp gezek ulanyp bolar. Mundan başga-da, alymlar polimeriň Gün şöhlesini siňdirýän, energiýany ýylylyga öwürýän we üýtgedip durýan organiki birleşmelerden (VOC) suwy arassalamak üçin ulanylýan görnüşini hem döretdiler. Bu diňe Gün şöhlelerini ulanyp, VOC-laryň 98 göterimden gowragyny aýyrmaga mümkinçilik berdi.

Ykdysady ösüşiň ýoly bilen

Ätiýaçlandyryş kämillik ýolunda Ýurdumyzda ätiýaçlandyryş işiniň ösdürilmegine, ätiýaçlandyryş işleriniň amala aşyrylmagyna, täzeçe çemeleşilmegine aýratyn üns berilýär. Ätiýaçlandyryşyň görnüşleriniň kadalaryny, düzgünnamalaryny kämilleşdirmek “Ätiýaçlandyryş hakynda” Türkmenistanyň Kanunyna, Türkmenistanyň beýleki kadalaşdyryjy hukuk namalaryna we halkara tejribesine laýyklykda alnyp barylýar. Häzirki wagtda Türkmenistanyň Döwlet ätiýaçlandyryş guramasy tarapyndan täze ätiýaçlandyryşyň birnäçe görnüşleriniň kadalarynyň we düzgünnamalarynyň taslamalary işlenip taýýarlanylýar.

AŞTU işewürlere Ethernet hususy lokal torlary döretmegi teklip edýär

«Aşgabat şäher telefon ulgamy» ÝGPJ (AŞTU) telekeçilere Aşgabatdaky öz ofisleriniň we bölümçeleriniň arasynda maglumatlary alyşmak üçin ýerli torlary döretmek hyzmaty bolan Ethernetden peýdalanmagy teklip edýär. Ýerli tor Ethernetde kärhananyň ähli işçi beketleri (kompýuterler, kassa enjamlary we ş.m.) bir sany bilelikde ulanylýan aragatnaşyk kanalyna birikdirilýär. Şeýlelik bilen, internete birikmezden uzakdan elýeterliligi bolan hususy ýokary tizlikli maglumatlar tory döredilýär.

Arkadag şäherinde 123 belgili aragatnaşyk ulgamy ornaşdyryldy

Mälim bolşy ýaly, türkmen halkynyň Milli Lideri, Türkmenistanyň Halk Maslahatynyň Başlygy Gurbanguly Berdimuhamedow 20-nji maýda Arkadag şäherine iş saparyny amala aşyrdy. Saparyň çäklerinde Halk Maslahatynyň Başlygy Arkadag şäheriniň Aragatnaşyk müdirligine bardy we ol ýerde şäheri sanlylaşdyrmak babatda alnyp barylýan işler bilen tanyşdy. Türkmen halkynyň Milli Lideri bu ýerde zähmet çekýän hünärmenler bilen söhbetdeş bolup, olaryň alyp barýan işleri bilen gyzyklandy.

Jemgyýetçiligi Merkezi Aziýada söwda amallaryny ýönekeýleşdirmek portaly bilen tanyşdyrdylar

Almatyda Türkmenistanyň Maliýe we ykdysadyýet ministrliginiň wekilleriniň gatnaşmagynda söwda amallaryny ýönekeýleşdirmek boýunça Central Asia Gateway sebitleýin portalyna hem-de eksport we halkara söwdasy boýunça okuw maksatnamasyna badalga berilmegine bagyşlanan metbugat maslahaty geçirildi. Portala Halkara söwda merkeziniň Ready4Trade — Central Asia taslamasy tarapyndan Merkezi Aziýanyň bäş ýurdunda sebitleýin we halkara söwdasyny goldamak maksady bilen badalga berildi. Taslama Ýewropa Birleşigi tarapyndan maliýeleşdirilýär.

AŞTU işewürlere Ethernet hususy lokal torlary döretmegi teklip edýär

«Aşgabat şäher telefon ulgamy» ÝGPJ (AŞTU) telekeçilere Aşgabatdaky öz ofisleriniň we bölümçeleriniň arasynda maglumatlary alyşmak üçin ýerli torlary döretmek hyzmaty bolan Ethernetden peýdalanmagy teklip edýär. Ýerli tor Ethernetde kärhananyň ähli işçi beketleri (kompýuterler, kassa enjamlary we ş.m.) bir sany bilelikde ulanylýan aragatnaşyk kanalyna birikdirilýär. Şeýlelik bilen, internete birikmezden uzakdan elýeterliligi bolan hususy ýokary tizlikli maglumatlar tory döredilýär.

Türkmenistanyň Awtoulag birleşmesi taksi çagyrmak üçin täze goşunda badalga berdi

Aşgabatda taksi çagyrmak üçin täze onlaýn-hyzmat Ynamly taksi işläp başlady – diýip, «Türkmenawtoulaglary» agentliginiň saýty habar berýär. Goşunda «Awtoulag kärhanalarynyň birleşmesi» AGPJ tarapyndan badalga berildi. Taksi çagyrmak üçin diňe goşundyda barylmaly ýeriň anyk salgysyny girizmek ýa-da şäheriň kartasyndaky nokady saýlamaly. Programmanyň özi GPS-iň kömegi bilen ulanyjynyň ýerleşýän ýerini kesgitleýär we sürüjä müşderiniň koordinatalaryny habar berýär.

Intellektual eýeçilik: ösüşe iterýän güýç

Her bir adam zähmeti we aň-paýhas başarnyklary arkaly durmuşdaky ornuny tapyp, jemgyýet tarapyndan ykrar edilýär. Ynsanyň döredijilikli zehininiň we yhlasly zähmetiniň netijesinde döredilýän eserlerdir oýlap tapyşlar, edilýän açyşlar jemgyýetiň ösüşine kuwwatly itergi berýär. Adam aňynyň döredijilikli zähmetiniň netijesine intellektual eýeçilik diýilýär. Kanunçylyk ulgamy intellektual eýeçiligiň obýektlerini goramagyň serişdelerini kesgitleýär. Awtorlyk hukugynyň we söwda nyşanlarynyň patentleri şeýle serişdeleriň görnüşlerine degişlidir. Patentler adama öz oýlap tapyşlarynyň, döreden eserleriniň netijesinde jemgyýetde uly abraýa ýa-da maddy sylaga eýe bolmaga mümkinçilik berýär. Şunlukda, intellektual eýeçilik oýlap tapyjylardyr döredijilik adamlary bilen olaryň akyl zähmetiniň netijelerinden peýdalanýan giň halk köpçüliginiň arasynda bähbitleriň sazlaşygyny üpjün edip, döredijiligiň we innowasiýalaryň ösmegine ýardam edýär. Şeýle hem tutuş ykdysadyýetiň ösüşine güýçli täsirini ýetirýär.