Elektrik toguny geçirýän kösükli ekin

20 Iýun 2023
981

Şwed alymlary ýörite ergin bilen suwarylanda, noýbanyň kökleriniň superkondensator hökmünde elektrik toguny oňat geçirýändigini ýüze çykardylar. Bu ulgam öňkülere garanda, 100 esse netijeli bolup, ol ösümlikleriň ösmegine hiç hili päsgelçilik döretmeýär. Superkondensator — bu energiýanyň toplanmagyny üpjün edýän, şol bir wagtda arzan, ekologiýa taýdan arassa we ähmiýetli alternatiw energiýadyr.

Linýopingsk uniwersitetiniň organiki elektronika tejribehanasynyň alymlarynyň bu ylmy açyşy Ýelena Strawinidanyň ylmy işine esaslanýar. 2015-nji ýylda onuň topary PEDOT polimeriniň kömegi bilen bägül tikenlerinden geçýän elektrik zynjyryny, ondan hem tranzistor ýasadylar. 2017-nji ýylda bolsa polimeriň ýerine ETE-S oligomerini ulanyp, ösümliklerde elektrik togunyň toplanmagyna mümkinçilik aldylar. Ol synag birnäçe günden soň solan ösümliklerde geçirilipdi.

Çaryguly JAMMAÝEW,
Türkmen oba hojalyk institutynyň mugallymy.
Beýleki habarlar